Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan halkara maslahata gatnaşyjylara

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Hazaryň türkmen kenarynda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ulag ulgamy boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak ýurdumyzyň öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň biri bolup durýar. Sebäbi, häzirki döwürde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ählumumy durnukly ösüşiň esasy şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Ählumumy hojalyk gatnaşyklarynyň netijeliligine gös-göni täsir edýän bu ulgam dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistan bu ugurda anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň gerimli taslamalary amala aşyrýar.

Gysga döwürde gurlup, ulanmaga berlen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de durky täzelenen Serhetabat - Turgundy demir ýollary, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabatdaky hem-de welaýatlarymyzdaky döwrebap howa menzilleri, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty, ýokary tizlikli awtomobil ýollary we durmuşa geçirilýän beýleki ulag taslamalary Türkmenistanyň halkara ulag-aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Gadyrly halkara maslahata gatnaşyjylar!

Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda geografiýa taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkez hökmünde ähmiýeti barha artýar. Biziň ýurdumyz ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge gönükdirilen tutumly işleri üstünlikli amala aşyrýar.

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 14 — 15-nji noýabrynda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň VII maslahatynyň (RECCA VII) çäginde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Bu resminama halkara gatnaşyklarda Bitarap döwletimiziň ählumumy abadançylygy, rowaçlygy üpjün etmekdäki alyp barýan parasatly syýasatynyň möhüm netijesidir. Bu multimodal ulag geçelgesi Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň çäklerinden geçip, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder.

Hormatly adamlar!
Gadyrly dostlar!

Biziň öňe sürýän başlangyçlarymyz Türkmenistanyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyna, ýurdumyzda multimodal ýük daşamalarynyň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistika merkezlerini döretmäge ýardam eder. Bu bolsa gadymy Ýüpek ýoluny döwrebap dikeltmekde we ony netijeli peýdalanmakda uly ähmiýete eýedir.

Biziň ýurdumyzda geçirilýän bu halkara maslahat ulaglar ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly goşant goşar. Bu başlangyçlar ekologiýa taýdan amatly, howpsuz hem-de ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge, durnukly ykdysady ösüşi goldamaga, halkara hyzmatdaşlygy hem-de ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam berer.

Gadyrly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda geçirilýän ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu ýokary derejeli maslahatyň ulag ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde, özara tejribe alyşmakda örän möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn.

Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi