Türkmenistanyň Prezidenti durmuş maksatly täze desgalaryň toplumynyň açylyşyna gatnaşdy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli dabaralar dowam etdi. Bu ýerde, gün-günden gözelleşýän Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ajaýyp ak mermerli binalary hem-de zerur bolan döwrebap düzümi özünde jemleýän täze kaşaň desgalar toplumy peýda boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn paýtagtymyzda iki gatly kottežleriň hem-de üç we dört gatly ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň uly toplumy ulanmaga berildi. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň dolulygyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine ynanylandygy bellärliklidir. Ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Özleriniň önümçilik we hünär kuwwatyny ýylsaýyn artdyrmak bilen, häzirki wagtda türkmen telekeçileri dürli ugurlarda, şol sanda gurluşyk ulgamynda üstünlikli işläp, ähli babatda ýokary ussatlyk görkezýärler.

Täze ýaşaýyş toplumy Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi bilen sazlaşyp,Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşany hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň aýdyň miwesi bolup durýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar şol syýasatyň özenini düzýär. Soňky ýyllarda dünýä ölçegleriniň derejesinde ýaşaýyş jaý gurluşygy giň gerime eýe boldy. Türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmek milli Liderimiziň paýtagtymyzy ösdürmek baradaky maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeleriň esasy wezipesidir.

Ählihalk baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki desgalary ulanmaga bermek ajaýyp däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni milli senenamamyzyň şanly seneleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Bu baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda gurlan ýaşaýyş jaýlarynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň köpsanly maşgalalary jaý toýlaryny tutdular. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem şol desgalaryň iri buýrujylarynyň biri boldy.

Ir säherden dabaranyň geçirilýän ýerinde hakyky baýramçylyk hem-de ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi ýygnandylar. Dabara gatnaşýanlaryň arasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, köpsanly aşgabatlylar bar.

Bu ýere ýygnananlaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýar. Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar.

Ýaş türkmenistanlylar hem-de ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary baýramçylyk dabarasyna ajaýyp sowgat taýýarladylar. Çagalaryň ýerine ýetirmeginde şadyýan goşgular ýaňlanýar, soňra döredijilik toparlary köp öwüşginli aýdym-saz kompozisiýasy bilen çykyş edýär. Olarda gülläp ösýän Watanymyz, agzybir halkymyz hem-de milli Liderimiziň—Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri wasp edilýär.

Dabaranyň sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursady gelip ýetýär: hormatly Prezidentimiz goşgular bilen garşylan çagalar bilen bilelikde simwoliki derwezäniň ýanyna barýarlar we dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda däp bolan toý bagyny kesip, paýtagtymyzdaky durmuş maksatly täze desgalaryň toplumyny açýar. Şol pursat asmana dürli reňkli howa şarlary uçurylýar.

Düýn ulanmaga berlen täze desgalar bilen birlikde, Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyry ähli amatlyklar göz öňünde tutulan 72 öýli 12 gatly jaýlaryň 12-sini hem-de 48 öýli 12 gatly jaýlaryň 6-syny, söwda merkezleriniň 11-sini, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebi we 160 orunlyk çagalar bagyny birleşdirýär. Degişli inžener-aragatnaşyk we ýol-ulag düzümi göz öňünde tutuldy, zerur tehniki ulgamly täze ýollar çekildi.

Desgalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Täze desgalaryň amatlylygyna, ekologiýa we bezeg meselelerine uly üns berildi. Bu ýerde dynç almak üçin zolaklar, sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar we ýaşyl zolaklar göz öňünde tutuldy. Çagalar arassa howada oýnamak üçin ähli serişdeler bilen üpjün edilen çagalar meýdançalarynda öz wagtlaryny şadyýan geçirip bilerler. Işjeň dynç almagy halaýanlar üçin bolsa ýörite sport meýdançalary niýetlenendir. Jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin desgalar göz öňünde tutuldy. Şäheriň bu böleginde täze seýilgäh hem peýda boldy. Ony döretmekde bezegiň döwrebap tehnologiýalary ulanyldy.

Paýtagtymyzdaky täze ýaşaýyş toplumlarynyň ýene-de bir aýratynlygy binanyň her biriniň degişli belgisinden başga-da, onuň adynyň bardygy bilen baglanyşyklydyr. Şol atlary bolsa binalaryň ýokarsynda ýazylypdyr. Aşgabady ösdürmegi 15-nji tapgyrynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy boýunça gurlan belent ak mermerli binalar “Abadan Asuda”, “Parahat Watan”, “Bagtyýar zaman”, “Berk binýatly”, “Bilimli Ylymly”, “Buýsançly”, “Magdanly Mekanly”, “Mukamly”, “Baky Dursun”, “Bereketli”, “Eziz Diýar”, “Ajaýyp eýýam”, “Joşgunly”, “Döwletli Döwran”, “Paýhasly”, “Şan şöhratly”, “Melhem”, “Çeper eller” diýlip atlandyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde, “Eziz Diýar” hem-de “Ajaýyp eýýam” diýlip atlandyrylan köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna tarap ugraýar. Täze desgalaryň her biriniň öňünde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, artistleriň, sazandalaryň hem-de tans toparlarynyň köp öwüşginli çykyşlary ýaňbaňlandyrylýar.

Köp öwüşginli baýramçylyk dabarasynda nesilden-nesle geçirilip gelinýän milli däpler hem-de täze döwrüň ýörelgeleri sazlaşykly utgaşýar. Derwezäniň aňyrsynda walsyň jadylaýjy owazy ýaňlanýar we ajaýyp lybasly köpsanly tansçylar dünýäde iň meşhur tanslarynyň biri bolan walsy ýerine ýetirýärler.

Onuň garşysynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlarynyň döreden suratlary goýlupdyr. Meýdançanyň golaýynda estrada aýdymçylary Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzy, mähriban halkymyzy we Arkadag Prezidentimiziň beýik işlerini wasp edýän aýdymy ýerine ýetirýärler.

Ýaş skripkaçylaryň uly topary ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat baradaky sazy çalýarlar. Saz estafetasyny akkordeonçylar topary dowam edýär.

Ertekileriň we beýleki meşhur gahrymanlaryň lybasyna beslenen körpe tansçylar ruhubelentlik bilen çykyş edýärler. Olaryň arasynda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň gahrymany Wepaly atly alabaý saýlanyp dur. Türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi netijesinde, alabaýyň keşbi dünýäniň köp ýurtlarynda meşhurlyga eýe boldy. Şu günki baýramçylykda hem Wepaly çagalaryň üns merkezinde boldy. Körpeler onuň daşyndan şadyýan aýlandylar.

Ýaş sirk artistleri – žonglýorlar, gözbagçylar we beýlekiler ussatlygyny görkezýärler. Olaryň täsirli çykyşyna ulular hem, çagalar hem haýran galmak bilen syn edýärler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dabara gatnaşýan çagalar bilen barýan ýolunyň ugrunda gözelligi babatda deňi-taýy bolmadyk haly önümleriniň hem-de milli amaly-haşam sungatynyň täsin eserleriniň, uly bolmadyk heýkelleriň we keramiki önümleriň sergileri guraldy. Olar gadym döwürlerde ýaşap geçen, zehinli ussalar bolan ata-babalarymyz tarapyndan taýýarlanylan önümleriň nusgalaryny ýatladýar.

Şanly waka mynasybetli ýaş türkmen türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny taýýarladylar. Hut olar, geljekki Olimpiadalaryň gahrymanlary ýakyn ýyllarda abraýly halkara ýaryşlarynda ýurdumyzyň sport abraýyny goramalydyr.

Öz nobatynda, ýaş suratkeşler täze binalaryň öňünde döredýän suratlarynda şu taryhy güni, baýramçylygyň ajaýyp pursatlaryny, belent täze desgalary hem-de Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen binagärlik täsinliklerini beýan etmäge çalyşýarlar.

Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde özboluşly milli däp-dessurlar, myhmansöýerlik esasynda hakyky uly türkmen toýunyň özboluşly ruhy emele gelýär. Ýol ugrunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dabara gatnaşýanlar hem-de täze jaýlara göçüp baranlar mähirli mübärekleýärler. Bu baýramçylyk güni olaryň hemişe ýadynda galar. Myhmanlara toý pişmeleri hödür edilýär, hemme ýerde baýramçylyk gutlaglary ýaňlanýar.

Täze 72 we 48 öýli 12 gatly jaýlarda ýokary amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin ähli şertler döredildi. Olarda 3 we 4 otagly kaşaň öýler, şol sanda giň myhmanhana otaglary, amatly ýatakhanalar, döwrebap durmuş tehnikalary bilen üpjün edilen aşhanalar we beýleki otaglar ýerleşýär. Öýleriň otaglarynyň ählisi beýikdir. Binalaryň her birinde ýerasty awtoduralgalar bar, ýaşaýyş-durmuşyň ähli ulgamlary göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaý toplumyny gözden geçirmegi dowam edip, täze üç gatly “Şypaly” söwda merkezine baryp gördi. Onuň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk çykyşy ýaýbaňlandy. Merkeziň golaýynda täze maşgalanyň döredilmegi mynasybetli dabara ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda täze jaý toýlary köp halatlarda maşgala toýlary bilen bilelikde tutulýar.

Bu ýerden uzak bolmadyk ýerde ýaş suratkeşler surat çekmek bilen meşgullanýarlar. Döredijilige indi gadam basýan suratkeşleriň işleri paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň durmuşynda şanly wakalaryň biri boljak şu günki baýramçylygyň özboluşly beýany bolar.

Daş-töwerekde bolsa joşgunly tanslar hem-de aýdymlar ýerine ýetirilýär, türgenler çykyş edýärler. Gündogar başa-baş söweşiniň wekilleri hem-de ýaş gimnastikaçylar ussatlyklaryny görkezýärler. Olaryň golaýynda şadyýan çagalar dürli lybaslarda sahnajyklary ýaýbaňlandyrdylar.

Ýaşaýyş toplumlaryny gurmagyň taslamalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talaplaryny nazara almak bilen, adatça söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli desgalarynyň gurulmagyny hem göz öňünde tutýar. Munuň özi toplumlaryň ýaşaýjylaryna öýleri we maşgalalary üçin zerur bolan harytlaryň ähli görnüşlerine elýeterliligi üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze söwda merkezine barýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýaş işgärleriň biri mähirli mübärekleýär. Ol milli Liderimizi merkezde ýerleşdirilen harytlaryň görnüşleri bilen tanyşdyrýar.

Binanyň birinji gatynda supermarket ýerleşýär. Şol ýerde azyk önümleriniň we hojalyk harytlarynyň dürli görnüşlerini satyn almak bolýar. Olaryň esasy bölegi täze önümlerdir. Olaryň hatarynda, et, süýt, çörek önümleri, şol sanda berhizlik harytlar, süýji-köke önümleri, çagalar iýmiti, ýarmalar, pomidor goýaltmasy, maýonez, şerbetler, alkogolsyz içgiler we çaýlar, doňdurmalar we beýleki önümler bar. Alyjylara şeýle hem miweleriň, gök we bakja önümleriniň köp görnüşi hödürlenilýär.

Söwda merkezi bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň önüm öndürijileri tarapyndan çykarylýan harytlaryň görnüşleri hem-de hili, alyjylara medeniýetli hyzmat etmek üçiň döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Bu ýerde goýlan önümleriň ählisiniň türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilendigi bellärliklidir. Olar hil babatda daşary ýurtlaryň önümlerinden birjik-de pes durmaýar hem-de alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Munuň özi bolsa Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýsanjy bolup durýar. Hususy ulgamyň wekilleri gaýtadan işleýän we azyk senagaty ýaly pudaklary üstünlikli özleşdirip, ykdysadyýetiň bu möhüm ulgamynda hem-de halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmegiň beýleki ugurlarynda özleriniň kuwwatyny artdyrmagy dowam etdirýärler.

Supermarketde azyk önümleri bilen birlikde, durmuşda ulanylýan himiýa önümleriniň onlarça görnüşini – kir ýuwulýan serişdeleri, beýleki önümleri, hususan-da, awtoulaglary ýuwmak üçin niýetlenen serişdeleri hem-de salfetkalary we beýleki gigiýena serişdelerini satyn almak bolýar.

Umuman, bularyň ählisi milli senagat toplumynyň kuwwatynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda bu toplumda milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyna möhüm orun degişlidir.

Söwda merkeziniň ikinji gatynda mebel dükany, üçünji gatynda edara we iş otaglary ýerleşýär. Binanyň aşaky gaty tehniki we ammar jaýlary üçin niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly , bu gün türkmen önüm öndürijileriniň, şol sanda ykdysadyýetiň hususy pudagynyň wekilleriniň öňünde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, olaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, halkyň sarp edýän dürli harytlaryna alyjylaryň islegini kanagatlandyrmak boýunça möhüm wezipe durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwletimiziň geljekde hem senagat pudagyny höweslendirmek, ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygyny üpjün etmek maksadynda anyk çäreleri görjekdigini aýtdy.

Şol pursat “Bilimli – Ylymly” atly beýik ýaşaýyş jaýynyň öňünde däp bolan toý dessury – gelniň giýewiň öýüne gelmegi bilen bagly dessur ýaýbaňlandyrylýar. Täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp baranlaryň uly topary gelni aýdymlar we tanslar bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş toplumy bilen tanyşmagyň barşynda 12 gatly 72 öýli jaýdaky öýleriň birine baryp gördi, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy täze jaý eýeleri mähirli garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz öýe girip, maşgalany täze jaý toýy bilen mähirli gutlady hem-de täze öýde uzak we bagtyýar durmuş arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen söhbetdeşligiň barşynda öý bikesi bilim ulgamynda işleýändigini aýtdy we şunda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça bu ulgamda amala aşyrylýan hem-de oňyn netijeleri berýän düýpli özgertmeleriň wajypdygyny aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda bu ugurda görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde türkmenistanlylaryň ýaş nesli halkara ölçegleriniň derejesinde döwrebap bilim almaga, yzygiderli gözýetimini giňeltmäge, özleriniň ukybyny we zehinini ýüze çykarmaga mümkinçilik aldylar. Şunuň bilen baglylykda, öý bikesi hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ýaşlary barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletimiz mundan beýläk hem ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi hem-de mugallymlaryň we bu ulgamdaky beýleki hünärmenleriň netijeli işlemegi üçin zerur şertleri döreder. Bilimli, dürli hünärleri üstünlikli ele alýan ruhy taýdan baý ýaşlary terbiýelemek eziz Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadan geljeginiň kepilidir diýip, milli Liderimiz aýdýar. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler bu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şol özgertmeler bolsa täze taryhy eýýamyň ruhuna hem-de talaplaryna laýyk gelmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň hemişe belleýşi ýaly, mugallym dünýäde iň möhüm we asylly hünärleriň biridir. Mugallymçylyk käri bilen meşgullanýan adamlaryň üstüne örän jogapkärli wezipe—ösüp gelýän nesli terbiýelemek we okatmak, ýaşlarda bilim almaga bolan gyzyklanmany döretmek wezipesi ýüklenilýär. Kitap ähli döwürlerde, şol sanda biziň okgunly ösýän hem-de ýokary tehnologiýalar asyrymyzda-da bilimiň esasy çeşmesi bolmagynda galýar.

Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz myhmansöýer öý eýelerinden täze jaýda nähili ýerleşendiklerini sorady hem-de öýüň otaglarynyň ýerleşişi we üpjün edilişi bilen gyzyklandy.

Täze jaý eýeleri döwlet Baştutanymyza adamlar barada edýän ýadawsyz aladasy, ýurdumyzyň raýatlaryna şunuň ýaly ajaýyp jaýlary satyn almak üçin mümkinçilikleriň döredilendigi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň bähbidine ähli asylly başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdiler. Bu jaýlarda ähli zatlar hiliň we amatlylygyň ýokary ölçeglerine laýyk gelýär.

Halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak we abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ugurda geçirilýän ähli işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini belledi.

Milli Liderimiz şanly waka mynasybetli täze jaý eýelerine gymmat bahaly sowgatlary gowşuryp, olar bilden hoşlaşdy hem-de uly maşgala bagtyny arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ilatyň islegine we hajatlaryna laýyk gelýän amatly şäher gurşawyny döretmek paýtagtymyzda amala aşyrylýan uzakmöhletleýin şähergurluşyk konsepsiýasynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şonuň üçin Aşgabatda ýaşaýyş jaýlar bilen bir toplumda hökmany suratda bilim we mekdebe çenli terbiýeçilik edaralary gurulýar.

Ozal bellenilişi ýaly, paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 15-nji tapgyryna degişli taslama 600 orunlyk täze mekdebiň gurluşygyny öz içine aldy. Onda ýaş aşgabatlylaryň ýokary hilli bilim almagy, ruhy taýdan baý we beden taýdan sagdyn ösmegi, mugallymlaryň bolsa üstünlikli işlemegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Başlangyç synplar üçin hem-de dürli okuw derslerini, şol sanda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen okuw otaglary, döwrebap enjamlar hem-de aýdyň düşünje berýän gollanmalar bilen üpjün edildi. Mekdep okuwçylarynyň zähmet sapagy, şeýle hem bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin zerur bolan ähli zatlar göz öňünde tutuldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň okuw binalaryny gurmak baradaky taslamalaryň awtorlaryna bildirýän talabydyr.

Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň ygtyýarynda 160 orunlyk täze çagalar bagy bolup, bu ýerde çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, körpeleriň wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi , sazlaşykly ösmegi üçin ajaýyp şertler döredildi. Toparlaryň her birinde amatly ýatylýan otaglar, oýun oýnamak we bilim almak üçin giň we ýagty otaglar ýerleşdirildi. Saz öwrenmek hem-de çagalary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek üçin hem şertler göz öňünde tutuldy. Çagalar bagynyň abadanlaşdyrylan çäginde oýun meýdançalary guruldy, bu ýerde körpeler arassa howada dem almak üçin bellenen wagtyň dowamynda wagtyny şadyýan geçirerler.

Paýtagtymyzdaky täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň bu künjeginde ulanmaga berlen täze desgalar okgunly ösýän Aşgabadyň gözelligini has-da artdyrdy. Ak mermerli türkmen paýtagty ajaýyplygy bilen gündizine haýran galdyryp, gijesine suw çüwdürimleriniň dürli reňkde öwşün atýan şöhleleri, täsin binalaryň täsin bezegi, paýtagtymyzyň seýilgählerine, giň şaýollaryna hem-de meýdançalaryna şugla saçýan dürli reňkli çyralar bilen aýratyn keşbi döredýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen amala aşyrylýan deňsiz-taýsyz özgertmeleriň has-da ilerledilmegine saldamly goşant goşmak bilen, häzirki wagtda Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşany bolup durýar.

Şeýlelikde, şu günler paýtagtymyzda geçirilen binagärlik açylyş dabaralary milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda parahatçylygyň, döretmegiň we ösüşiň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urýan hem-de mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyny garşylamaga taýýarlyk görýän eziz Watanymyzyň täze taryhyna nobatdaky sahypany ýazdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi