Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

2018-nji ýylyň 17-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meseleleri, türkmenistanlylaryň abadan durmuşy, döredijilikli zähmeti üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy hem-de döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen, göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri işjeňleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berşi ýaly, Ahal, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda pagta ýygymy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şu güne çenli ýurdumyz boýunça jemi 1 million 99 müň 236 tonna “ak altyn”, şol sanda Ahal welaýatynda 231 müň 542 tonna, Mary welaýatynda 335 müň 914 tonna, Lebap welaýatynda 301 müň 555 tonna, Daşoguz welaýatynda 230 müň 225 tonna hasyl taýýarlanyldy.

Häzirki döwürde güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda ilkinji ösüş suwy tutulýar we maýsalar mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Şeýle hem sürüm işleri we ýaz ekişine ýerleri, tehnikany taýýarlamak çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen degişli işler alnyp barylýar. Olar täze ýyldan başlap gowaça, bugdaý, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek işlerine girişerler. Şu maksat bilen olara sebitlerde döredilen ýörite ýer gaznalaryndan ýer bölünip berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halk Maslahatynyň taryhy çözgütlerine laýyklykda, oba hojalygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelýändigini we ylmy taýdan esaslandyrylandygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pagta hasylyny ýokary hilli gaýtadan işlemegiň, ýerleri ekişe taýýarlamakda ähli agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow çagyryldy. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Sergä Türkiýäniň wekilçilikli düzümleriniň uly topary, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalarynyň we şereketleriniň 70-e golaýynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Sergide senagat pudaklary, oba hojalygy üçin enjamlar, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikasy hem-de elektronika enjamlary, mebeller, dokma önümleri, durmuş himiýasyna degişli serişdeler, parfýumeriýa we azyk senagatynyň önümleri hem-de beýleki harytlar görkezildi.

Onuň çäklerinde ýurdumyzyň telekeçileri we türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary azyk senagaty we ýyladyşhana hojalyklary üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary, metal gurnamalaryny we beýleki gurluşyk serişdelerini satyn almak üçin şertnamalary baglaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Onuň sazlaşykly ösüşi köpugurly uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirilýändigini äşgär edýär.

Netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän hem-de dürli ugurlarda birnäçe bilelikdäki wajyp taslamalary durmuşa geçirýän iri türk işewürleri bilen köpýyllyk gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Munuň özi Orta Aziýa, Orta we Ýakyn Gündogar sebitlerinde söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, sebitara hyzmatdaşlygyň täze ulgamynyň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda geçirilýän halkara sergileriň ähmiýeti bellenildi. Olar beýleki ýurtlar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýär. Şu görnüşdäki gatnaşyklary mundan beýläk-de ýokary derejede dowam etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu çäreleriň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu çäreleriň yzygiderli beýan edilmelidigini aýtdy hem-de wise-premýerler Ç.Gylyjowa we B.Abdyýewa bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew döwlet Baştutanymyza Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň geçjek ugrunyň umumy çyzgysy we onuň tehniki aýratynlyklary barada şekiller arkaly hasabat berdi. Bu ýoluň ugrunda tölegli terminallary, myhmanhanalary, awtoduralgalary we beýleki inžener-kommunikasiýa degişli desgalary bolan dynç alyş ýerlerini döretmek meýilleşdirilýär.

Taslama laýyklykda, umumy uzynlygy 600 kilometre, ini bolsa 34 metre barabar bolan bu ýol ýokary halkara ölçegler esasynda abadanlaşdyrylar. Onuň ugrunda tehniki hyzmat bölümleri, ýol hyzmat gulluklary göz öňünde tutuldy.

Milli Liderimiz ýurdumyzda ýol-ulag düzüminiň mümkinçiliklerini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan syýasaty durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze ulag ýolunyň ähmiýetini belläp, oňa sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzüminiň möhüm bölegi hökmünde garalmalydygyny, munuň bolsa Türkmenistanyň ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça eýeleýän ornuny kesgitleýändigini aýtdy. Munuň özi durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Gysga döwrüň içinde Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatlary bilen bir hatarda, özboluşly ulag-aragatnaşyk düzümine degişli desgalaryň gurluşygy we şolaryň ulanylmaga berilmegi babatda ýokary netijelere eýe boldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bol suwly Amyderýanyň üstünden geçýän täze häzirki zaman awtomobil we demir ýol köprüleri gurlup, ulanmaga berildi.

Soňky döwürde amala aşyrylan ähmiýetli taslamalaryň hatarynda Aşgabadyň döwrebap Halkara howa menzili, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty bar. Bular ýokary halkara ölçeglere doly kybap gelýär. Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň çekilmegi logistiki hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümi giňeltmäge, goňşy ýurtlaryň arasynda söwda dolanyşygyny, eksport we üstaşyr harytlaryň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de hödürlenilen taslama boýunça alnyp barylýan guramaçylyk işlerini makullap, wise-premýere ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gurluşyk we beýleki degişli işleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahaty ýurdumyzyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy H.Gurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol dürli pudaklarda we ulgamlarda statistiki seljerme işleriniň geçirilişi, şeýle hem milli statistika gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu ulgamda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Statistiki maglumatlary ýygnamak, gaýtadan işlemek we seljermek babatda dünýä tejribelerini, halkara kadalary we ülňüleri ornaşdyrmagyň esasynda döwlet statistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, hünärmenler üçin okuw sapaklaryny geçirmek, döwlet statistika gullugyny häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary bolup durýar.

2022-nji ýylda ählumumy ilat ýazuwyny we Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý gaznasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işlerine badalga berildi. Bu çäre BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi tarapyndan kabul edilen “2020-nji ýylda Ilat ýazuwynyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň Bütindünýä maksatnamasynyň” Kararnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, statistika ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny, bolup geçýän dürli durmuş we ykdysady özgerişleri, olar baradaky maglumatlary ýygnamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljermegiň hem-de umumylaşdyrmagyň kanunalaýyklygyny hemmetaraplaýyn we düýpli öwrenmek statistika ulgamynyň möhüm wezipesi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, statistika gullugy, birinjiden, ähli öwrenilýän ýagdaýlara toplumlaýyn häsiýetnama bermelidir, şolaryň arasynda bar bolan özara gatnaşyklary ýüze çykarmalydyr, şeýlelikde, bu ýagdaýyň öz ösüşinde haýsy derejä ýetendigine göz ýetirmäge hem-de baha bermäge mümkinçilik döretmelidir.

Ikinjiden bolsa, statistika edaralary bu ýagdaýlaryň ösüş tizligini jikme-jik öwrenmelidir, bolup geçýän üýtgemeleriň kanunalaýyklygyny ýüze çykarmalydyr we ylmy esasda olara degişli çaklamalary bermelidir. Munuň özi ýolbaşçylara jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen belli bir dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Statistika baradaky döwlet komitetiniň işini kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe bellikleri aýtdy. Şunda maglumatlary seljermegiň häzirki zaman statistiki usullaryny ulanmak we ornaşdyrmak babatda ylmy hem-de amaly işler alnyp barylmalydyr, barlaglary geçirmegiň umumy maksatnamalaýyn usullary taýýarlanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz statistika işi ulgamynda amala aşyrylýan çäreleri seljermegi, bu işlere ukyply hünärmenleri çekmegi tabşyrdy. Sanly ykdysadyýete, statistik maglumatlary ýygnamagyň, olary gaýtadan işlemegiň sanly ulgamyna geçmek, bu ugurda alnyp barylýan işlere talaby güýçlendirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Awtomobil ulaglary ministri O.Suhanow Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şol ýerde “Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga” laýyklykda, türkmen wekiliýeti “Lapis Lazuli” üstaşyr ulag geçelgesiniň işe girizilmegi we bu ugur boýunça ilkinji owgan harytlarynyň ýük kerwenini ugratmak dabarasyna gatnaşdy.

Sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan waka mynasybetli Hyratda guralan halkara maslahata Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Gani hem gatnaşdy. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň we onuň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň owgan halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän tagallalarynyň çäksizdigini belledi. Owganystan Yslam Respublikasynda öndürilen harytlaryň Türkmenistanyň üsti bilen beýleki ýurtlara ugradylmagy goňşy ýurt üçin ýokary derejedäki amatly ýagdaýy üpjün edýär.

Şu günler Owganystandan ugran üsti ýükli “kerwen” ýurdumyzyň çäkleri bilen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna ugur aldy. Goňşy döwletiň eksport harytlary bu ýerden deňiz geçelgesiniň üsti bilen Azerbaýjana we ondan soňra Gruziýanyň çäklerinden geçip, Türkiýä eltiler. Şeýlelikde, taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşi ilkinji ýüklerini üstünden geçirer. Ministr munuň üçin owgan halkynyň Türkmenistanyň hormatly Prezidentine bolan alkyşynyň çäksizdigini habar berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ministrlige degişli edaralarda paýdarlar jemgyýetlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda guraýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halklarymyzy gadymdan gözbaş alýan dostluk hem-de birek-biregi hormatlamak däpleriniň, ruhy we taryhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigine ünsi çekip, türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrülen bu wakanyň örän ähmiýetlidigini belledi.

Ulag ulgamynda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy netijesinde üstaşyr ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly ugurlar döredilýär. Munuň özi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertini üpjün etmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Milli Liderimiz Owganystan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň diňe bir türkmen-owgan däl, eýsem, sebit gatnaşyklarynyň berkidilmegine gönükdirilen giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek bilen, goňşy ýurtda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine ägirt uly goşant goşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz goňşy ýurduň deňhukukly hyzmatdaş hökmünde sebitleýin we halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine doly derejede gatnaşmagynyň zerurdygyny belläp, ministre şeýle taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Awtomobil ulaglary ministrliginiň dolandyryş ulgamyna hojalygy ýöretmegiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, degişli edaralary paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklibi, umuman, makullady hem-de ministre bu babatda degişli resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.

Maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl baýramy mynasybetli dekabr aýynyň aýlyk haklaryny, talyp haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny möhletinden öň tölemek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ministr ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynda şu ýylyň dekabr aýy üçin degişli tölegleriň doly geçirilendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iň şatlykly baýramlaryň biri bolan Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda watandaşlarymyzyň zähmet haklaryny, talyp haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny almagy netijesinde nurana baýramy agzybirlikde hem-de bolelinlikde toýlajakdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde kesgitlenen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işlere yzygiderli esasda seljerme we gözegçilik işleriniň amala aşyrylmalydygyny belläp, bu babatda ministrligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, hemmelere mähriban halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň, berkarar Watanymyzyň ykdysady taýdan gülläp ösüşiniň we halkara abraýynyň artmagynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi