Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine we döwlet durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy we oba hojalygynda özgertmeleriň dowam etdirilişi barada hasabat berdi.

Agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaý ýetişdirilýän meýdanlarda kadaly gögeriş alnan maýsalara ilkinji ösüş suwy tutulýar, azotly dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta ýygymy dowam edýär. Ähli ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin degişli çäreler görülýär, gymmatly çig maly pagta kabul ediş harmanhanalaryna bökdençsiz ibermek üpjün edildi. Şeýle hem tabşyrylan hasyl üçin oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen hasaplaşyklar geçirilýär.

Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütlerine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda daýhan birleşikleriniň sürümli ýerlerinden welaýatlarda oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznalary döredildi. Ondan paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere uzakmöhletleýin esasda ýer bölekleri bölünip berilýär.

Resminamalar taýýarlananda, umumy meýdany 118 müň gektara barabar bolan ilkinji gaznadan bölünip berlen ýerleriň 70 göterime golaýynyň şertnama esasynda bugdaý, gowaça we beýleki döwlet buýurmasyna girizilen oba hojalyk ekinleri üçin peýdalanyljakdygy aýratyn görkezilýär. Galan ýerlerde ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny geçirmek üçin beýleki ekinler ösdürilip ýetişdiriler. Ikinji gaznadan bölünip berilýän ýer bölekleri gök we bakja önümlerini, ýeralma, üzüm we ir-iýmiş ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir.

Şunlukda, ýörite ýer gaznasyndan bölünip berlen ýerlerde döwlet buýurmasy esasynda ösdürilip ýetişdirilýän önümleriň şertnamalaýyn borçnamadan artyk öndürilenini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, haryt öndürijiler bellenilen satyn alyş nyrhy boýunça döwlete tabşyryp ýa-da özünde saklap biler.

Häzirki döwürde ýokarda görkezilen şertlerde ýer böleklerini alan hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere iş ýüzünde kömek bermek maksady bilen, welaýatlara alymlar, tejribeli oba hojalykçy hünärmenler ugradyldy, olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ylym bilen önümçiligiň ýygjam arabaglanyşygyny üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýer eýelerine öňdebaryjy ylmy tejribäni we hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmak meseleleri boýunça maslahatlar bererler.

Mundan başga-da, oba hojalyk önümlerini öndürijileri höweslendirmek maksady bilen, 2019-njy ýyldan başlap bugdaýyň, gowaçanyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Daýhan birleşikleri we hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler we beýleki önüm öndürijiler on ýyla çeni möhlet bilen ýeňillikli karz serişdelerini alyp bilerler.

Şunuň bilen birlikde, Oba we suw hojalyk ministrligine degişli fermalaryň jaýlaryny olaryň gara mallary, dowarlary, düýeleri, guşlary bilen bilelikde tapgyrlaýyn esasda hususylaşdyrmak we olara bellenilen tertipde ýer böleklerini bermek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýlaryny gowulandyrmak, olary suwaryş suwy bilen üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyny özgertmek, ýurdumyzda obasenagat toplumynyň önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak babatda döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn çemeleşmäniň hem-de takyk utgaşykly hereketleriň zerurdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz güýzlük bugdaýyň maýsalaryna ideg edilende, ähli agrotehniki talaplaryň berk berjaý edilmeginiň wajypdygyny, munuň bolsa geljek ýylda ak bugdaýyň bereketli hasylyny almagyň möhüm şerti bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen “ak altynyň” iň soňky hanasyna çenli doly ýygnalyp alynmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň oba syýasatynyň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, oba hojalyk önümçiliginiň durnukly ösüşiniň ýola goýulmagyna, öndürilýän önümleriň möçberleriniň artdyrylmagyna, daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň telekeçilik başlangyçlaryna goldaw berilmegine gönükdirilendigini belledi.

Oba zähmetkeşlerine ägirt uly ýeňillikler berilýär, şol sanda ýerden peýdalanmak, tehnika, tohum, mineral dökünler, suwaryş suwy bilen üpjün etmek boýunça şertler döredilýär. Pudagyň zerurlyklary üçin häzirki zaman galla we pagta ýygýan kombaýnlar, traktorlar, beýleki tehnikalar hem-de enjamlar yzygiderli satyn alynýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Oba ýerlerinde önümçilik, ulag we durmuş düzümi ösdürilýär. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmeginde, daýhanlaryň abadançylyk derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagynda pugta binýat bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere oba hojalygyny toplumlaýyn özgertmek we pudaga täze ykdysady gatnaşyklary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz suw hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, hereket edýän suw howdanlaryny giňeltmek we täzelerini gurmak, beýleki gidrotehniki desgalary, şol sanda suw arassalaýjy desgalary gurmak, şeýle hem oba hojalygyna ýurdumyzyň tebigy howa şertlerini nazara almak bilen suwaryşyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak meselelerine möhüm üns bermek barada birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri A.Işanow ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, söwda ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. «EKSPO — 2020” Bütindünýä sergä taýýarlygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça BAE-niň Dubaý şäherine iş sapary guraldy. Ol ýerde 27 — 28-nji noýabrda bütindünýä sergä gatnaşyjylaryň üçünji taýýarlyk duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary–ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekiliýeti BAE-niň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet ministri, “EKSPO — 2020” halkara sergisiniň Baş komissary Rim Al-Haşimi bilen duşuşdy. Taraplar taýýarlyk işleri we “EKSPO — 2020” sergisiniň geçirilýän döwründe ýygjam hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşdylar. Şeýle hem sergä gatnaşmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar üçin bütindünýä serginiň geçiriljek ýerinde halkara derejedäki tanyşdyryş sapary guraldy. Türkmenistana bölünip berlen meýdanyň möçberi 1572 inedördül metre barabardyr.

Şeýle hem ministr hasabatynda türkmen wekiliýetiniň Kaire bolan iş sapary barada habar berdi. Ol ýerde Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür hökümetara toparynyň ikinji mejlisi we türkmen-müsür işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýeti Kairde bolmagynyň çäklerinde Müsüriň söwda we senagat ministri, maýa goýum we halkara hyzmatdaşlyk ministri bilen duşuşdy. Şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen Müsüriň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi.

Bu çäreleriň dowamynda köpugurly döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, dürli ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wezipeleri kesgitlendi. Hökümetara toparyň işiniň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bütindünýä sergä gatnaşmagynyň Türkmenistanyň ýeten derejesini dünýä bileleşigine äşgär etmek, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maksatnamalaýyn ösüş ugurlary, türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzyň tehnologiýalaryny, işläp taýýarlamalaryny, harytlaryny we hyzmatlaryň görnüşlerini daşarky bazara ugradylmagyny üpjün etmek üçin zerur mümkinçilikleri açýandygyny belledi. “EKSPO — 2020” gözden geçirilişi täze gatnaşyklary ýola goýmak, dürli pudaklar boýunça tejribe alyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek üçin netijeli çärä öwrüler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we öňde boljak foruma ýokary derejede milli sergi bölümini guramak babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Müsür Arap Respublikasy bilen özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň arap döwletleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda amala aşyrylýandygyny we onuň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň wajyp ugry bolup durýandygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberlerini azaltmak, ýurdumyzyň bazarlaryny dürli görnüşli ýerli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň söwda toplumynyň öňünde durýan wajyp meseleleriň hatarynda durýandygyny aýtdy.

Söwdanyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini we onuň halkara ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini, ilatyň abadançylygynyň we durmuşynyň ýeten derejesini görkezýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagy bazar gatnaşyklary şertlerinde mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Ýurdumyzyň bazarlarynyň zerur harytlar bilen üpjün edilmegi, daşary söwda dolanyşygynda importuň we eksportuň sazlaşygy, sebit we dünýä meýilleri nazara alnyp, çeýe eksport syýasatyny kemala getirmek maksady bilen daşary ýurtlaryň bazarlaryndaky ýagdaýy yzygiderli öwrenmek wajyp wezipeler hökmünde kesgitlendi.

Ministrligiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, oňa has döwrebap, täze usullary ornaşdyrmak, söwda-ykdysady toplum üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamyny ösdürmek boýunça birnäçe tabşyryklar berildi.

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.Kakabaýew göni aragatnaşyga çagyryldy. Ol milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, önümçilige halkara hil standartlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Gullugyň ýolbaşçysy önümleriň hiline, onuň kadalaşdyryş üpjünçiligine, olara baha beriş çäreleriniň tertipleşdirilmegine, ýola goýlan tehniki mümkinçilikleriň tassyk edilmegine dolandyryşyň guramaçylyk-ykdysady guralyny berkitmek boýunça zerur çäreleriň alnyp barylýandygyny, sarp edijileriň hukuklarynyň goragyna, mahabat guralynyň we halkara haryt dolanyşygynyň ösdürilmegine gönükdirilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öndürilýän önümleriň, harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiliniň hem-de howpsuzlygynyň barlagynyň dünýä tejribesinde umumy ykrar edilen hil standartyna laýyk gelmelidigini belledi.

Ýurdumyzyň kompaniýalary, kärhanalary we guramalary bazar ykdysadyýetiniň ösmegi bilen daşarky bazarlara çykýarlar. Bu bolsa olaryň öňünde täze iş şertlerini kesgitleýär. Bu meselelerde gullugyň we oňa degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça degişli çäreleriň amala aşyrylmagy zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu ugurda standartlaşdyrmagyň we güwälendirmegiň Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz bu işleriň öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, içerki bazarlary hili pes harytlardan we hyzmatlardan goramak, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bilen baglanyşykly birnäçe wezipeleriň çözülmegini şertlendirjekdigini aýtdy.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlara tehniki kadalaşdyryş barlagyny we degişli gözegçiligi üpjün etmek “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň esasy wezipeleridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, önümleriň hilini gowulandyrmak we ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk gelmegini üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna bu ugurda zerur işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy M.Annadurdyýewi çagyrdy. Ol ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, maýa goýum çäresini kämilleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamany amala aşyrmak ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bank-maliýe syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, milli manadymyzyň ornuny pugtalandyrmak üçin yzygiderli işler amala aşyrylýar. Munuň özi ykdysadyýetiň okgunly ösüşini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň maliýe bazarlaryndaky ýagdaýy yzygiderli öwrenmegiň zerurdygyny belledi. Onda häzir durnuksyz ýagdaý saklanýar. Bu bolsa halkara ykdysady gatnaşyklara ýaramaz täsir edýär. Daşarky çylşyrymly şertleri hasaba almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek, manadyň durnuklylygyny saklamak we ornuny berkitmek, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýagdaýlara uýgunlaşdyrmak üçin zerur çäreleri görmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktory M.Annanepesowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol türkmen halkynyň köpasyrlyk şöhratly däplerine laýyklykda, ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak we arassalygyny saklamak, häzirki döwürde bedewleriň dünýädäki şöhratyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň möhümdigini belläp, bu ugurda mundan beýläk-de degişli işleriň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Halkara derejedäki atçylyk sport çärelerini guramak işi dowam etdirilmelidir. Munuň özi behişdi bedewlerimiziň dünýä atçylyk sportunda mynasyp orun eýelemegine we ukyplarynyň doly açylmagyna mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we beýleki degişli hünärmenleri taýýarlamak hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerine möhüm üns berilmelidigini aýtdy.

Behişdi bedewlere bolan ägirt uly halkara gyzyklanmalary nazara alyp, mundan beýläk-de özara tejribe alyşmak, türkmen halkynyň ajaýyp atşynaslyk sungatyny giňden wagyz etmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň atçylyk assosiasiýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilmelidir. Ýurdumyzda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy hut şu maksada gulluk etmäge gönükdirilendir. Aşgabatda her ýylda onuň mejlisi geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Özüniň üýtgeşik gözelligi, çeýeligi we ýyndamlygy bilen gadymy döwürlerden bäri ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri häzirki döwürde hem milletiň bahasyz gymmatlygy bolup durýar. Asyrlaryň dowamynda pederlerimiz ajaýyp atlaryň ösdürilip ýetişdirilmegine aýratyn ähmiýet beripdirler. Olar türkmen halkynyň taryhynyň tutuş dowamynda wepaly syrdaşy bolupdyrlar. Häzirki döwürde asylly bedewler Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň, nesilleriň we taryhy tejribäniň arabaglanyşygynyň, beýik ýörelgeleriň, ýeňşiň, döredijilikli zähmetiň, ösüşiň belentliklerine bolan ynamyň nyşany bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ahalteke bedewleriniň tohumçylyk işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, arassa ganly bedewleriň saklanylmagyna we olaryň goraglylygyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady. Häzirki taryhy döwürde asylly milli ýörelgeler we atşynaslyk sungaty Türkmenistanda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly ylmy esasda ösdürilýär. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda ugurdaş düzüm döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde Ylmy-önümçilik merkezini gurmak we bu ýerde ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdebini açmak barada tabşyryk berendigini aýtdy. Bu ýerde pudak üçin ýokary hünärli işgärler taýýarlanylar. Halkara atçylyk sport toplumynyň ýakynynda ýerleşjek desgalar hakyky atşynaslyk toplumyny emele getirer. Munuň özi pudagyň hil taýdan täze derejä çykmagyna, dünýäniň atşynaslyk pudagyna goşulyşmagyna şert döreder.

Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň yhlasy bilen asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen ahalteke bedewleriniň syratly, türkmen tebigatynyň müň görnüşli, ajaýyp öwüşginli reňkini özlerine siňdirip, gözüň ýagyny iýip gelýän owadanlygy bilen tapawutlanýandygyna ünsi çekip, atçylyk sport toplumlaryndaky döwrebap enjamlardan netijeli peýdalanmagy, bu ugurda tohumçylyk-genetika işiniň hilini düýpli gowulandyrmagy talap etdi hem-de “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwletimiz mundan beýläk-de milli atşynaslygyň we atçylyk sportunyň ösdürilmegine, bu ugurda özara tejribe alşylmagyna we halkara hyzmatdaşlyga hemmetaraplaýyn goldaw berer. Ussat atşynaslaryň, seýisleriň, halypa çapyksuwarlaryň netijeli iş alyp barmagy üçin ähli zerur şertler dörediler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemledi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çykyş etdi, ol paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, Täze ýyly hem-de Halkara Bitaraplyk gününi mynasyp garşylamaga, baş şäherimiziň şaýollaryny we meýdançalaryny baýramçylyk keşbine girizmäge görülýän taýýarlyk işleri, öňde boljak şanly seneler mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak barada ýerine ýetirilen işler barada habar berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň gyş paslynda jemagat gulluklarynyň ähli düzümleriniň utgaşykly işini, ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde we çagalar baglarynda ýyladyş ulgamynyň bökdençsiz işini üpjün etmek babatynda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz ak mermerli Aşgabat şäherimiz iň gözel we ýaşamak üçin amatly, dürli ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmündäki derejesini barha pugtalandyrýar diýip belledi. Giň gerimli özgertmeler işine ýokary depgin berýän paýtagtymyz Türkmenistanda yzygiderli durmuşa geçirilýän bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilikli hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Munuň özi halkara derejeli iri forumlaryň hem-de türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy we häzirki döwürde gazananlary bilen ýakyndan tanyşmak isleýän daşary ýurtly myhmanlary mynasyp kabul etmek üçin ähli şertleriň döredilmegini talap edýär.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz iň ýakymly täsirleri galdyrmalydyr diýip, ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklar berdi. Mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, ilatyň ýaşamagy we zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek, ýaşaýyş jaýlarynda hem-de durmuş maksatly desgalarda ýyladyş, energiýa we gaz üpjünçilik ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi