Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň täze gurulýan desgalarynda işleriň barşy bilen tanyşdy

2018-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary, şeýle hem iri desgalaryň birnäçesinde işleriň ýagdaýy we şäheri abadanlaşdyrmak, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de wagyz edijisi bolmak bilen bu babatda ildeşlerimize aýdyň görelde görkezýän döwlet Baştutanymyz öz endiklerine eýerip, ir bilen beden maşklaryny ýerine ýetirmek bilen meşgullandy, soňra Köpetdagyň etegi boýunça welosipedli ýöriş etdi.

Ýakymly güýz günleri, jana tenekar arassa dag howasy, täsin tebigy görnüşler ruhuňy göterýär, unudylmajak täsirleri galdyryp, ylham joşgunyny göterýär.

Milli Liderimiz welosipedde paýtagtymyzyň günorta tarapyna, saglyk ýolunyň başlanýan ýerine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşylady.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerleriň tebigy aýratynlyklaryna ünsi çekip, desgalaryň we heýkelleriň göwnejaý derejede saklanylmagy bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy, olar ýerli tebigy gözellikler bilen sazlaşykly utgaşmalydyr. Şonuň bilen birlikde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tebigatyň bu täsin künjeginde amatly ekologiýa ýagdaýynyň üpjün edilmeginiň möhümdigini belledi.

Aşgabat şäheriniň häkimine şeýle hem Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň bu ýerde oturdylan ýadygärligine gaýtadan seretmek barada tabşyryklar berildi.

Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz esasy döwlet nyşanynyň —Tugranyň goýuljak täze ýerini saýlap almak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy, ol uzak aralykdan hem görünmelidir.

Döwlet Baştutanymyz beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärligi gurmak işleriniň barşy bilen gyzyklanyp, şäher häkimine ony öz wagtynda tamamlamagy üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz welosiped sürmegini dowam edip, hemişe bolşy ýaly, ajaýyp beden sagdynlygyny görkezmek bilen, ýüzugra töweregiň gözelliklerini synlady, ýylyň şu döwründe bu ýerleri has-da ajaýyp. Güýz paslynyň säheri ýakymly howa gurşawyny emele getirip, dag etekleriniň ajaýyp özboluşlylygyny, altyn öwüşginli şekilleri döretdi. Ak mermerli paýtagtymyz dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň birine öwrüldi. Bu künjegiň ajaýyplygy, jana ýakymly howa gurşawy ynsan ruhuny göterýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady ösdürmegiň täzeçil maksatnamasynyň başyny başlaýjy bolmak bilen, tebigaty goramak strategiýasynyň wezipelerini ulgamlaýyn esasda çözmegiň zerurdygyny belläp, ekologiýa meselelerine örän uly üns berýär. Şunda Türkmenistanda ýaýbaňlanan agaç nahallaryny ekmek maksatnamasy möhüm şert bolup öňe çykýar. Şonuň durmuşa geçirilmegi esasynda paýtagtymyzda, onuň çäklerinde we tutuş ýurdumyzda köp sanly tokaý zolaklary döredildi. Howa ýagdaýyna amatly täsir edýän ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrýan “gök guşaklar” kemala gelýär.

Daşky gurşawy goramak we gözel tebigata aýawly garamak Türkmenistanyň Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler hem-de welosiped ýaly ekologiýa taýdan arassa ulagy peýdalanmagyň artykmaçlygy adamlaryň işjeň dynç almagy üçin mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilendir. Çünki welosiped sürmek adamlaryň saglygyna, özlerini duýşuna we keýpine oňyn täsir edýär.

Işiniň örän köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga wagt tapýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz işjeňligi netijesinde, soňky wagtlarda ýurdumyzda welosipedli ýöriş okgunly ösüşe eýe boldy. Welosiped sürüjileriň sany ýaşlaryň arasynda bolşy ýaly, uly nesliň wekilleriniň arasynda hem barha artýar.

Ýeri gelende aýtsak, sportuň bu görnüşiniň Türkmenistanda öňden gelýän taryhy bardyr. Welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti Aşgabatda 1894-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda hem türkmenistanlylar amatly we ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi hökmünde welosipedli ýörişlere işjeň gatnaşýarlar.

Bu giň gerimli işler iri sport çärelerini, bag ekmek möwsümlerini hem-de jemgyýetimizde sagdyn-durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine we kemala gelmegine, halkymyzyň, her bir raýatyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýleki çäreleri geçirmek başlangyjyny öňe sürýän hem-de şolaryň ruhlandyryjysy bolan döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň gözegçiliginde saklanylýar. Milli Liderimiz tarapyndan köpçülikleýin welosipedli ýörişler hem-de awtoulagsyz günler ýaly ajaýyp ýörelgeler ýola goýuldy, şolar jemgyýetde ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmegine ýardam edýär.

Şu ýyl şeýle hem “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen welosiped sporty boýunça okuw türgenleşiginde “Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin sapak” hökmünde täze dünýä rekordy goýlup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi, munuň özi degişli güwänama bilen tassyklanyldy. Şeýlelikde, türkmen paýtagty bu meşhur kitapda ýene orun aldy hem-de Watanymyzyň haýran galdyryjy üstünlikleriniň üstüni ýetirdi.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler halkara bileleşiginiň ählumumy ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolýar. Muňa milli Liderimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy hem şaýatlyk edýär, şu ýyl bu sene ýurdumyzda ilkinji gezek bellenildi.

Dünýäniň köp ýurtlarynda ählumumy derejede ilkinji gezek bellenilýän bu giň gerimli saglyk baýramçylygyna gabatlanyp çäreler guraldy. Bu waka Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişliginde ornunyň pugtalanýandygyny, döredijilik we parahatçylyk kuwwatynyň, netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşandynyň barha artýandygyny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz ýolugra paýtagtymyzyň bu böleginde gurulýan desgalaryň onuň binagärlik keşbine sazlaşmalydygyny belledi. Hususan-da, şäheriň yşyklandyryş ulgamynyň işledilişi bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen milli Liderimiz häkime hünärmenler bilen bilelikde degişli kadalary işläp taýýarlamagy hem-de elektrik energiýasyny rejeli sarp etmek maksady bilen, şeýle hem suw çüwdürimleriniň bökdençsiz işlemegi üçin olary kabul etmegi tabşyrdy. Sebäbi, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, munuň özi ýurdumyzyň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanylmagyna olary geljekki nesiller üçin gorap saklamaga hem-de tutuşlygyna ilatyň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyna, daşky gurşawy goramak wezipeleriniň oňyn çözülmegine ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalarynyň daşky görnüşiniň bezegine hem-de ýolagçylara häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän amatlyklaryň döredilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Çandybil we Bekrewe şaýollarynyň kesişýän ýerinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ýadygärligiň guruljak meýdançasynda aýlawly çatrygyň golaýynda saklandy. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew, şeýle hem “Buig Turkmen” kompaniýasynyň baş direktory Alekseý Reşow garşyladylar.

Şäher häkimi milli Liderimiziň garamagyna paýtagtymyzyň günorta bölegini mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalaryny hödürledi. Bu taslamalar göni aragatnaşyk arkaly duşenbe güni geçirilen iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz olar bilen tanşyp, anyk maslahatlary berdi hem-de degişli düzedişleri girizip, şunda gadymy milli binagärlik ýörelgeleriniň hem-de häzirki zaman öňdebaryjy tejribäniň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň esasy şert bolup durýandygyny belledi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky Kararnamasy mynasybetli bina ediljek ýadygärligiň taslamasynda halkymyzyň baý taryhy hem-de häzirki döwürde gazananlary öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmen topragy häzirki wagtda täze görnüşde gaýtadan dikeldilýän meşhur Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ýadygärligiň aýlanýan Ýer togalagy görnüşinde gurulmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýdyp, onuň türkmen halkynyň adamzat taryhynda galdyran öçmejek täsirini alamatlandyrmalydygyny belledi.

Taslama laýyklykda, ýadygärligiň günorta tarapynda Türkmenistanyň häzirki wagtda gazananlary, demirgazyk tarapynda bolsa ýurdumyzyň kartasy şekillendirilýär. Ýokardan seredilende ýadygärligiň görnüşi halkara geçelgeleriniň strategik ähmiýetli çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň häzirki zaman taryhyny çeperçilik taýdan şekillendirilişi görünýär. Aýlawly ýoluň ugrunda welosipedçileriň heýkelleri şekillendirilendir.

Ýadygärligiň bezeginde Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini alamatlandyrýan zeýtun baldajyklarynyň şekilleri ýerleşdirilýär. Ýer togalagynyň bir tarapynda nepis we ýüwrük ahalteke bedewleriniň bäşisiniň şekili ýerleşdirilipdir. Umuman, bu ýadygärlik saglygyň we uly üstünlikleriň ýurdy — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşini beýan etmelidir.

Paýtagtymyzyň özboluşly nyşanlaryň biri bolmak bilen bu ýadygärlik toplumy ýokary ruhy ylhamy, Türkmenistanyň döredijilik ruhuny, onuň umumadamzat ynsanperwerlik gymmatlyklaryna hem-de halkara sport hereketine ygrarlydygyny, ösüşiň we abadançylygyň ýolundaky okgunly hereketini beýan etmelidir diýip milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz sportda haýran galdyryjy üstünlikleri gazanýar. Muňa mysal hökmünde geçen ýyl uly üstünliklere beslenen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny hem-de şu ýyl guralan “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisini görkezmek bolar.

Tiz wagtda bolsa türkmen paýtagtynda ýene bir iri möçberli ýaryşlar — Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe adamyň gatnaşmagynda yzygiderli sport çärelerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bularyň ählisi, şeýle hem ýokarda agzalan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde abraýynyň barha belende göterilýändiginiň aýdyň mysallarydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimi milli Liderimize şenbe güni köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek baradaky haýyş bilen ýüz tutdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu başlangyjy makullap, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy, bu çäre türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy bolar.

Şäheriň bu künjeginde kaşaň myhmanhana gurulýar. Milli Liderimiz ähli ölçegler babatynda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän myhmanhana toplumynyň gurluşygynda gurluşyk we binagärlik ulgamynda toplanylan iň gowy tejribäniň peýdalanylmagynyň zerurdygyny belläp, desgadaky işleri bellenilen meýilnamalara laýyklykda alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Çandybil şaýoly boýunça welosipedli ýörişini dowam edip, Türkmenistanyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy — “Buig” fransuz kompaniýasyna ynanylan täze binalarda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimizi bu ugur boýunça Aşgabat şäheriniň häkimi ugratdy.

Döwlet Baştutanymyz iri hem-de uly ähmiýetli taslamalary öňe sürmek bilen, olaryň ulanylmaga berilmegine çenli gurluşyk işleriniň ähli tapgyrlaryny hut özi gözegçilikde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karara gol çekendigini ýatladýarys, resminama laýyklykda, “Buig” kompaniýasy bilen Çandybil şaýolunyň ugrunda Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň, ýokarda agzalan kaşaň myhmanhananyň, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň binalarynyň, şeýle hem Köpetdag şaýolunyň ugrunda Hökümet münberiniň taslamasyny düzmek we gurmak barada degişli şertnamalar baglaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz täze binalarda işleriň ýagdaýyny gözden geçirip, bu ýerde seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi barada işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz bina edilýän täze myhmanhana toplumynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, häzirki wagtda Aşgabat, hakykatdan-da, ählumumy we sebit hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrülendigini, bu bolsa halkara derejeli çäreleri geçirmek üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny kesgitleýändigini belledi. Täze görnüşinde dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan oňyn daşary syýasat ugry daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşini şertlendirýär hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň üznüksiz akymyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerinde saklanyp, fransuz hyzmatdaşlarymyzyň taýýarlan taslamalaryna garady.

“Buig Türkmen” kompaniýasynyň baş direktory Türkmenistanyň Prezidentine desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda peýdalanylýan gurluşyk serişdeleriniň, hususan-da, aýnanyň ulanylyşynyň aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenilen taslamalar babatynda birnäçe bellikleri aýdyp hem-de degişli düzedişleri girizip, peýdalanylýan gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilli bolmalydygyny hem-de Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri hasaba alnyp ulanylmalydygyny belledi. Edara binalary barada aýdylanda bolsa, olar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilmelidir, bu bolsa netijeli zähmet çekmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly göwnejaý, ygtybarly we owadan, uzak geljegi nazarlaýan binalaryň gurulmagynyň Aşgabatda we tutuş ýurdumyz boýunça durmuşa geçirilýän şähergurluşyk konsepsiýasynyň möhüm talaby bolup durýandygyny belläp, paýtagtymyzyň häzirki zaman dolandyryş-işewürlik merkezinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesini üpjün etmegi tabşyrdy hem-de hemmelere işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi