Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy –biziň mizemez agzybirlimiziň nyşanydyr

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan Milli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda ilkinji gezek döwlet derejesinde bellenýän bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň agzybirlik suprasynyň başynda jem bolan mähriban halkymyzy beýik işlere galkyndyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda gazanylýan ajaýyp üstünliklere buýsanç duýgularyny has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn!

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy mizemez agzybirligimizi, bitewüligimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, adalatly raýat jemgyýeti, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde Ýer ýüzünde belentden pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir. Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gymmatyny has-da artdyrmak we dabaralandyrmak, nesilleri watançylyk we belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasy bilen Baýdak meýdançasyny, şeýle hem welaýat merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli baýdak meýdançalaryny döretdik.

Biz Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününe — mähriban halkymyzda belent watansöýüjilik duýgusyny terbiýeleýän, raýatlarymyzy jebisleşdirýän hem-de döredijilik güýjüne ruhlandyrýan milli baýrama iň dabaraly seneleriň biri hökmünde aýratyn sarpa goýýarys. Bu ajaýyp baýrama gabatlanyp, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we bütin ýurt möçberinde eziz Watanymyzyň ösüşine, alyp barýan içeri we daşary syýasatymyza, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylýan oňyn özgertmelerimize, ykdysadyýetimiziň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagyna we senagatlaşdyrylmagyna gönükdirilen milli maksatnamalarymyzyň ähmiýetine bagyşlanan maslahatlar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär.

Eziz halkym!

Biz jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragyny kepillendirýän Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp, milli guwanjymyza öwrülen ýaşyl Tugumyzyň astynda Türkmenistanyň iň täze taryhyny döredýäris. Eziz Watanymyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine çykmagyna, ilkinji nobatda bolsa, halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarymyzy we özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. Ösen ykdysadyýeti, kämil syýasy ulgamy bolan demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň binýadyny barha berkidýäris. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň, iň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda ähli amatlyklary bolan has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, myhmanhana toplumlarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, çagalar baglarydyr orta mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, senagat kärhanalarynyň güýçli depginler bilen gurulmagy eziz Diýarymyzda ägirt uly üstünlikleriň we ösüşleriň gazanylýandygyny aýdyň tassyklaýar.

Biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden hem-de maksatlaryndan ugur alyp, oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Garaşsyz döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, dünýäniň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary yzygiderli giňeldýäris.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde ýörite Rezolýusiýalaryň kabul edilmegi, şeýle hem 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi biziň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimiziň dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär. Geljekde hem biziň iň beýik maksadymyz ösen demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň — berkarar Watanymyzyň dünýä ösüşindäki eýeleýän ornuny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmakdan ybarat bolar.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi