Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň mas­la­ha­ty

2018-nji ýylyň 20-nji oktýabry. Şu gün Mej­li­siň al­tyn­jy ça­gy­ry­ly­şy­nyň no­bat­da­ky üçün­ji mas­la­ha­ty bol­dy. On­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň tä­ze re­dak­si­ýa­sy­na we ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan bir­nä­çe ka­nun­lar we ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­lary ka­bul edil­di. Mas­la­ha­ta de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, şeý­le hem köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri ça­gy­ryl­dy.

“Ýer­le­riň me­lio­ra­si­ýa­sy ha­kyn­da­ky» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy par­la­men­ta­ri­le­riň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nil­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gyn­da giň öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar, ýa­ňy-ýa­kyn­da bo­lan Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de pu­da­gyň işi­ne tä­ze dep­gin be­ril­di.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän dur­muş-yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­syn­da oba­se­na­gat top­lu­my­ny ok­gun­ly ös­dür­me­giň, dür­li gör­nüş­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­niň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­gyň, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň mö­hüm şer­ti hök­mün­de ýer we suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Türk­me­nis­tan­da ýer­le­riň me­lio­ra­si­ýa­sy­na, şol san­da ekin meý­dan­la­ry­nyň su­wa­ryl­ma­gy­na, öri meý­dan­la­ry­nyň suw bi­len üp­jün edil­me­gi­ne we beý­le­ki gid­ro­teh­ni­ki des­ga­la­ryň — suw how­dan­la­ry­nyň, bent­le­ri­niň, suw gal­dy­ry­jy be­ket­le­riň gu­rul­ma­gy­na, şeý­le hem to­kaý go­rag zo­la­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne, suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­la­ýan, top­ra­gyň önüm­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýan öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Mu­ňa döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ho­wan­dar­ly­gyn­da gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan “Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­niň dö­re­dil­me­gi hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Zeý aka­ba­la­ry­nyň ta­kyk iş­le­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ekin meý­dan­la­ryn­dan duz­la­şan suw­lar bu kö­le ak­dy­ryl­ýar, mu­nuň özi bol­sa ýe­ras­ty suw­la­ryň de­re­je­si­niň pe­sel­me­gi­ne, ahyr­ky ne­ti­je­de bol­sa, ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gy­na, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na, ýer­li ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň baý­laş­ma­gy­na ge­tir­ýär.

Mun­dan baş­ga-da, dün­ýä­de iň uly säh­ra­la­ryň bi­ri bo­lan Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de eme­li kö­li dö­ret­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, tu­tuş se­bit­de eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň sag­dyn­laş­ma­gy­na ýar­dam edip, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly oňyn şert bo­lup dur­ýar.

Tu­tuş­ly­gy­na al­nan­da, bu­la­ryň hem­me­si ýer­ler­de me­lio­ra­si­ýa iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň hu­kuk, yk­dy­sa­dy we gu­ra­ma­çy­lyk esa­sy­ny kes­git­le­ýän ýo­kar­da ag­za­lan ka­nu­nyň wa­jyp­ly­gy­ny şert­len­dir­ýär hem-de bu ul­gam­da dö­re­ýän gat­na­şyk­la­ry saz­laş­dyr­ýar.

Soň­ra “Ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy de­pu­tat­la­ryň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­le­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ösü­şin­de ara­gat­na­şy­gyň we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­nyň hä­zir­ki ul­gam­la­ry­nyň bar­ha art­ýan or­ny bel­le­nil­di. Bu ul­ga­ma ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar we iň tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­lar yzy­gi­der­li, iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar. Hu­su­san-da, yk­jam ara­gat­na­şy­gy­nyň we in­ter­ne­tiň hyz­mat­la­ry­nyň sa­na­wy­ny gi­ňelt­mek, ola­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­ler gö­rül­ýär, şä­her we oba te­le­fon be­ket­le­ri döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar, olar mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da in­no­wa­si­ýa en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär. Gu­ra­ma­la­ryň, kär­ha­na­la­ryň, okuw mek­dep­le­ri­niň mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­nyň de­re­je­si ýo­kar­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da sim­siz ara­gat­na­şy­gyň dür­li gör­nüş­le­ri giň ula­ny­ly­şa eýe bol­ýar.

“Ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri ha­kyn­da» tä­ze Ka­nun Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri­ni peý­da­lan­ma­gyň do­lan­dy­ry­ly­şy­nyň, peý­da­la­ny­ly­şy­nyň we oňa gö­zeg­çi­lik edi­li­şi­niň hu­kuk esas­la­ry­ny kes­git­le­ýär. Ol ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da iş­le­ri yg­ty­ýar­lan­dyr­ma­gyň, ara­gat­na­şyk se­riş­de­le­ri­ni we hyz­mat­la­ry­ny gü­wä­len­dir­me­giň, Türk­me­nis­ta­nyň güm­rük ser­he­din­den ra­dioe­lekt­ron se­riş­de­le­ri­ni we ýo­ka­ry ýy­gy­lyk­ly en­jam­la­ry ge­çir­me­giň, şeý­le hem elekt­rik ara­gat­na­şy­gy ul­ga­my­nyň eýe­le­ri­niň we ara­gat­na­şyk hyz­ma­ty­nyň mil­li ope­ra­tor­la­ry­nyň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry saz­laş­dyr­ýan umu­my düz­gün­le­ri kes­git­le­ýän, ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk na­ma­la­ry­nyň üs­tü­ni dol­dur­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri Elekt­rik ara­gat­na­şy­gy­nyň hal­ka­ra bir­leş­me­si ta­ra­pyn­dan ýo­la goý­lan çäk­ler­dä­ki ra­dio­ýy­gy­lyk­la­ryň je­mi­dir. Olar ra­dioe­lekt­ron se­riş­de­le­ri­ni ýa-da ýo­ka­ry ýy­gy­lyk­ly gur­luş­la­ry iş­let­mek üçin peý­da­la­nyp bil­ner. Ra­dio­ýy­gy­lyk spekt­ri Türk­me­nis­ta­nyň mil­li se­riş­de­si­dir we şo­ňa gö­rä-de, ony re­je­li we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ze­rur­dyr.

“Dur­muş-zäh­met gat­na­şyk­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­mek bo­ýun­ça üç­ta­rap­la­ýyn to­par ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak­da gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip pi­kir al­şyl­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýy­lyň mart aýyn­da Mej­li­siň al­tyn­jy ça­gy­ry­ly­şy­nyň bi­rin­ji mas­la­ha­tyn­da çy­kyş edip, ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy bo­ýun­ça döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ka­nun­çy­lyk gol­da­wy­nyň äh­mi­ýe­ti­ne uly üns ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ola­ryň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ni par­la­men­tiň tä­ze dü­zü­mi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry hök­mün­de kes­git­le­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry ta­ra­pyn­dan dur­muş-zäh­met gat­na­şyk­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­mek bo­ýun­ça üç­ta­rap­la­ýyn to­pa­ry dö­ret­me­giň hem-de onuň işi­niň hu­kuk bin­ýa­dy­ny kes­git­le­ýän tä­ze ka­nun­çy­lyk tas­la­ma­sy taý­ýar­la­nyl­dy. To­pa­ryň dü­zü­mi­ne hö­kü­me­tiň we­kil­le­ri —Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te yg­ty­ýar­lan­dy­ry­lan döw­let eda­ra­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň we iş­gär­le­riň beý­le­ki we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­nyň, şeý­le hem iş be­ri­ji­le­riň hem-de te­le­ke­çi­le­riň yg­ty­ýar­ly we­kil­le­ri gir­ýär­ler.

Üç­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­ri ge­çir­mek, Türk­me­nis­ta­nyň zäh­met ka­nun­çy­ly­gy­na la­ýyk­lyk­da, ta­rap­la­ryň ara­syn­da Baş yla­la­şy­gy iş­läp taý­ýar­la­mak we ony bag­laş­mak; dur­muş-zäh­met gat­na­şyk­la­ry­nyň düz­gün­leş­di­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­mek; dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy ugur­la­ry bo­ýun­ça ta­rap­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni ut­gaş­dyr­mak; zäh­met gat­na­şyk­la­ry, iş üp­jün­çi­li­gi hem-de ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy ba­ba­tyn­da ka­nun­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny we beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ryny, döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça mas­la­hat­la­ry ber­mek; hal­ka­ra tej­ri­bäni öw­ren­mek, de­giş­li hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we beý­le­ki­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ama­la aşyr­mak to­pa­ryň we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýar.

Mun­dan baş­ga-da, mil­li par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da “Türk­me­nis­ta­nyň ad­mi­nist­ra­tiw hu­kuk bo­zul­ma­la­ry ha­kyn­da ko­dek­si­ne üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; «Türk­me­nis­ta­nyň kä­bir ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Fel­di­ýe­ger ara­gat­na­şy­gy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Türk­me­nis­ta­nyň kä­bir ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Türk­me­nis­ta­nyň Býu­jet ko­dek­si­ni tas­syk­la­mak we güý­je gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Sal­gyt­lar ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň bi­te­wi Ka­nu­ny­na goş­ma­ça­lar we üýt­get­me gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Bi­na­gär­lik işi ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Türk­me­nis­ta­nyň kä­bir ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Türk­me­nis­ta­nyň Ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak ha­kyn­da ko­dek­si­ne goş­ma­ça we üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Türk­me­nis­ta­nyň “Ene mäh­ri» di­ýen hor­mat­ly ady­nyň Düz­gün­na­ma­sy­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Türk­me­nis­ta­nyň Suw ko­dek­si­ne goş­ma­ça gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Mig­ra­si­ýa gul­lu­gy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na goş­ma­ça­lar we üýt­get­me gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da; “Türk­me­nis­ta­nyň kä­bir ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na üýt­get­me­ler gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy ha­kyn­da Ka­nun­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Mun­dan baş­ga-da kä­bir beý­le­ki me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Mej­li­siň al­tyn­jy ça­gy­ry­ly­şy­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty­nyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­ni­len ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry bi­ra­gyz­dan ma­kul­la­nyl­dy we ka­bul edil­di.

Mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry ýo­kar­da gör­ke­zi­len hu­kuk na­ma­la­ry­nyň Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­nyň üs­tü­ni ýe­ti­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy we de­mok­ra­tik ýol bi­len ok­gun­ly ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň oňyn çö­zül­me­gi­ne ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi