Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakynda

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakynda Düzgünnama

UMUMY BÖLÜM

1. Şu Düzgünnama Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat Bitewi kanunyna, «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Täjirçilik banklary we bank işi hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip düzüldi hem-de Türkmenistanyň çäginde nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň tertibini düzgünleşdirýär, şeýle hem Türkmenistanyň banklarynyň (şahamçalarynyň) (mundan beýläk – banklar) Türkmenistanyň Merkezi bankynda (mundan beyläk – TMB) açylan aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasaplary boýunça hasaplaşyk amallaryny geçirmegiň kadalaryny kesgitleýär.

2. Şu Düzgünnama bilen, Türkmenistanda ulanylýan hasaplaşyk resminamalarynyň blankalarynyň görnüşleri, olary doldurmagyň we resmileşdirmegiň tertibi kesgitlenýär.

3. Daşary ýurt pulunda nagt däl hasaplaşyklaryň geçirilen ýagdaýynda, daşary ýurt pulundaky amallary geçirmegiň aýratynlyklaryny berjaý etmek bilen, hasaplaşyk resminamalaryna birmeňzeş talaplar bildirilýär.

4. Hojalygy alyp barýan edaralaryň (edara görnüşindäki taraplaryň we olaryň düzüm birlikleriniň) hususy, şonuň ýaly hem karz alan pul serişdeleri hökmany tertipde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda banklarda saklanmaga degişlidir. Olaryň nagt pul girdejileriniň ulanylmagy hyzmat ediji bank bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ylalaşylan bölegi we kassalaryndaky pul serişdeleriň maksatlaýyn, geçirilýän galyndylarynyň bellenilen çäk möçberleri muňa degişli däldir. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, hojalygy alyp barýan edaralaryň ähli hasaplaşyklary olaryň esasy işine hyzmat etmek boýunça hasaplarynyň üsti bilen geçirilýär.

5. Hojalygy alyp barýan edara hasaplaşyk amallaryny geçirmegiň kadalarynyň bozulandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

6. Eger kanunçylykda başgaça kesgitlenmedik we hasaplaşyklaryň ulanylýan görnüşi bilen şertlendirilmedik bolsa, nagt däl hasaplaşyklar bank hasaby hakynda şertnama ýa-da aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasaby hakynda şertnama esasynda açylan hasaplar boýunça banklaryň we/ýa-da TMB-niň üsti bilen amala aşyrylýar.

Pul serişdelerini banklaryň üsti bilen geçirmek boýunça hasaplaşyk amallary şu aşakdakylary ulanmak arkaly amala aşyrylyp bilner:

a) TMB-de açylan aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasaplaryny;

b) beýleki banklarda açylan aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasaplaryny;

ç) düzümine bir banka tabyn bolan edaralaryň arasyndaky hasaplaşyklaryň hasaby we şahamçanyň bankiçerki hasaplaşyk ulgamy boýunça aragatnaşyk hasaby girýän, bankiçerki hasaplaşyk ulgamynyň hasaplaryny.

7. Pul serişdeleriniň hasapdan aýrylmagy hasabyň eýesiniň görkezmesi boýunça ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda we/ýa-da bank bilen müşderiniň arasyndaky şertnamada göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, hasabyň eýesiniň görkezmesi bolmazdan amala aşyrylýar.

Eger-de bank bilen müşderiniň arasynda baglanyşylýan şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, pul serişdelerini hasapdan aýyrmak şu Düzgünnamanyň talaplaryna laýyk gelýän hasaplaşyk resminamalaryň esasynda, hasapda bar bolan pul serişdeleriniň çäklerinde amala aşyrylýar.

8. Elektron töleg resminamalaryny resmileşdirmegiň, kabul etmegiň, işläp geçmegiň we olary ulanmak arkaly hasaplaşyk amallaryny amala aşyrmagyň tertibi, şu Düzgünnama, TMB-niň kadalaşdyryjy namalary we maglumatlary goraýyş serişdelerini ulanmak arkaly elektron resminamalary alyşmagyň tertibini kesgitleýän, banklar bilen olaryň müşderileriniň arasynda baglanyşylan şertnamalar bilen düzgünleşdirilýär.

9. Töleýjiniň hasabyndaky pul serişdeleri oňa bildirilen talaplaryň ählisini kanagatlandyrmak üçin ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, serişdeleriň hasapdan aýrylmagy, olaryň gelşine görä, şu Düzgünnamanyň 33-nji bölüminde kesgitlenen nobaty boýunça amala aşyrylýar.

10. Hasabyň eýesiniň ondaky bar bolan pul serişdelerini ulanmaga bolan hukuklaryny çäklendirmäge rugsat edilmeýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir.

I Bölek. NAGT DÄL HASAPLAŞYKLAR

1-nji bap. NAGT DÄL HASAPLAŞYKLARYŇ GÖRNÜŞLERI WE OLARY ULANMAGYŇ TERTIBI

11. Şu bölüm bilen nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşleri we hasaplar boýunça nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň tertibi bellenilýär, şeýle hem hasaplaşyk resminamalarynyň blankalarynyň görnüşleri we olary doldurmagyň tertibi kesgitlenilýär.

12. Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylýar:

a) töleg tabşyryklary bilen hasaplaşyklar;

b) akkreditiw boýunça hasaplaşyklar;

ç) çekler bilen hasaplaşyklar;

d) inkasso boýunça hasaplaşyklar;

e) töleg talapnamalary-tabşyryklary bilen hasaplaşyklar;

ä) plastik kartlar bilen hasaplaşyklar.

13. Nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşleri Türkmenistanyň banklarynyň müşderileri, şeýle hem Türkmenistanyň banklary tarapyndan ulanylýar.

14. Nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşleriniň çäklerinde hasaplaşyklara gatnaşyjylar diýlip, serişdeleri töleýjiler we olary alýanlar (töletdirip alyjylar), şeýle hem olaryň hyzmat edýän banklary we aragatnaşykçy banklar hasaplanýar.

Nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşleri hasaplaşyklara gatnaşyjylar tarapyndan özbaşdak saýlanyp alynýar we olaryň öz kontragentleri bilen baglaşýan şertnamalarynda göz öňünde tutulýar.

15. Banklar müşderileriň şertnamalaýyn gatnaşyklaryna goşulmaýarlar. Banklaryň günäsi boýunça döränlerinden başga, serişdeleri töleýji bilen olary alýanyň arasyndaky hasaplaşyklar boýunça şikaýatlar, banklar gatnaşmazdan, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

16. Şu bölümiň talaplary banklaryň aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasaplary boýunça amallary amala aşyrmagyň tertibiniň nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşlerini ulanmaklyk bilen baglanşykly bölegine degişlidir we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gözegçilik wezipelerini ýerine ýetirýän we töletdirip almagy amala aşyrýan edaralar bolup durýan töletdirip alyjylar bilen serişdeleri hakykatda alýanlaryň arasynda, pul serişdeleriniň soňky görkezilenleriň peýdasyna töletdirip alynmagyndaky ýüze çykýan gatnaşyklara degişli däldir.

2-nji bap. HASAPLAŞYK RESMINAMALARY, OLARY DOLDURMAGYŇ, BERMEGIŇ, YZYNA ALMAGYŇ WE GAÝTARMAGYŇ TERTIBI

17. Banklar hasaplar boýunça amallary hasaplaşyk resminamalarynyň esasynda amala aşyrýarlar.

18. Hasaplaşyk resminamasy elektron ýa-da kagyz göterijidäki resminama görnüşinde resmileşdirilmek bilen:

  • töleýjiniň (müşderiniň ýa-da bankyň) pul serişdelerini öz hasabyndan aýryp, olary alýanyň hasabyna geçirmek hakynda görkezmesi;
  • serişdeleri alýanyň (töletdirip alyjynyň) pul serişdelerini töleýjiniň hasabyndan aýryp, alyjy (töletdirip alyjy) tarapyndan görkezilen hasaba geçirmek üçin görkezmesi bolup durýar.

19. Nagt däl hasaplaşyklar şu Düzgünnamanyň 12-nji bölüminde göz önünde tutulan görnüşlerde amala aşyrylanda, aşakdaky hasaplaşyk resminamalary ulanylýar:

a) töleg tabşyryklary;

b) akkreditiwler;

ç) çekler;

d) töleg talapnamalary;

e) inkasso tabşyryklary;

ä) töleg talapnamalary-tabşyryklary.

20. Kagyz göterijidäki hasaplaşyk resminamalary şu Düzgünnama 1, 14, 20, 23-nji goşundylarda görkezilen resminamalaryň blanklarynda taýýarlanylýar.

21. Hasaplaşyk resminamalarynyň blanklary çaphana usuly bilen ýa-da kompýuter enjamlary ulanylyp taýýarlanylýar.

22. Eger nusgasyny almak üýtgetmezden amala aşyrylan bolsa, hasaplaşyk resminamalarynyň blanklarynyň köpeldiji enjamlarda alnan nusgalaryny ulanmaga rugsat edilýär.

23. Hasaplaşyk resminamalarynyň blanklarynyň A-5 ölçegdäki kagyzda ýerleşdirilişi we sygymy saklanan ýagdaýynda, olar üçin bellenen görnüşlerden gyşarmalar 5 mm-den köp bolmaly däldir. Eger şu Düzgünnamada başgaça kesgitlenmedik bolsa, hasaplaşyk resminamalarynyň blanklarynyň arka tarapy doldurylman galdyrylmalydyr.

24. Kagyz göterijidäki hasaplaşyk resminamalary, hat ýazýan maşynlary ýa-da kompýuter enjamlary ulanylyp, gara reňkli harplarda doldurylýar Çekler gara (gök) reňkdäki syýa bilen ýa-da pastaly ruçka bilen elde, şonuň ýaly-da gara reňkli harplar bilen tehniki serişdeleri ulanyp doldurylýar. Hasaplaşyk resminamalaryndaky gollar gök reňkli syýa bilen ýa-da pastaly ruçka bilen goýulýar. Hasaplaşyk resminamalaryna basylýan möhür we möhürçe yzlary gök, ýaşyl ýa-da gyzyl reňkli bolmalydyr we anyk görünmelidir.

25. Hasaplaşyk resminamalarynda salgylaryň her biriniň manylaryny ýazmak üçin bellenen meýdançalar şu Düzgünnama 2, 15, 21, 24-nji goşundylarda san belgileri bilen görkezilendir.

Hasaplaşyk resminamalary doldurylanda salgylaryň söz we san manylaryny olar üçin bellenen meýdançalaryň çäklerinden çykaryp ýazmaga rugsat edilmeýär. Salgylaryň manylary kynçylyksyz okalmalydyr.

Gollar, möhürler we möhürçeler hasaplaşyk resminamalarynyň blankalarynyň olar üçin niýetlenen meýdançasynda goýulmalydyr.

26. Hasaplaşyk resminamalarynda manylarynyň doldurylyşy şu Düzgünnama 3, 16, 22, 25-nji goşundylarda görkezilen salgylar bolmalydyr.

Salgylarynyň manysy bolmadyk meýdançalar doldurylman galdyrylýar.

27. Kagyz göterijilerdäki hasaplaşyk resminamalarynda hapalamalara, bozup aýyrmalara we düzetmek üçin niýetlenilen suwuklyklaryň ulanylmagyna, şeýle-de, hem kagyz, hem elektron göterijilerdäki resminamalaryň hökmany salgylarynyň düzümine üýtgetmeleri girizmäge rugsat edilmeýär.

Hem kagyz, hem elektron göterijilerdäki hasaplaşyk resminamalarynyň hökmany salgylarynyň düzümini anyklaşdyrýan we/ýa-da düzedýän goşmaçalar, eger şeýle goşmaçalar ilkibaşky hasaplaşyk resminamasynyň gelip gowşan aragatnaşyk kanallary arkaly gelen bolsa, tölegi alyjynyň banky tarapyndan kabul edilýär. Eger ilkibaşky hasaplaşyk resminamasy boýunça pul serişdeleri maksady anyklaşdyrylmadyk serişdeleri hasaba almak boýunça hasaba girdeji edilen bolsa, kabul edilen goşmaça pul serişdeleri alyjynyň hasabyna girdeji edilende ýerine ýetirilýär. Ilkibaşky hasaplaşyk resminamasy boýunça pul serişdeleri alyjynyň hasabyna girdeji edilen ýagdaýynda bolsa, kabul edilen goşmaça ilkibaşky hasaplaşyk resminamasyna üýtgetme girizmezden gönüden-göni serişdeleri alyja berilýär.

28. Hasaplaşyk resminamalary hyzmat edýän banka bermek üçin, olaryň ýazylan gününi hasaba almazdan, on senenama gününiň dowamynda güýçlüdir.

29. Hasaplaşyk resminamalary banka hasaplaşyklara gatnaşyjylaryň ählisi üçin zerur bolan nusgada berilýär. Hasaplaşyk resminamasynyň ähli nusgalary bir meňzeş görnüşde doldurylmalydyr.

Hasaplaşyk resminamalarynyň ikinji we ondan soňraky nusgalary nusga geçiriji kagyzy, köpeldiji ýa-da kompýuter enjamlaryny ulanmak bilen taýýarlanyp bilner.

30. Hasaplaşyk resminamalary (çeklerden başga) olaryň birinji nusgasynda, gollaryň nusgalary we möhür yzy goýulýan kartoçkada görkezilen, hasaplaşyk resminamalaryna gol çekmäge hukugy bolan şahslaryň ikisiniň (birinji we ikinji) gollary we möhür yzy bolan ýagdaýynda banklar tarapyndan ýerine ýetirmek üçin kabul edilýär. Şahamçalaryň we wekilçilikleriň edara görnüşli tarapyň adyndan amala aşyrýan amallary boýunça resminamalara bu edara görnüşli tarapyň ygtyýarlandyran şahslary tarapyndan gol çekilýär.

Wezipe sanawynda baş buhgalteriň wezipesi ýa-da baş buhgalteriň wezipelerini ýerine ýetirýän başga bir şahsyň bolmadyk ýagdaýynda, hasaplaşyk resminamasynyň ikinji goluň goýulmagy göz öňünde tutulan meýdançasynda «göz öňünde tutulmadyk» diýen bellik edilýär.

Hususy telekeçileriň hasaplaşyk resminamalary banklar tarapyndan ýerine ýetirmek üçin, birinji nusgasynda, gollaryň nusgalary we möhür yzy goýulýan kartoçkada görkezilen bir goluň bolan ýagdaýynda, möhür yzsyz ýa-da eger, ol bar bolsa we agzalan kartoçkada görkezilen bolsa, möhür yzly kabul edilýärler.

Şahsy adamlaryň hasaplaşyk amallaryny resmileşdirmegiň tertibi şu Düzgünnamanyň 48-nji bölümine laýyklykda amala aşyrylýar.

31. Hasaplaşyk resminamalary banklar tarapyndan ýerine ýetirilmäge, olaryň pul möçberine bagly bolmazdan, kabul edilýär.

32. Hasaplaşyk resminamalary bank tarapyndan kabul edilende, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygy we şu bölüm bilen bellenen talaplara laýyklygynyň barlagy amala aşyrylýar. Türkmenistanyň kanunçylygy we şu bölüm bilen bellenen talaplara laýyk gelmeýän hasaplaşyk resminamalary kabul edilmäge degişli däldir.

Bank tarapyndan pul serişdelerini hasapdan aýyrmak hasaplaşyk resminamasynyň birinji nusgasynyň esasynda amala aşyrylýar.

33. Töleýjileriň hasaplaryndaky pul serişdeleri hasaba bildirilýän ähli talaplary kanagatlandyrmak üçin ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, pul serişdelerini hasapdan aýyrmak şu aşakdaky nobat boýunça geçirilýär:

  • birinji nobatda, ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak, alimentleri tölemek baradaky talaplary kanagatlandyrmak üçin hasapdan pul serişdelerini geçirmegi ýa-da bermegi göz öňünde tutýan resminamalar ýerine ýetirilýär;
  • ikinji nobatda hasapdan raýat-hukuk häsiýetli şertnamalar esasynda işleýän adamlara zähmet hakyny we işden çykylanda berilýän hemaýat pullaryny, awtorlyk galam haklaryny we işgärlere öwezini doluş töleglerini, şeýle hem olara deňleşdirilen tölegleri (şahsy adamlardan tutulýan tutumlaryň we geçirmeleriň ähli görnüşlerini, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirmeleri, pensiýa we kömek pullaryny tölemegi) tölemek üçin hasapdan pul serişdelerini geçirmegi ýa-da bermegi göz öňünde tutýan resminamalar ýerine ýetirilýär. Şunda zähmete hak tölemek üçin serişdeleriň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirmeleri we tutumlary gyradeň ölçeglerde tölemek bilen bir wagtda amala aşyrylýar;
  • üçünji nobatda karzdarlaryň hasabyň eýesine degişli emlägiň girew goýulmagy bilen üpjün edilen talaplaryny ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýan hasaplaşyk resminamalary girew goýlan emlägiň ýerlenilmeginden gelýän pul serişdeleriniň hasabyna ýerine ýetirilýär;
  • dördünji nobatda Türkmenistanyň býujet ulgamynyň ähli derejelerine we býujetden daşgary döwlet gaznalaryna tölegleri tölemegi göz öňünde tutýan resminamalar ýerine ýetirilýär;
  • bäşinji nobatda desgalaryň goragy, ýangyç-energetika önümleri üçin, şeýle hem banklaryň, hasabyň eýesine degişli emlägiň girew goýulmagy bilen üpjün edilen we edilmedik karzlary (ynanç karzlary) hem-de olaryň göterimleri boýunça tölegleri tölemegi göz öňünde tutýan resminamalar ýerine ýetirilýär;
  • altynjy nobatda pul serişdelerini hasapdan aýyrmak boýunça nobatlylygyň ýokarda getirilen toparlarynda göz öňünde tutylmadyk beýleki ugurlar boýunça tölegleri göz öňünde tutýan resmynamalar ýerine ýetirilýär.

Şunda, nobatlylygyň her bir topary boýunça senenama nobaty saklanýar. Senenama nobaty resminamanyň bank edarasyna gelip gowşan gününden ugur alnyp kesgitlenýär.

Ýerine ýetirilmedik hasaplaşyk resminamalary balansdan daşgary 9844-nji «Möhletinde tölenilmedik hasaplaşyk resminamalary» hasaby boýunça kartoteka ýerleşdirilýär.

34. Müşderiniň hasabynda serişdeleriň ýeterlik däldigi sebäpli tölenmedik we balansdan daşgary 9844-nji hasap boýunça kartoteka ýerleşdirilen töleg tabşyryklary töleýjiler, bank tarapyndan inkasso arkaly hasaplaşyklar tertibinde kabul edilen resminamalar (töleg talapnamalary, inkasso tabşyryklary) bolsa serişdeleri alýanlar (töletdirip alyjylar) tarapyndan yzyna alnyp bilner.

Ýerine ýetirilmedik hasaplaşyk resminamalary kartotekadan doly möçberde, bölekleýin ýerine ýetirilen hasaplaşyk resminamalary bolsa, galyndynyň möçberinde yzyna alnyp bilner.

35. Hasaplaşyk resminamalaryny yzyna almak, müşderiniň ýazmaça arzasy esasynda amala aşyrylýar. Arza, hasaplaşyk resminamasynyň belgisini, düzülen senesini, pul möçberini, serişdeleri töleýjiniň ýa-da alyjynyň (töletdirip alyjynyň) adyny goşmak bilen, yzyna almagy amala aşyrmak uçin zerur salgylary görkezip, iki nusgada düzülýär.

Arzanyň birinji nusgasyna hasaplaşyk resminamalaryna gol çekmäge hukugy bolan şahslar (şahs) tarapyndan gol çekilýär we möhüriň yzy bilen (bar bolsa) tassyklanylýar. Arza töleg tabşyryklary boýunça – töleýjä ýa-da töleg talapnamalary we inkasso tabşyryklary boýunça – serişdeleri alýana (töletdirip alyja) hyzmat edýän banka tabşyrylýar. Ikinji nusgasy bankyň bellikleri bilen, yzyna almak hakynda arzanyň kabul edilendiginiň tassyknamasy hökmünde müşderä gaýtarylyp berilýär.

Arzanyň birinji nusgasy:

  • töleg tabşyrygy yzyna alnan ýagdaýynda – bankda günüň resminamalaryna ýerleşdirilýär;
  • töleg talapnamalary we inkasso tabşyryklary yzyna alnan ýagdaýynda – serişdeleri alýana (töletdirip alyja) hyzmat edýän bankyň bellikleri bilen töleýjiniň bankyna iberilýär. Şunda, töleýjiniň banky yzyna alnan töleg talapnamalaryny we inkasso tabşyryklaryny görkezmek bilen, arzalaryň bellige alnyşyny ýöredýär.

36. Yzyna alnan töleg tabşyrygy banklar tarapyndan töleýjilere, inkasso boýunça hasaplaşyklar tertibinde kabul edilen hasaplaşyk resminamalary bolsa, olar töleýjilere hyzmat edýän banklardan gelenden soň serişdeleri alýanlara (töletdirip alyjylara) gaýtarylýar.

37. Müşderiniň hasaby ýapylan, şol sanda başga banka hyzmat edilmäge geçmegi bilen baglylykda ýapylan ýagdaýynda hasaplaşyk resminamalaryny balansdan daşgary 9844-nji hasap boýunça kartotekadan gaýtarmak şu aşakdaky tertipde amala aşyrylýar:

  • töleg tabşyryklary töleýjä gaýtarylýar.
  • inkasso boýunça hasaplaşyklar tertibinde banka gelen hasaplaşyk resminamalary birinji nusgasynyň arka tarapyna hasabyň ýapylan senesini görkezmek hem-de resminamanyň gaýtarylan senesini we bankyň möhürçesini goýmak bilen, serişdeleri alýanlara (töletdirip alyjylara) olaryň hyzmat ediji banky arkaly gaýtarylýar. Görkezilen ýazgylar ýapylýan hasaby alyp barýan jogapkär ýerine ýetirijiniň we bank edarasynyň baş buhgalteriniň (onuň orunbasarynyň) gollary bilen berkidilýär.

Töleýjiniň ýa-da serişdeleri alýanyň (töletdirip alyjynyň) ýerleşýän ýeri hakynda maglumatyň ýokdygy ýa-da alyjynyň (töletdirip alyjynyň) bankynyň ýatyrylandygy bilen baglylykda hasaplaşyk resminamalaryny gaýtarmak mümkin bolmadyk ýagdaýynda, olar hasaby ýapylýan müşderiniň hukuk resminamalary bilen birlikde, goşmaça maglumatyň alynýan pursadyna çenli, ýöne hukuk resminamalarynyň saklanmagy üçin bellenenden köp bolmadyk möhlete saklanmaga degişlidir.

38. Bank tarapyndan kabul edilen, ýöne ol ýa-da beýleki sebäplere görä ýerine ýetirilmedik hasaplaşyk resminamalary gaýtarylan ýagdaýynda, bankyň olary ýerine ýetirmäge kabul edendigini tassyklaýan bellikleri çyzylýar. Hasaplaşyk resminamalarynyň birinji nusgasynyň arka tarapynda gaýtarylyp berilmeginiň sebäbi hakynda bellik edilýär, gaýtarylan senesi, bankyň möhürçesi goýulýar, şeýle hem familiýalaryny görkezmek bilen, jogapkär ýerine ýetirijiniň we gözegçilik ediji işgäriň gollary goýulýar.

3-nji bap. TÖLEG TABŞYRYGY BILEN HASAPLAŞYKLAR

39. Töleg tabşyrygy hasabyň eýesiniň (töleýjiniň) oňa hyzmat edýän banka, belli bir pul möçberini serişdeleri alyjynyň şu ýa-da başga bankda açylan hasabyna geçirmek hakynda görkezmesidir. Töleg tabşyrygy, eger müşderi tarapyndan töleg tabşyrygynda başga möhlet görkezilmedik bolsa, hasaplaşyk resminamasynyň kabul edilen gününiň yzyndan gelýän iş gününden gijä goýulman bank tarapyndan ýerine ýetirilýär.

40. Töleg tabşyryklary bilen pul serişdeleriniň geçirilmegi:

a) harytlar, işler, hyzmatlar üçin;

b) ähli derejelerdäki býujetlere we býujetden daşary gaznalara;

ç) goýumlary /karzlary ýerleşdirmek/ gaýtarmak we olar boýunça göterimleri tölemek maksady bilen;

d) şahsy adamlaryň görkezmeleri boýunça ýa-da şahsy adamlaryň haýryna (şol sanda hasap açmazdan);

e) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki maksatlarda amala aşyrylyp bilner.

41. Töleg tabşyryklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harytlaryň, işleriň, hyzmatlaryň deslapdan tölenmegi ýa-da döwürleýin tölegleriň amala aşyrylmagy üçin ulanylyp bilner.

Döwürleýin tölegler amala aşyrylan ýagdaýynda, nobatdaky tölegiň möhletiniň gelip ýetmeginden öň kabul edilen töleg tabşyrygy balansdan daşgary 9872-nji «Dürli resminamalar we gymmatlyklar» hasabynda hasaba alynýar.

42. Töleg tabşyrygy 0401001 görnüşiň blankynda düzülýär (şu Düzgünnama 1-nji goşundy).

43. Eger Türkmenistanyň kanunçylygy we bank hasabynyň şertnamasy bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ähli müşderileriň töleg tabşyryklary bank tarapyndan töleýjiniň hasabyndaky pul serişdeleriniň galyndysynyň çäklerinde kabul edilýär.

Töleg tabşyrygy kabul edilende, hyzmat edýän bank onuň soňky nusgasyny, «Töleýjiniň bankyna geldi» meýdançasyna bankyň töleýjiniň hasabyny ýöredýän jogapkär ýerine ýetirijisiniň goly bilen, buhgalteriýanyň toparynyň belgisini we senäni görkezýär hem-de bankyň möhürçesini basyp, töleýjä gaýtaryp berýär.

Kabul edilen töleg tabşyrygy töleýjiniň hasabynda pul serişdeleriniň ýeterlik bolan ýagdaýynda, «Tölegiň möhleti» meýdançasynda görkezilen möhletlerde ýerine ýetirilýär.

44. Töleýjiniň hasabynda pul serişdeleriniň ýok ýa-da ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda (töleg tabşyrygynyň kabul edilen senesinde ýüze çykan beýleki talaplaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanşyklylykda), eger bank hasabynyň şertnamasy bilen hasaplaşyk resminamalaryny hasapda bar bolan pul serişdelerinden daşary tölemegiň şertleri kesgitlenmedik bolsa, töleg tabşyryklary balansdan daşgary 9844-nji hasap boýunça kartoteka ýerleşdirilýär. Balansdan daşgary 9844-nji hasap boýunça kartotekadaky hasaplaşyk resminamalaryny tölemek serişdeleriň gelşine görä, şu Düzgünnamanyň 33-nji bölüminde kesgitlenen nobata laýyklykda amala aşyrylýar.

45. Balansdan daşgary 9844-nji hasap boýunça kartotekadaky töleg tabşyryklarynyň bölekleýin tölenilmegine rugsat edilýär.

Töleg tabşyrygy bölekleýin tölenende bank 0402001 görnüşli memorial orderi ulanýar (şu Düzgünnama 4-nji goşundy). Ony taýýarlamagyň we doldurmagyň tertibi hasaplaşyk resminamalarynyň blanklaryny doldurmagyň umumy tertibine laýyk gelýär. Memorial orderiň blankynyň görnüşi, salgylaryň her biriniň manylaryny ýazmak üçin aýrylan meýdançalaryň belgilenişi hem-de olaryň beýany şu Düzgünnama 5, 6-njy goşundylarda görkezilýär.

Bölekleýin töleg üçin memorial order taýýarlananda onuň birinji nusgasyndan başga ähli nusgalarynda, «Bankyň bellikleri» meýdançada bankyň möhürçesi basylýar, ähli nusgalarynda sene, şeýle hem bankyň jogapkär ýerine ýetirijisiniň goly goýulýar. Şeýle hem, bölekleýin tölemek üçin memorial orderiň birinji nusgasy bankyň gözegçilik edýän işgäriniň goly bilen tassyklanylýar.

Bölekleýin tölenýän töleg tabşyrygynyň ähli nusgalarynyň ýüz tarapynyň ýokarky sag burçunda «Bölekleýin töleg» diýlip bellik edilýär. Töleg tabşyrygynyň arka tarapynda bankyň jogapkär ýerine ýetirijisi tarapyndan bölekleýin tölegiň tertip belgisini, memorial orderiň belgisini we senesini, bölekleýin tölegiň möçberini we galyndynyň möçberini görkezmek bilen, bölekleýin töleg hakynda ýazgy ýazylýar.

Töleg tabşyrygy boýunça bölekleýin töleg amala aşyrylanda, memorial orderiň birinji nusgasy bankda günüň resminamalaryna ýerleşdirilýär, memorial orderiň soňky nusgasy töleýjiniň şahsy hasabyndan göçürmä goşundy bolup hyzmat edýär. Töleg tabşyrygy boýunça soňky bölekleýin töleg amala aşyrylanda, memorial orderiň birinji nusgasy tölenilen töleg tabşyrygynyň birinji nusgasy bilen birlikde günüň resminamalaryna ýerleşdirilýär. Töleg tabşyrygynyň galan nusgalary memorial orderiň şahsy hasabyň göçürmesine goşulýan soňky nusgasy bilen bir wagtda müşderä berilýär.

46. Eger bank hasabynyň şertnamasynda başga möhlet göz öňünde tutulmadyk bolsa, bank töleýjiniň talap etmegi boýunça onuň banka ýüz tutanyndan soňky gelýän iş gününden gijä goýman, töleg tabşyrygynyň ýerine ýetirilendigi hakynda töleýjä habar bermäge borçludyr. Töleýjä habar bermegiň tertibi bank hasabynyň şertnamasynda kesgitlenilýär.

47. Tabşyryk boýunça serişdeleri täze salga ibermäge, ýagny hasaplaşyk resminamasynyň salgylaryny çyzmak arkaly alyjyny ýa-da onuň ýerleşýän ýerini üýtgetmäge ýol berilmeýär.

ŞAHSY ADAMLARYŇ WE HASAPLARY ÝOK ŞAHSLARYŇ GÖRKEZMELERI BOÝUNÇA TÖLEG TABŞYRYKLARY BILEN HASAPLAŞYKLAR

48. Banklar şahsy adamlaryň we özlerinde hasaby bolmadyk şahslaryň (edara görnüşli taraplaryň we şahsy adamlaryň) görkezmeleri boýunça beýleki banklara pul serişdelerini geçirmek üçin töleg tabşyrygyny ulanýarlar (şu Düzgünnama 1-nji goşundy).

Ýokarda görkezilen hasaplaşyklara, Türkmenistanyň banklary tarapyndan üstaşyr hasaplar arkaly, şol sanda şahsy adamlaryň görkezmeleri boýunça amala aşyrylýan hasaplaşyklar degişlidir. Hasaplaşyk amallary, müşderi tarapyndan pul serişdelerini geçirmek üçin hasaplaşyk resminamasy berlen ýagdaýynda, bank tarapyndan teklip edilýän şertlerde (töleglilik we möhletlilik) amala aşyrylýar.

Şahsy adamlaryň doldurmagy üçin niýetlenen hasaplaşyk resminamasynyň görnüşi, onda serişdeleri geçirmek üçin banka zerur bolan ähli salgylary görkezmek bilen, Türkmenistanyň banklary tarapyndan özbaşdak taýýarlanyp biler.

BANKLAR TARAPYNDAN AKSEPTLENEN TÖLEG TABŞYRYKLARY BILEN HASAPLAŞYKLAR

49. Banklar tarapyndan akseptlenen töleg tabşyryklary (mundan beýläk – tabşyryklar) şu aşakdaky ýagdaýlarda ulanylýar:

a) poçta arkaly amala aşyrylýan pul geçirmeleri, poçta bukjalarynyň iberilmegi, niýetlenilen tölegleriň tölenilmegi üçin aragatnaşyk ministrliginiň kärhanalary bilen hasaplaşyklarda;

b) ýükleriň, ýolagçylaryň we olaryň goşlarynyň daşalandygy üçin ulag guramalary bilen bir gezeklik hasaplaşyklarda.

50. Müşderiniň tabşyrygy, pul möçberi 742-nji «Akseptlenen töleg tabşyryklary we hasaplaşyk çekleri» aýratyn balans hasabynda deponirlenen ýagdaýynda, bank tarapyndan akseptlenýär.

Bank edarasy tarapyndan akseptlenen tabşyrygyň pul möçberine, tabşyrygy ýazan töleýjä bildirilýän şikaýatlar boýunça tussag etmeklik girizilip we töletdirip almak ulanylyp bilinmez.

Bank tabşyrygyň akseptindäki galp ýazgy üçin jogapkärçilik çekmeýär.

51. Akseptlenen tabşyryk tölege diňe doly möçberinde kabul edilip bilner. Akseptlenen tabşyrygyň pul möçberinden nagt pulda gaýtargy almak we olary nagt pula çalyşmak gadagandyr.

52. Akseptlenen tabşyryklar kabul edilende, bank tabşyrygyň arka tarapynda olary tölege kabul eden kärhananyň kabul edip alan senesini görkezip basylan möhürçesiniň bardygyny gözden geçirmelidir.

53. Hasaplaşyklaryny bankyň akseptlän tabşyryklary bilen geçirmek isleýän töleýji, tabşyrygy öz hyzmat edilýän bank edarasyna akseptlemek üçin üç nusgada tabşyrýar. Tabşyrygyň birinji iki nusgasy gollar we möhür bilen resmileşdirilmelidir.

54. Ýerine ýetirmek mümkinçiligi we tabşyrygyň resmileşdirilişiniň dogrulygy barlanandan soňra, onuň pul möçberi bank edarasy tarapyndan tabşyrygyň birinji nusgasynyň esasynda töleýjiniň hasabyndan aýrylýar we 742-nji hasapda deponirlenýär.

Ýerine ýetirmek üçin kabul edilen tabşyrygyň birinji iki nusgasynda («Bank tarapyndan 20__-nj_ ýylyň ____________ aýynyň __ geçirildi» salgysynda) akseptiň senesi doldurylýar, ondan aşakda bank edarasynyň akseptlemäge ygtyýarlandyrylan iki işgäriniň goly ýerleşdirilýär.

Tabşyrygyň ikinji nusgasy bank edarasynyň gerbli möhüri ýa-da şu maksat üçin niýetlenilen möhüri bilen tassyklanylýar we töleýjiniň, gol nusgasy tabşyrygyň ýazgysynda berlen, ynanylan şahsyna tabşyrygyň birinji nusgasynda gol çekdirilip berilýär. Zerur bolanda, bank tabşyrygy alyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny barlaýar. Akseptlenen töleg tabşyrygynyň üçünji nusgasy hasapdan göçürme bilen birlikde, bank hasabynyň şertnamasy bilen kesgitlenen möhletlerde töleýjä berilýär.

55. Aragatnaşyk kärhanalary we ulag guramalary pul geçirmelerini iberijilerden kabul edilen akseptlenen tabşyryklary öz hyzmat ediji bankyna tabşyrýarlar, şeýle hem şu Düzgünnama 7-nji goşundyda görkezilen töleg tabşyryklarynyň sanawynda inkassator torbalary arkaly iberýärler. Munuň üçin «çekleriň», «çek berijileriň» we «çekleri» sözleri degişlilikde «töleg tabşyryklarynyň», «töleýjileriň» we «töleg tabşyryklaryny» diýen sözler bilen çalyşylýar.

Çekleriň sanawynyň blankynyň görnüşi, salgylaryň her biriniň manylaryny ýazmak üçin aýrylan meýdançalaryň belgilenişi hem-de olaryň beýany şu Düzgünnama 8, 9-njy goşundylarda görkezilýär.

56. Sanaw banka iki nusgada berilýär, eger-de töleýjileriň hasaplary dürli bank edaralarynda ýöredilýän bolsa, sanaw töleg tabşyrygyny akseptlän her bir bank edarasy üçin aýratynlykda üç nusgada düzülýär.

57. Nädogry resmileşdirilmegi, depozitiň möhletiniň geçmegi netijesinde ýa-da başga sebäplere görä kabul edilmedik akseptlenen tabşyryklar sanawdan onuň jemini düzetmek bilen aýrylýar we sanawy beren kärhana gaýtarylýar.

58. Ulanylmadyk akseptlenen tabşyrygyň pul möçberi ony akseptlän banka öň akseptlenen töleg tabşyrygynyň ikinji nusgasy bilen birlikde berlen tabşyryk boýunça töleýjiniň hasabynda dikeldilýär.

59. Depozitiň möhletiniň aňrybaş çägi bolan, akseptlenen gününden soňra bir aýyň dowamynda akseptlenen tabşyryk tölemek üçin berilmedik ýagdaýynda, bu tabşyrygyň pul möçberi 742-nji hasapdan müşderiniň esasy işine hyzmat etmek boýunça hasabyna geçirilýär.

HOJALYGY ALYP BARÝAN EDARALARYŇ YGTYÝARLANDYRYLAN ŞAHSLARYNA SERIŞDELERIŇ GEÇIRILMEGINDE TÖLEG TABŞYRYGY BILEN HASAPLAŞYKLAR

60. Ygtyýarlandyrylan şahslara serişdeleri geçirmek üçin tabşyryklar bellenen tertipde şu Düzgünnama 1-nji goşunda laýyklykda blanklarda resmileşdirilýär.

Ygtyýarlandyrylan şahs hojalygy alyp barýan edaranyň ikinji goly çekmek hukugy berlen wezipeli adamy bolan ýagdaýlarynda, serişdeleri ygtyýarlandyrylan şahsa geçirmek üçin tabşyryklar ýerine ýetirmäge kabul edilmeýär.

Eger pul geçirmegiň şertlerinde ygtyýarlandyrylan şahsa nagt pul bermegiň gadaganlygy göz öňünde tutulan bolsa, bu barada tabşyrygyň ýazgysynda görkezilýär.

61. Pul geçirmelerini alýan şahslaryň bankynda gelýän pul möçberleri 744-nji «Iberilen pul serişdeleriniň tölenilmedikleri» balans hasabynda hasaba alynýar.

Ygtyýarlandyrylan şahslaryň hasabyna serişdeleri girdeji etmek üçin esas bolup hyzmat edýän tabşyryk geçirilen pullary alýanyň şahsy hasaby bilen günüň resminamalaryna çatylýar.

62. Ygtyýarlandyrylan şahslaryň hasabyna diňe ygtyýarlandyrylan şahslaryň özlerine ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirmegi üçin olary iş saparyna iberen hojalygy alyp barýan edaralar tarapyndan geçirilen pul möçberleri girdeji edilip bilner.

Gaýry geçirmeler we tölegler gelen ýagdaýynda, olar haýal etmän pul serişdelerini iberijiniň hasabyna yzyna iberilýär.

63. 744-nji hasapdan nagt pullaryň tölenilmegi we nagt däl geçirmeler amala aşyrylyp bilner. Bu hasap boýunça amallaryň aýratyn häsiýetini göz önünde tutup, bank edaralary her bir aýratyn ýagdaýda nagt pul almak üçin talapnamalaryň esaslydygyna we nagt däl görnüşde hasaplaşmagyň mümkinçiligine garamalydyr.

64. Ygtyýarlandyrylan şahslara pul bermek, bankda ygtyýarlandyrylan şahslaryň özleri tarapyndan doldurylýan çykdajy kassa orderleri (şu Düzgünnama 10-njy goşundy) boýunça geçirilýar. Ygtyýarlandyrylan adam tarapyndan puly almak hukugynyň başga adama ynanylmagyna rugsat edilmeýär.

Nagt pullary bermeklik şu aşakdaky maksatlar üçin amala aşyrylýar:

a) iş hakyny tölemäge we nagt däl geçirmeler arkaly amala aşyrylyp bilinmejek hojalyk, amal hem-de beýleki çykdajylary tölemäge;

b) eger berlen sebitde taýýarlaýyş işlerini alyp barmaga hukuk berýän degişli resminama banka berilse, önümleri taýýarlamak boýunça ilat bilen hasaplaşyklara hem-de ýükleri gaplamak we ibermek boýunça şu taýýarlaýyşlar bilen baglanyşykly beýleki çykdajylara;

ç) eger şeýle hasaplaşyklar nagt däl geçirmeler arkaly amala aşyrylyp bilinmejek bolsa, işçi güýjüni guramaçylykly toplamaga çykdajylar üçin. Şunda bank serişdeleriň maksatlaýyn ulanylmagyna gözegçiligi amala aşyrýar;

d) esasy guramanyň ýerleşýän ýeriniň daşynda ylmy, taslama-seljeriş, geologiýa-gözleg, gurnaýyş, synag, sazlaýyş, surata alyş işlerini we beýleki işleri ýerine ýetirýän gözleg-barlag ýa-da işgärler toparlaryna ýolbaşçylyk edýän, ygtyýarlandyrylan şahsa hem-de bellenen tertipde guralan türgenler we aýdym-saz toparlaryna ýolbaşçylyk edýän, ygtyýarlandyrylan şahslara iş saparlaryna we meýdan çykdajylary üçin.

65. Ygtyýarlandyrylan şahslaryň nagt däl hasaplaşyklary tabşyryklar esasynda amala aşyrylýar we serişdeleri ygtyýarlandyrylan şahslaryň hasaplaryndan hojalygy alyp barýan edaralaryň diňe hasaplaşyk we gündelik hasaplaryna geçirmek tertibinde amala aşyrmaga rugsat edilýär.

Ygtyýarlandyrylan şahslaryň serişdeleri beýleki ygtyýarlandyrylan şahslaryň hasabyna geçirmegine rugsat edilmeýär.

66. Ygtyýarlandyrylan şahslaryň hasaplaryndan her gezek nagt pullar tölenende ýa-da serişdeler geçirilende, bank geçirmäni alyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny barlaýar we çykdajy kassa orderinde ýa-da tabşyrygyň arka tarapynda bu barada degişli bellikler edýär. Geçirmäni alyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalary pasporty ýa-da onuň ornuny tutýan resminamadyr.

Ygtyýarlandyrylan şahslar tarapyndan 744-nji hasapdan pul alnanda ýa-da serişdeler geçirilende, pasport bilen birlikde onuň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan resminama görkezilýär. Ygtyýarlyklaryny tassyklaýan resminamalara iş sapary şahadatnamasy, ygtyýarlyklaryny tassyklaýan ynanç haty, ýol listleri we ýokarda durýan guramalaryň gollary we möhüriniň yzy bilen tassyklanyp, degişli tertipde resmileşdirilen beýleki resminamalar degişlidir. Bu ygtyýarlandyrylan şahslar banka birinji gezek ýüz tutanlarynda, amal işgäri geçirme boýunça şahsy hasapda ýa-da geçirmäni hasaba girdeji etmek üçin esas bolup hyzmat eden resminamada, ygtyýarlyklary tassyklaýan resminamanyň senesi, belgisi hakynda bu resminamanyň kim tarapyndan we haýsy möhlete berlendigini görkezip bellik edýär. Bellik baş buhgalteriň ýa-da onuň orunbasarynyň goly bilen tassyklanýar.

67. Ygtyýarlandyrylan şahsa iberlip, alnan gününden ýa-da iň soňky tölegiň senesinden soňra iki aýyň dowamynda talap edilmedik geçirme, geçirmäni berijiniň bankyna gaýtarylmaga degişlidir. Geçirmäni alyjynyň arzasy boýunça geçirmäniň ulanylmadyk galyndysy bu möhletden öň hem gaýtarylyp bilner.

Geçirmäni beriji ygtyýarlandyrylan şahsa geçirmesini diňe öz hyzmat ediji bankynyň üsti bilen yzyna alyp biler. Geçirmäni alyjynyň banky geçirmäni berijiniň bankynyň degişli görkezmesini ygtyýarlandyrylan şahsyň hasabynda bar bolan serişdeleriň galyndysynyň möçberinde ýerine ýetirýär.

4-nji bap. AKKREDITIWLER BOÝUNÇA HASAPLAŞYKLAR

68. Nähili görnüşde atlandyrylandygyna ýa-da bellenilendigine garamazdan, akkreditiw yzyna çagyrylmaýan we şeýlelikde, emitent bankyň laýyk resmileşdirilen tabşyrma boýunça töleg borçnamasyny ýerine ýetirmegi amala aşyrmaklyga berk borçnamasyny düzýän islendik şertnamany aňladýar.

Eger akkreditiwde bu barada hiç-hili görkezme ýok hem bolsa, ol yzyna çagyrylmaýan bolup durýar.

69. Akkreditiw öz tebigaty boýunça satyn alyş-satyş şertnamasyndan ýa-da onuň esaslanyp biljek başga bir şertnamasyndan aýrybaşgalanan geleşik bolup durýar. Eger akkreditiwe şeýle şertnama haýsydyr bir salgylanma girizilen hem bolsa, banklaryň şol şertnama boýunça hiç-hili baglanyşygy ýokdur ýa-da jogapkärçilik çekmeýärler. Munuň netijesinde, bankyň töleg borçnamasyny ýerine ýetirmek ýa-da akkreditiw boýunça başga bir borçnamany ýerine ýetirmek baradaky borçnamasy, buýruk berijiniň emitent bank ýa-da benefisiar bilen gatnaşygyna esaslanýan talabyna we närazylygyna tabyn däldir.

Banklaryň arasynda ýa-da emitent bank bilen buýruk berijiniň arasynda bar bolan şertnamalaýyn gatnaşyklar hiç bir ýagdaýda-da benefisiara degişli däldir.

Emitent bank, buýruk beriji tarapyndan akkreditiwiň esasyny düzýän şertnamanyň nusgasyny, hasabyň görnüşini we beýleki şuňa meňzeş resminamalary, akkreditiwiň aýrylmaz bölegi hökmünde goşmaga edilýän islendik synanyşyklaryň öňüni almaga borçludyr.

70. Akkreditiwler boýunça hasaplaşyklara aşakdaky taraplar gatnaşýarlar:

Emitent bank – buýruk berijiniň haýyşy boýunça ýa-da öz adyndan akkreditiwi açýan bank.

Buýruk beriji – haýyşy boýunça akkreditiw açylýan tarap.

Benefisiar – haýryna akkreditiw açylýan tarap.

Habar beriji bank – emitent bankyň haýyşy boýunça akkreditiw barada habar berýän bank.

Ýerine ýetiriji bank – akkreditiwiň ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan bank ýa-da eger, akkreditiwiň islendik başga bankda ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulsa, islendik başga bank.

Tassyklaýjy bank – emitent bankyň haýyşy ýa-da ygtyýarlygy esasynda akkreditiwe öz tassyknamasyny goşýan bank.

71. Töleg borçnamasyny ýerine ýetirmek:

а) eger akkreditiw görkezilme boýunça töleg arkaly ýerine ýetirilýän bolsa, görkezilme boýunça töleg geçirmegi;

b) eger akkreditiw möhleti yza süýşürilen töleg arkaly ýerine ýetirilýän bolsa, möhleti yza süýşürilen tölegi amala aşyrmak borçnamasyny kabul etmegi we möhleti gelende tölegi geçirmegi aňladýar.

Töleg borçnamasyny ýerine ýetirmegiň görnüşi akkreditiwde görkezilmelidir.

Töleg borçnamasyny ýerine ýetirmegi üpjün etmek üçin deponirlenýän pul serişdeleri 674-nji «Akkreditiwler», 750-nji «Akkreditiwler boýunça hasaplaşyklar» balans hasaplarynda hasaba alynýar. Möhleti yza süýşürilen töleg boýunça borçnamalaryň hasaby balansdan daşgary 9845-nji «Milli puldaky akkreditiwler boýunça borçlar», 9856-njy «Daşary ýurt pulundaky akkreditiwler boýunça borçlar» hasaplarynda alnyp barylýar.

Akkreditiw boýunça töleg akkreditiw boýunça pul serişdelerini benefisiaryň hasabyna geçirmek arkaly nagt däl görnüşinde amala aşyrylýar. Akkreditiwiň hasabyndan nagt pulda tölemäge rugsat berilmeýär.

72. Akkreditiwiň we onuň şertleriniň üýtgemeginiň habar berilmegi şu aşakdaky tertipde amala aşyrylýar:

а) akkreditiw we onuň şertlerine islendik üýtgetmeler benefisiara habar beriji bankyň üsti bilen habar berlip biler. Tassyklaýjy bank bolup durmaýan habar beriji bank, akkreditiwi we onuň şertlerine islendik üýtgetmeleri, töleg borjuny ýerine ýetirmek borjy bolmazdan, habar berýär.

b) akkreditiwi ýa-da üýtgetmeleri habar bermek bilen, habar beriji bank akkreditiwiň ýa-da şertlere üýtgetmeleriň görnüp duran hakykylygyna (anyklygyna) göz ýetirendigini, şeýle hem öz habarynyň alnan akkreditiwiň şertlerini ýa-da üýtgetmeleri anyk beýan edýändigini tassyklaýar.

ç) habar beriji bank, akkreditiwi ýa-da onuň şertlerine üýtgetmeleri benefisiara habar bermek üçin, başga bir bankyň («ikinji habar beriji bankyň») hyzmatlaryndan peýdalanyp biler. Akkreditiwi ýa-da onuň şertlerine üýtgetmeleri habar bermek bilen, ikinji habar beriji bank özüniň alan habarynyň görnüp duran hakykylygyna (anyklygyna) göz ýetirendigini, şeýle hem öz habarynyň alnan akkreditiwiň şertlerini ýa-da şertlere üýtgetmeleri anyk beýan edýändigini tassyklaýar.

d) akkreditiwi habar bermek üçin habar beriji bankyň ýa-da ikinji habar beriji bankyň hyzmatlaryndan peýdalanýan bank, akkreditiwiň şertlerine islendik üýtgetmeleri habar bermek üçin şol bir banklardan peýdalanmalydyr.

e) eger bank, akkreditiwi ýa-da onuň şertlerine üýtgetmeleri habar bermek barada haýyşy alan bolsa, ýöne ony ýerine ýetirmezlik barada çözgüt kabul edýän bolsa, onda ol akkreditiwiň, onuň şertlerine üýtgetmeleriň ýa-da habaryň alnan bankyna bökdençsiz habar bermäge borçludyr.

ä) eger bank, akkreditiwi ýa-da onuň şertlerine üýtgetmelerini habar bermek baradaky haýyşy alan bolsa, emma akkreditiwiň, şertlere üýtgetmeleriň ýa-da habaryň görnüp duran hakykylygyna (anyklygyna) göz ýetirip bilmese, onda ol görnüşine görä görkezilen tabşyrygyň alnan bankyna bu barada bökdençsiz habar bermäge borçludyr. Eger habar beriji bank ýa-da ikinji habar beriji bank muňa garamazdan, akkreditiwi ýa-da onuň şertlerine üýtgetmeleri habar bermek kararyna gelse, onda ol akkreditiwiň, şertlere üýtgetmeleriň ýa-da habaryň görnüp duran hakykylygyny anyklap bilmändigi barada benefisiara ýa-da ikinji habar beriji banka habar bermäge borçludyr.

73. Akkreditiwde akkreditiwiň ýerine ýetirilmeli banky ýa-da akkreditiwiň islendik bankda ýerine ýetirilýändigi görkezilmelidir. Ýerine ýetiriji bankda ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan akkreditiw, emitent bankda hem ýerine ýetirilmäge degişlidir.

Akkreditiwiň ýerine ýetirilýän bankynyň ýerleşýän ýeri, resminamalaryň tabşyrylmaly ýeri bolup durýar. Islendik bankda ýerine ýetirilýän akkreditiw boýunça tabşyrylmaly ýer, islendik bankyň ýerleşýän ýeridir. Emitent bankyň ýerleşýän ýerinden tapawutlanýan tabşyrylýan ýer, emitent bankyň ýerleşýän ýerine goşmaça bolup durýar.

Eger ýerine ýetiriji bank tassyklaýjy bank bolup durmaýan bolsa, töleg borçnamasyny ýerine ýetirmek ygtyýarlygy ýerine ýetiriji bank üçin töleg borçnamasyny ýerine ýetirmek borjuny döretmeýär, ýerine ýetiriji bankyň öz razylygyny göni bildiren we bu barada benefisiara habar beren ýagdaýlary muňa girmeýär.

Ýerine ýetiriji bankyň borçlarynyň hasaby balansdan daşgary 9845-nji «Milli puldaky akkreditiwler boýunça borçlar», 9856-njy «Daşary ýurt pulundaky akkreditiwler boýunça borçlar» hasaplarynda alnyp barylýar.

Möhletlere bölünen töleg borçnamasyny bermek üçin banky bellemek bilen, emitent bank bu ýerine ýetiriji banky möhletinden öň töleg geçirmeklige ýa-da şol ýerine ýetiriji banka berlen, möhletlere bölünen töleg borçnamasyny kabul etmäge ygtyýarlandyrýar.

Ýerine ýetiriji bankyň emitent banka ýa-da tassyklaýjy banka bolan talaplarynyň hasaby balansdan daşgary 9841-nji «Milli puldaky akkreditiwler boýunça talaplar», 9850-nji «Daşary ýurt pulundaky akkreditiwler boýunça talaplar» hasaplarynda alnyp barylýar.

Tassyklaýjy bank bolup durmaýan ýerine ýetiriji bank tarapyndan resminamalaryň kabul edilmegi ýa-da barlanmagy we iberilmegi, ol banky töleg borçnamasyny ýerine ýetirmeklige borçly etmeýär, şeýle-de töleg borçnamasynyň ýerine ýetirilmegi bolup durmaýar.

74. Emitent bankyň haýyşy boýunça başga bank akkreditiwi tassyklap biler. Akkreditiwi tassyklan ýagdaýynda, tassyklaýjy bank özüne şu aşakdaky yzyna çagyrylmaýan borçnamalary kabul edip alýar:

а) eger akkreditiwde göz öňünde tutulan resminamalar tassyklaýjy banka ýa-da islendik başga bir ýerine ýetiriji banka tabşyrylan we olar laýyk resmileşdirilen tabşyrma bolup durýan bolsa hem-de akkreditiw:

  • tassyklaýjy bankda görkezilme boýunça töleg ýa-da möhleti yza süýşürilen töleg arkaly ýerine ýetirilýän bolsa;
  • beýleki ýerine ýetiriji bankda görkezilme boýunça töleg arkaly ýerine ýetirilýän bolsa we şeýle ýerine ýetiriji bank tölemese;
  • beýleki ýerine ýetiriji bankda möhleti yza süýşürilen töleg arkaly ýerine ýetirilýän we şeýle ýerine ýetiriji bank möhleti yza süýşürilen tölegi geçirmek borçnamasyny özüne kabul etmeýän ýa-da şeýle borçnamany kabul edip, möhletiniň gelmegi boýunça tölemeýän bolsa, töleg borçnamasyny ýerine ýetirmegi.

b) laýyk resmileşdirilen tabşyrma babatda töleg borçnamasynyň ýerine ýetiren we resminamalary tassyklaýjy banka iberen başga bir ýerine ýetiriji banka öwezini dolmaklygy üpjün etmegi. Ýerine ýetiriji bank tarapyndan möhletinden öň tölegiň geçirilendigine bagly bolmazdan, möhleti yza süýşürilen töleg arkaly ýerine ýetirilýän akkreditiw boýunça laýyk resmileşdirilen tabşyrmanyň möçberiniň öweziniň dolunmagy tölegiň möhleti gelende geçirilmelidir.

Tassyklaýjy bankyň emitent banka bolan talaplarynyň hasaby balansdan daşgary 9841-nji «Milli puldaky akkreditiwler boýunça talaplar», 9850-nji «Daşary ýurt pulundaky akkreditiwler boýunça talaplar» hasaplarynda alnyp barylýar.

Tassyklaýjy bankyň öwezini dolmak babatda ýerine ýetiriji bankyň öňündäki borçnamasy, tassyklaýjy bankyň benefisiaryň öňündäki borçnamasyndan aýrybaşgalanandyr.

Tassyklaýjy bankyň borçlarynyň hasaby balansdan daşgary 9845-nji «Milli puldaky akkreditiwler boýunça borçlar», 9856-njy «Daşary ýurt pulundaky akkreditiwler boýunça borçlar» hasaplarynda alnyp barylýar.

Eger emitent bank başga bir banka akkreditiwi tassyklamak baradaky haýyş bilen ýüz tutan ýa-da ygtyýarlandyran bolsa, emma bank ony ýerine ýetirmäge taýyn bolmasa, ol bu barada emitent banka bökdemän habar bermäge borçludyr we öz tassyklamasyny goşmazdan, akkreditiw barada habar berip biler.

75. Akkreditiw boýunça akkreditiwiň şertlerine laýyk gelýän resminamalaryň emitent banka ýa-da ýerine ýetiriji banka tabşyrylmagy, laýyk resmileşdirilen tabşyrma hökmünde ykrar edilýär.

Banklar resminamalaryň degişli bolup bilýän harytlary, hyzmatlary ýa-da borçlaryň ýerine ýetirilmeginiň beýleki görnüşleri bilen däl-de, diňe resminamalaryň özi bilen iş salyşýarlar.

Bank akkreditiwler boýunça resminamalary öz iş wagtynyň daşynda kabul etmäge borçly däldir.

Akkreditiwde tabşyrma üçin möhletiň geçýän senesi görkezilmelidir. Eger töleg borçnamasyny ýerine ýetirmek üçin möhletiň geçýän senesi görkezilen bolsa, oňa tabşyrma möhletiniň geçýän senesi hökmünde garalýar.

Resminamalaryň tabşyrylmagy benefisiar tarapyndan ýa-da onuň adyndan, möhletiň geçýän senesinde ýa-da ondan öň amala aşyrylmalydyr.

Ýöne, akkreditiwiň möhletiniň geçýän senesi ýa-da resminamalary tabşyrmak üçin soňky gün, resminamalaryň tabşyrylmaly bankynyň adatdan daşary ýagdaýlardan başga sebäpler boýunça ýapyk gününe gabat gelýän bolsa, akkreditiwiň möhletiniň geçýän senesi ýa-da resminamalary tabşyrmak üçin soňky gün, ýagdaýa baglylykda, yzyndan gelýän birinji bank gününe çenli uzaldylar. Bank güni, şu Bapda göz öňünde tutulan haýsydyr bir hereketiň amala aşyrylmaly ýerinde, bank üçin adatça iş güni bolup durýan güni aňladýar.

Eger resminamalar yzyndan gelýän birinji bank gününde tabşyrylan bolsa, onda ýerine ýetiriji bank emitent banka ýa-da tassyklaýjy banka iberýän ugradyş hatynda, resminamalaryň şu bölüme laýyklykda uzaldylan möhletiň çäklerinde tabşyrlandygy barada arzany ýetirmelidir.

Şu bölümiň kadalarynyň ulanylmagy netijesinde ýükläp ugratmagyň soňky senesi uzaldylmaýar.

76. Akkreditiwiň açylan pursatyndan başlap emitent bank özüne şu aşakdaky yzyna çagyrylmaýan borçnamalary kabul edip alýar:

а) eger akkreditiwde göz öňünde tutulan resminamalar tassyklaýjy banka ýa-da emitent banka tabşyrylan we olar laýyk resmileşdirilen tabşyrma bolup durýan bolsa hem-de akkreditiw:

  • emitent bankda görkezilme boýunça töleg ýa-da möhleti yza süýşürilen töleg arkaly ýerine ýetirilýän bolsa;
  • ýerine ýetiriji bankda görkezilme boýunça töleg arkaly ýerine ýetirilýän bolsa we şeýle ýerine ýetiriji bank tölemese;
  • ýerine ýetiriji bankda möhleti yza süýşürilen töleg arkaly ýerine ýetirilýän we şeýle ýerine ýetiriji bank möhleti yza süýşürilen tölegi geçirmek borçnamasyny özüne kabul etmeýän ýa-da şeýle borçnamany kabul edip, möhletiniň gelmegi boýunça tölemeýän bolsa, töleg borçnamasyny ýerine ýetirmegi.

b) laýyk resmileşdirilen tabşyrma babatda töleg borçnamasynyň ýerine ýetiren we resminamalary emitent banka iberen ýerine ýetiriji banka öwezini dolmaklygy üpjün etmegi. Ýerine ýetiriji bank tarapyndan möhletinden öň tölegiň geçirilendigine bagly bolmazdan, möhleti yza süýşürilen töleg arkaly ýerine ýetirilýän akkreditiw boýunça laýyk resmileşdirilen tabşyrmanyň möçberiniň öweziniň dolunmagy tölegiň möhleti gelende geçirilmelidir.

Emitent bankyň öwezini dolmak babatda ýerine ýetiriji bankyň öňündäki borçnamasy, emitent bankyň benefisiaryň öňündäki borçnamasyndan aýrybaşgalanandyr.

Emitent bankyň borçlarynyň hasaby balansdan daşgary 9845-nji «Milli puldaky akkreditiwler boýunça borçlar», 9856-njy «Daşary ýurt pulundaky akkreditiwler boýunça borçlar» hasaplarynda alnyp barylýar.

77. Gatnaşýan taraplaryň ylalaşygy boýunça we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda akkreditiwiň ikinji benefisiara geçirilmegine rugsat berilýän ýagdaýlaryndan başga halatlarda akkreditiw, emitent bankyň, tassyklaýjy bankyň (eger ol bar bolsa) we benefisiaryň razyçylygy bolmazdan, üýtgedilibem, ýapylybam bilmez. Eger akkreditiw geçirilýän bolup durýan bolsa, onda bu barada akkreditiwiň şertlerinde görkezilmelidir.

Emitent bank şertlere üýtgemeleri beren pursatyndan başlap, onuň üýtgetmeler boýunça yzyna çagyrylmaýan borjy ýüze çykýar. Tassyklaýjy bank üýtgetmelere öz tassyknamasyny goşup biler we onuň şertlere üýtgetmeleri habar beren pursatyndan başlap yzyna çagyrylmaýan borjy ýüze çykýar. Emma tassyklaýjy bank üýtgetmeleri öz tassyknamasyny goşmazdan habar bermek kararyna gelip biler, bu ýagdaýda ol bu barada emitent banka bökdençsiz habar bermelidir we öz benefisiara iberýän habarynda duýdurmalydyr.

Ilkibaşdaky (asyl) akkreditiwiň (ýa-da öň kabul edilen üýtgetmeleri içine alýan akkreditiwiň) şertleri benefisiar üçin, tä benefisiar akkreditiwiň şertlerine üýtgetmeleri kabul edýändigi barada şeýle üýtgetmeleri habar beren banka habar berýänçä, güýjünde galýar. Benefisiar üýtgetmeleri kabul edýändigi ýa-da kabul etmekden boýun gaçyrýandygy barada habar bermelidir. Eger benifisiar şeýle habary bermeýän bolsa, onda akkreditiwiň şertlerine we heniz kabul edilmedik üýtgetmelere laýyk gelýän resminamalaryň tabşyrylmagyna, benefisiar tarapyndan şeýle üýtgetmeleriň kabul edilýändigi baradaky habar hökmünde garalýar. Şol pursatdan başlap, akkreditiw üýtgedilen diýip hasap edilýär.

Şertlere üýtgetmeleri habar berýän bank, şol üýtgetmeleriň kabul edilýändigi ýa-da kabul etmekden boýunça gaçyrylýandygy baradaky islendik habary üýtgetmeleri alan bankyna duýdurmalydyr.

Şertlere üýtgetmeleriň bölekleýin kabul edilmegine rugsat berilmeýär we oňa üýtgetmelerden boýun gaçyrmak barada habar hökmünde garalar.

Akkreditiwiň şertlerine üýtgetmelerde olaryň, eger benefisiar belli bir wagt aralygynyň dowamynda üýtgetmelerden özüniň boýun gaçyrýandygy barada habar bermese, güýje girýändiginiň görkezilmegi nazara alynmaýar.

78. Eger akkreditiwde öwezini dolmany almagyň şertleri görkezilmedik bolsa, şu aşakdaky kadalar ulanylýar:

  • emitent bank rambursirleýji banka ýerine ýetirmegiň akkreditiwde görkezilen şertlerine laýyk gelýän ramburs (töleg geçirmek) ygtyýarlygyny bermelidir. Akkreditiwiň möhletiniň geçýän senesi ramburs ygtyýarlygyna degişli däldir.
  • rambursirleýji banka akkreditiwiň şertlerine laýyklyk barada tassyknama bermegi öwezini dolmaklygy soraýan bankdan talap edilmeli däldir.
  • eger akkreditiwiň şertlerine laýyklykda ilkinji talaby boýunça rambursirleýji banka öwezini dolmak amala aşyrylmasa, emitent bank çekilen islendik çykdajylar bilen birlikde islendik göterim ýitgileri üçin jogapkärçilik çeker.
  • rambursirleýji bankyň çykdajylary emitent bankyň hasabyna degişli edilýär. Ýöne, eger çykdajylar benifisiaryň hasabyna degişli edilýän bolsa, onda ol barada akkreditiwiň şertlerinde we ramburs ygtyýarlygynda belläp geçmek emitent bankyň borjy bolup durýar. Eger rambursirleýji bankyň çykdajylary benifisiaryň hasabyna degişli edilýän bolsa, olar ramburs talabynyň tölenýän pursatynda, öwezini dolmany talap eden banka degişli möçberden tutulyp aýrylar. Eger rambursirlemek amala aşyrylmaýan bolsa, emitent bank rambursirleýji bankyň çykdajylaryny tölemäge borçly bolup durýar.

Eger rambursirleýji bank ilkinji talap boýunça öwezini dolmany geçirmedik bolsa, emitent bank öwezini dolmany bermek boýunça öz borçnamalarynyň islendiginden boşadylmaýar.

Öwezini dolmanyň deponirlenýän möçberleriniň hasaby 674-nji «Akkreditiwler», 750-nji «Akkreditiwler boýunça hasaplaşyklar» balans hasaplarynda alnyp barylýar.

79. Tabşyrylýan resminamalary barlamak üçin şu aşakdaky talaplar bildirilýär:

a) akkreditiwi ýerine ýetirmek barada özüne berlen tabşyrygy amala aşyrýan ýerine ýetiriji bank, eger bar bolsa, tassyklaýjy bank, şeýle hem emitent bank resminamalaryň tabşyrylmagyny şol resminamalaryň öz daşky alamatlary boýunça laýyk resmileşdirilen tabşyrmaklyk bolup durýandygyny diňe resminamalaryň özi esasynda anyklamak üçin barlamaga borçludyr.

b) akkreditiwi ýerine ýetirmek barada özüne berlen tabşyrygy amala aşyrýan ýerine ýetiriji bankyň, eger bar bolsa, tassyklaýjy bankyň, şeýle hem emitent bankyň her biri resminamalaryň tabşyrylmagynyň laýyk resmileşdirilen tabşyrmaklyk bolup durýandygyny kesgitlemek üçin, köp bolanda, resminamalaryň tabşyrylan gününiň yzyndan gelýän bäş bank gününi alyp bilerler. Bu döwür akkreditiwiň möhletiniň geçýän senesi ýa-da resminamalaryň tabşyrylmaly soňky güni resminamalary tabşyrylýan gününe ýa-da ondan soňa düşýändigi bilen baglylykda gysgaldylmaga ýa-da tersine, uzaldylmaga degişli däldir.

ç) Türkmenistanyň kanunçylygynyň we/ýa-da taraplaryň şertnamalaýyn gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyk gelýän ulag resminamasynyň bir ýa-da birnäçe asyl nusgasy goşulan resminamalaryň tabşyrylmagy, benefisiar tarapyndan ýa-da onuň adyndan ýüklemegiň senesinden soň 10 senenama gününden gijä goýman, ýöne, islendik ýagdaýda-da, akkreditiwiň möhletiniň geçýän senesinden gijä goýman amala aşyrylmalydyr.

d) akkreditiwiň şertleri, resminamanyň özi we Türkmenistanyň kanunçylygynyň kadalary babatda garalýan resminamada bar bolan maglumatlaryň şol resminamadaky bolşy ýaly, islendik beýleki göz öňünde tutulan resminamadaky ýa-da akkreditiwdäki maglumatlar bilen deň bolmagy hökmany däldir, ýöne olara gapma-garşy hem bolmaly däldir.

e) eger görkezilýän bolsa, täjirçilik hasapdan başga resminamalarda harytlaryň, hyzmatlaryň ýa-da ýerine ýetirilen borçlaryň beýany olaryň akkreditiwdäki beýanyna garşy gelmeýän umumy görnüşde berlip biler.

ä) eger akkreditiwiň şertlerinde ätiýaçlandyryş resminamasynyň berilmegi göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryş resminamasy boýunça örtügiň möçberi azyndan harydyň üpjün etmegiň CIP şertlerindäki bahasynyň 110 göterimini tutmalydyr.

f) eger akkreditiwde ulag resminamasyndan, ätiýaçlandyryş resminamasyndan ýa-da täjirçilik hasapdan başga resminamanyň tabşyrylmagy şeýle resminamanyň kim tarapyndan ýazylmalydygy ýa-da onuň mazmuny görkezilmezden talap edilýän bolsa, banklar şol resminamany, eger onuň mazmunyndan ol talap edilýän resminamanyň wezipelerine laýyk gelýändigi we beýleki taraplary boýunça 79 (d) bölümiň talaplaryna laýyk gelýändigi görünýän bolsa, onuň tabşyrylan görnüşinde kabul ederler. Tabşyrylýan resminama, eger ol akkreditiwiň şertlerinde talap edilmeýän bolsa, oňa üns berilmez we ol tabşyrýan tarapa gaýtarylyp biler.

g) eger akkreditiw şertlere laýyklygyny görkezmek üçin resminama göz öňünde tutmazdan şertleri belleýän bolsa, banklar şeýle şertleri görkezilmedik hasap ederler we oňa üns bermezler.

h) resminamada akkreditiwiň açylan senesinden öňki sene görkezilip biler, ýöne onuň tabşyrylýan senesinden soňky sene görkezilmeli däldir.

i) haçanda benefisiaryň we buýruk berijiniň salgylary akkreditiwde göz öňünde tutulan islendik resminamada görkezilende, olaryň akkreditiwde ýa-da göz öňünde tutulan islendik beýleki resminamada görkezilenine meňzeş bolmagy hökmany däldir, ýöne akkreditiwde ýatlanylýan degişli salgylaryň ýurdunda bolmagy hökmanydyr. Habarlaşmak üçin benefisiaryň we buýruk berijiniň salgylarynyň bir bölegi hökmünde görkezilen jikme-jiklikler (telefaks, telefon, elektron salgy we ş.m.) nazara alynmaz. Ýöne, buýruk berijiniň salgysy we habarlaşmak üçin jikme-jiklikler ýük alyjynyň ýa-da habar berilýän tarapyň jikme-jiklikleriniň bir bölegi hökmünde ulag resminamasynda görkezilýän bolsa, olar akkreditiwdäkisi ýaly görkezilmelidir.

j) ýüki iberijiniň ýa-da resminamada görkezilen harydyň konsignantynyň akkreditiw boýunça benefisiar bolup durmagy hökmany däldir.

ž) onuň şu Babyň talaplaryna laýyk gelmegi şerti bilen, ulag resminamasy daşaýjydan başga tarap tarapyndan ýazylyp biler.

80. Eger emitent bank resminamalaryň tabşyrylmagyny laýyk resmileşdirilen bolup durýandygyny anyklasa, ol töleg borçnamasyny ýerine ýetirmäge borçludyr.

Eger tassyklaýjy bank resminamalaryň tabşyrylmagynyň laýyk resmileşdirilen bolup durýandygyny anyklasa, ol töleg borçnamasyny ýerine ýetirmäge we resminamalary emitent banka gönükdirmäge borçludyr.

Eger ýerine ýetiriji bank resminamalaryň tabşyrylmagynyň laýyk resmileşdirilen bolup durýandygyny anyklasa we töleg borçnamasyny ýerine ýetirse, ol resminamalary emitent banka ýa-da tassyklaýjy banka gönükdirmäge borçludyr.

81. Eger akkreditiwi ýerine ýetirmek barada özüne berlen tabşyrygy amala aşyrýan ýerine ýetiriji bank, eger bar bolsa, tassyklaýjy bank ýa-da emitent bank tabşyrmaklygyň laýyk resmileşdirilen bolup durmaýandygyny anyklasa, ol töleg borçnamasyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyryp biler.

Eger emitent bank tabşyrmaklygyň laýyk resmileşdirilen bolup durmaýandygyny anyklasa, ol öz garamagy boýunça, deň gelmezlikler bilen bagly hukuklardan boýun gaçyrylmagynyň meselesi boýunça buýruk berijä ýüz tutup biler. Muňa garamazdan, bu 79 (b) bölekde bellenilen möhleti uzaltmaýar.

Eger akkreditiwi ýerine ýetirmek barada özüne berlen tabşyrygy amala aşyrýan ýerine ýetiriji bank, eger bar bolsa, tassyklaýjy bank ýa-da emitent bank töleg borçnamasyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmakçy bolsa, ol bu barada tabşyrýan tarapa ýeke-täk maglumat ibermäge borçludyr.

Görkezilen maglumatda şular bolmalydyr:

- bankyň töleg borçnamasyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýandygy; we

- bankyň töleg borçnamasyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmagynyň sebäbi bolan her bir deň gelmezlik we:

a) bank tabşyrýan tarapdan mundan beýläkki görkezmeleri almagyna çenli resminamalary saklaýandygy; ýa-da

b) emitent bankyň resminamalary deň gelmezlikler bilen bagly hukuklaryndan boýun gaçyrmagy buýruk berijiden alýança we olary kabul etmäge razyçylyk berýänça ýa-da deň gelmezlikler bilen bagly hukuklaryndan boýun gaçyrmagy kabul etmäge öz razylygyny bermegine çenli tabşyrýan tarapdan mundan beýläkki görkezmeleri alýança saklaýandygy; ýa-da

ç) bankyň resminamalary gaýtarýandygy; ýa-da

d) bankyň tabşyrýan tarapdan öň alan görkezmelerine laýyklykda hereket edýändigi.

Şu bölümde göz öňünde tutulan maglumat telekommunikasion habary ýa-da eger bu mümkin bolmasa, başga bir çalt usul arkaly tabşyrmaklygyň yzyndan gelýän bäşinji iş gününiň soňundan gijä goýulman berilmelidir.

Eger akkreditiwi ýerine ýetirmek barada özüne berlen tabşyrygy amala aşyrýan ýerine ýetiriji bank, eger bar bolsa, tassyklaýjy bank ýa-da emitent bank şu bölümde göz öňünde tutulan maglumaty iberenden soň, tabşyrýan tarapa resminamalary islendik wagtda gaýtaryp biler.

Eger emitent bank ýa-da tassyklaýjy bank şu maddanyň düzgünlerine laýyklykda hereket etmeýän bolsa, onuň resminamalaryň laýyk resmileşdirilen tabşyrmaklyk bolup durmaýandygy barada arz etmäge haky ýokdur.

Eger emitent bank ýa-da tassyklaýjy bank töleg borçnamasyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrýan we bu barada şu maddanyň düzgünlerine laýyklykda maglumat iberýän bolsa, şonda onuň amala aşyran islendik öwezini dolmasynyň göterimleri bilen yzyna gaýtarylmagyny talap etmäge haky bardyr.

82. Akkreditiwiň ýapylmagy:

  • akkreditiwiň möhletiniň geçmegi boýunça (akkreditiwiň ýa-da onuň galyndysynyň möçberinde);
  • benefisiaryň akkreditiwi mundan beýläk ulanmakdan boýun gaçyrýandygy barada onuň hereket edýän möhletiniň tamamlanmagyna çenli beren arzasy esasynda amala aşyrylýar.

83. Haçanda, serişdeleri mejbury töletdirip almak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde akkreditiwiň möçberine gönükdirilen ýagdaýynda, şeýle töletdirip almak baradaky resminama ýerine ýetirmek üçin diňe emitent bank tarapyndan kabul edilýär, ol haýal etmän akkreditiwi yzyna çagyrmaga borçludyr.

Yzyna çagyrylan akkreditiwiň ýapylandygy barada duýduryşy ýerine ýetiriji bankdan alnanda, akkreditiwiň ulanylmadyk galyndysynyň möçberi, soňra ony tölegleriň hereket edýän nobatlygyny berjaý etmek arkaly töletdirip almak barada resminamany tölemeklige gönükdirmek bilen, satyn alyjynyň esasy hasabyna gaýtarylýar.

Dolulygyna ýa-da bölekleýin bank karzynyň hasabyna açylan akkreditiwlere buýruk berijä şikaýatlar boýunça hiç-hili töletdirip almalar gönükdirilip bilinmez.

84. Bank adatdan daşary we özüne bagly bolmadyk ýagdaýlar sebäpli öz işiniň togtadylmagy netijesinde ýüze çykan ýagdaýlar üçin hiç-hili borçnama ýa-da jogapkärçilik çekmeýär.

Tebigy betbagtçylyklar, topalaňlar, raýat tolgunyşyklary, gozgalaňlar, uruşlar, terrorçylykly hereketler, islendik iş taşlaýyşlar we işden çykarmalar şu babyň kadalary üçin adatdan daşary ýagdaýlar diýip ykrar edilýär.

85. Banklar akkreditiwler bilen işlemegiň kadalaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Düzgünnama laýyklykda özbaşdak işläp düzýärler.

86. Hasaplaşyklaryň akkreditiw görnüşini ýerine ýetirmekde ýol beren düzgün bozmalary üçin, banklar Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

5-nji bap. ÇEKLER BILEN HASAPLAŞYKLAR

87. Çek – bu çek berijiniň banka, çekde görkezilen möçberdäki puly çegi saklaýja tölemek hakynda hiç zat bilen şertlendirilmedik görkezmesini özünde jemleýän hasaplaşyk resminamasydyr. Bankda çekleri bermek arkaly ulanmaga ygtyýarly pul serişdeleri bolan (edara görnüşli ýa-da şahsy) tarap çek berijidir. Haýryna çek berlen (edara görnüşli ýa-da şahsy) tarap çegi saklaýjydyr. Çek berijiniň pul serişdeleriniň ýerleşýän banky çek boýunça töleýjidir.

88. Çekleri hasaplaşyklarda ulanmagyň tertibi we şertleri Türkmenistanyň kanunçylygy, şeýle hem Türkmenistanyň banklarynyň içerki kadalary bilen düzgünleşdirilýär. Görkezilen kadalar Türkmenistanyň banklary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işlenip düzülýär we TMB-i bilen ylalaşylýar.

89. Çek töleýji tarapyndan çek berijiniň pul serişdeleriniň we/ýa-da çek beriji tarapyndan alnan bank karzynyň hasabyna tölenýär.

Çek berijiniň çäklendirilen çekler bilen hasaplaşyklar üçin pul serişdeleri 741-nji «Hasaplaşyk çek kitapçalary we güwähatlary» balans hasabynda deponirlenýär.

Çäklendirilmedik çekler çek berijiniň esasy işine hyzmat etmek boýunça bank hasabyna ýazylyp berilýär.

90. Çek berijiniň, çegi tölemäge tabşyrmak üçin bellenen möhlet tamamlanýança, ony yzyna almaga hukugy ýokdur.

91. Çegiň çegi saklaýja hyzmat edýän banka tölegi almak üçin berilmegi, çegiň tölemäge tabşyrylmagy hasaplanýar.

92. Çek (çek kitapçasy) ýitirilen ýagdaýynda, çek beriji haýal etmän çek boýunça töleýjä habar bermelidir.

Ýitirilen diýip yglan edilen (yglan edilýän) çek (çek kitapçasy) boýunça töleýji çegiň (çek kitapçasynyň) ýitirilendigi barada TMB-niň üsti bilen Türkmenistanyň beýleki banklaryna habar bermelidir. Şunda çegiň (kitapçada bolan çekleriň) belgisi (belgileri) görkezilýär.

Bank ýitirilen çek (çek kitapçasy) hakynda maglumaty almagyna çenli, belgisi (belgileri) ýitirilen çege (çek kitapçasyna) gabat gelýän, dogry resmileşdirilen çegiň (çekleriň) tölenilmegi üçin jogapkärçilik çekmeýär.

Çek boýunça töleýji ýitirilen çek (çek kitapçasy) boýunça maglumaty alandan soňra, belgisi ýitirilen çegiň (çek kitapçasyndaky çekleriň) belgilerine gabat gelýän çek tölemäge tabşyrylan ýagdaýynda, şulara borçludyr:

  • görkezilen çegi tölege kabul etmezlige;
  • çegi görkezijiniň şahsyýetini we ýaşaýan ýerini anyklamak üçin çäreleri görmäge;
  • ýitirilen çegiň (ýitirilen çek kitapçasyndaky çekleriň) tölemäge tabşyrylmagy barada haýal etmän derňew edaralaryna habar bermäge.

Çek (çek kitapçasy) ýitirilen ýagdaýynda, çek beriji pul serişdeleriniň deponirlenen hasabyny ýapmazdan täze çek (çek kitapçasyny) ýazýar.

93. Çek boýunça töleýji bankyň bellenilen içerki kadalaryna laýyklykda oňa elýeterli bolan ähli usullar arkaly çegiň hakykydygyny anyklamaga borçludyr.

94. Çekleriň blanklary berk hasabatda durýan blanklar bolup durýar we banklarda balansdan daşgary 9871-nji «Berk hasabatda durýan blankalar» hasabynda hasaba alynýar.

95. Banklar tarapyndan çekleriň blanklarynyň saklanylyşy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen tertipde amala aşyrylýar.

96. Nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin, Türkmenistanyň banklary tarapyndan göýberilýän çekler ulanylyp bilner.

97. Türkmenistanyň banklarynyň çekleri Türkmenistanyň bu çekleri göýberýän bank edaralarynyň müşderileri tarapyndan, şeýle hem aragatnaşyk gatnaşyklary bolan ýagdaýynda, bankara hasaplaşyklarda ulanylyp bilner.

98. Türkmenistanyň täjirçilik banklary tarapyndan göýberilýän çekler TMB-niň düzüm birlikleri arkaly geçirilýän hasaplaşyklar üçin ulanylmaýar.

99. Çekde hasaplaşyk resminamalary üçin bellenen ähli hökmany salgylar bolmalydyr, şeýle hem onda bank işiniň aýratynlyklary we Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy bilen kesgitlenilýän goşmaça salgylar bolup biler. Çegiň görnüşi Türkmenistanyň banklary tarapyndan TMB-i bilen ylalaşylyp, özbaşdak kesgitlenýär.

100. Çekleriň dolanyşyk gurşawy banklar we onuň müşderileri bilen çäklenen ýagdaýynda, çekler, banklar bilen müşderileriniň arasynda baglaşylýan, çekler bilen hasaplaşyklar hakynda şertnamanyň esasynda ulanylýar.

101. Banklar tarapyndan göýberilýän çekler bankara hasaplaşyklarda banklar tarapyndan işlenip düzülýän we çekleri ulanmagyň tertibini hem-de şertlerini kesgitleýän bankyň içerki kadalaryna laýyklykda, müşderiler bilen baglaşylýan şertnamalaryň we çekler bilen hasaplaşyklar hakynda bankara ylalaşyklaryň esasynda ulanylyp bilner.

102. Çekler bilen hasaplaşyklar hakynda bankara ylalaşyk şu aşakdakylary göz öňünde tutup biler:

  • hasaplaşyklar amala aşyrylanda çekleriň dolanyşygynyň şertlerini;
  • çekler bilen amallar hasaba alynýan 741-nji balans hasaby boýunça şahsy hasaplary açmagyň we ýöretmegiň tertibini;
  • çekleriň dolanyşygy bilen baglanşykly maglumatlaryň düzümini, tabşyrlyş usullaryny we möhletlerini;
  • Türkmenistanyň bank edaralarynyň – hasaplaşyklara gatnaşyjylaryň hasaplaryny berkitmegiň tertibini;
  • hasaplaşyklara gatnaşyjy banklaryň borçnamalaryny we jogapkärçiligini;
  • ylalaşygy üýtgetmegiň we ýatyrmagyň tertibini we şertnamanyň gaýry şertlerini.

103. Çekleri ulanmagyň tertibini we şertlerini kesgitleýän, çekler bilen amallary geçirmegiň bankiçerki kadalary şu aşakdakylary göz öňünde tutmalydyr:

  • çegiň görnüşini, onuň (hökmany, goşmaça) salgylarynyň sanawyny we çegi doldurmagyň tertibini;
  • bu çekler bilen hasaplaşyklara gatnaşyjylaryň sanawyny;
  • çekleri tölemäge tabşyrmagyň möhletini;
  • çekleri tölemegiň şertlerini;
  • hasaplaşyklary ýöretmegi we resminama dolanyşygy boýunça amallaryň düzümini;
  • çekler bilen amallaryň buhgalteriýa taýdan resmileşdirilişini;
  • çekleri arhiwe tabşyrmagyň tertibini.

6-njy bap. PLASTIKI KARTLARY ULANYP GEÇIRILÝÄN HASAPLAŞYKLAR

104. Türkmenistanyň çäginde plastik kartlary ulanyp geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna we TMB-niň beýleki kadalaşdyryjy namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Plastik kartlary ulanyp taýynlanylýan hasaplaşyk resminamasynyň görnüşi, ony düzmegiň, bermegiň we işläp geçmegiň tertibi hem-de onuň esasynda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň tertibi TMB-niň kadalaşdyryjy namasy bilen düzgünleşdirilýär.

7-nji bap. INKASSO BOÝUNÇA HASAPLAŞYKLAR

105. Inkasso boýunça hasaplaşyklar, serişdeleri alýanyň (töletdirip alyjynyň) bankynyň (mundan beýläk – alyjynyň banky) müşderiniň tabşyrygy boýunça we onuň hasabyna, hasaplaşyk resminamalarynyň esasynda töleýjiden serişdeleri almak boýunça işleri amala aşyrýan bank amalydyr.

106. Inkasso boýunça hasaplaşyklar, tölenmegi töleýjiniň görkezmesi boýunça (akseptli) ýa-da onuň görkezmesi bolmazdan (akseptsiz tertipde) amala aşyrylyp bilinýän töleg talapnamalary we tölenmegi töleýjiniň görkezmesi bolmazdan (jedelsiz tertipde) amala aşyrylýan inkasso tabşyryklary esasynda amala aşyrylýar.

107. Töleg talapnamalary we inkasso tabşyryklary serişdeleri alýan (töletdirip alyjy) tarapyndan serişdeleri alýana (töletdirip alyja) hyzmat edýän bankyň üsti bilen töleýjiniň hasabyna bildirilýär.

Serişdeleri alýan (töletdirip alyjy) bellenip geçilen hasaplaşyk resminamalaryny banka, iki nusgada düzülýän, inkasso berlen hasaplaşyk resminamalarynyň 0403002 görnüşli sanawynyň (şu Düzgünnama 11-nji goşundy) ýanyna goşup berýär. Serişdeleri alýanyň (töletdirip alyjynyň) islegine görä, sanawa töleg talapnamalary we (ýa-da) inkasso tabşyryklary goşulyp biler.

Sanawyň birinji nusgasy hasaplaşyk resminamalaryna gol çekmäge hukugy bolan şahslaryň gollary we alýanyň (töletdirip alyjynyň) möhüri bilen resmileşdirilýär.

Inkasso berlen hasaplaşyk resminamalarynyň sanawynyň blankynyň görnüşi, salgylaryň her biriniň manylaryny ýazmak üçin aýrylan meýdançalaryň belgilenişi hem-de olaryň beýany şu Düzgünnama 12, 13-nji goşundylarda görkezilýär.

108. Töleg talapnamalary, inkasso tabşyryklary inkasso kabul edilende, alyjynyň bankynyň jogapkär ýerine ýetirijisi hasaplaşyk resminamasynyň bellenen görnüşine laýyklygyny, görnüşde göz öňünde tutulan ähli salgylaryň doldurlyşynyň dolylygyny, serişdeleri alyjynyň (töletdirip alyjynyň) gollarynyň we möhüriniň gol nusgalarynyň we möhür yzynyň kartoçkasynda görkezilen nusgalara laýyk gelýändigini, şeýle hem hasaplaşyk resminamalarynyň nusgalarynyň ählisiniň birmeňzeşdigini barlaýar. Mundan başga-da, ýanyna ýerine ýetiriş resminamalary goşulan inkasso tabşyryklary kabul edilende, alyjynyň bankynyň jogapkär yerine ýetirijisi hasaplaşyk resminamalarynyň salgylarynyň ýerine ýetiriş resminamasynyň salgylaryna (hasaplaşyk resminamasynda salgylanylan ýerine ýetiriş resminamasynyň senesiniň we belgisiniň, töletdirip alynýan pul möçberiň, hasaplaşyk resminamasynyň «Töleýji» we «Alyjy» meýdançalarynda görkezilen atlaryň) laýyk gelýändigini barlamaga borçlydyr.

109. Doldurylyşynyň dogrulygy barlanandan soňra, kabul edilen hasaplaşyk resminamalaryň ähli nusgalarynda, resminamanyň adynyň ýokarsyndaky meýdançada alyjynyň bankynyň möhürçesi basylyp, kabul edilen senesi we jogapkär ýerine ýetirijiniň goly goýulýar. Kabul edilmedik resminamalar inkasso berlen hasaplaşyk resminamalarynyň sanawyndan aýyrylýar we serişdeleri alýana (töletdirip alyja) gaýtarylýar, sanawdaky resminamalaryň sany we pul möçberi düzedilýär. Sanawyň iki nusgasy hem-de olardaky düzedişler alyjynyň bankynyň möhürçesi we jogapkär ýerine ýetirijisiniň goly bilen tassyklanylýar .

Hasaplaşyk resminamalarynyň soňky nusgalary sanawyň ikinji nusgasy bilen birlikde, resminamalaryň inkasso kabul edilendiginiň tassyknamasy hökmünde serişdeleri alýana (töletdirip alyja) gaýtarylýar.

Sanawlaryň birinji nusgalary alyjynyň bankynda galýar, olar aýratyn bukja çatylyp, inkasso kabul edilen hasaplaşyk resminamalarynyň bellige alynýan kitaby hökmünde ulanylýar we resminamalary saklamagyň bellenen möhletlerine laýyklykda alyjynyň bankynda saklanýar.

110. Hasaplaşyk resminamalaryny inkasso kabul eden alyjynyň banky olary niýetlenen ýerine eltmek borjuny öz üstüne alýar. Şeýle borçnama, şonuň ýaly-da hasaplaşyk resminamalaryny eltmek bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmagyň tertibi we möhletleri müşderi bilen bank hasabynyň şertnamasynda görkezilýär.

TMB-niň düzüm birlikleri banklaryň özleriniň we beýleki müşderileriň hasaplaşyk resminamalaryny eltmekligi, TMB-i bilen onuň müşderileriniň arasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda amala aşyrýarlar.

Banklar kabul edilen hasaplaşyk resminamalarynyň töleýjä (töleýjilere) hyzmat edýän banka eltilýänçä bitewiligi we abat saklanmagy üçin jogapkärçilik çekýärler.

Banklaryň müşderileriniň başga bankyň hasabyna bildirýän töleg talapnamalary we inkasso tabşyryklary Türkmenistanyň banklarynyň bu banka hyzmat edýän düzüm birliklerine ýa-da eger, töleýji bankyň hasaby diňe TMB-de bar bolsa, onda şol bankyň özüne iberilmelidir.

111. Töleýji banka gelen töleg talapnamalary we inkasso tabşyryklary, töleýjiniň hasabynyň belgisini, her bir hasaplaşyk resminamasynyň belgisini, senesini we pul möçberini görkezmek bilen, kitapçada erkin görnüşde bellige alynýar. Gelen töleg talapnamalarynyň, inkasso tabşyryklarynyň ähli nusgalarynyň ýokarky çep burçunda inkasso işlerini alyp barmak tabşyrylan işgäriň goly bilen, hasaplaşyk resminamasynyň gelen senesi we wagty goýulýar.

Serişdeleri alýanyň (töletdirip alýanyň) we töleýjiniň şol bir bank tarapyndan hyzmat edilen ýagdaýynda, alyjynyň banky şol bir wagtda töleýjiniň banky hem bolup durýar.

112. Töleýjiniň bankynyň jogapkär ýerine ýetirijisi töleg talapnamalarynyň we inkasso tabşyryklarynyň salgylarynyň, serişdeleri alyjynyň (töletdirip alyjynyň) gollarynyň we möhüriniň barlagyndan başga, şu Düzgünnamanyň 108-nji bölüminde göz öňünde tutulan tertibe laýyklykda doldurylyşynyň dolulygynyň we dogrulygynyň gözegçiligini amala aşyrýar, şeýle hem hasaplaşyk resminamalarynyň ähli nusgalarynda alyjynyň bankynyň möhürçesiniň we jogapkär ýerine ýetirijisiniň golunyň bardygyny barlaýar.

Şu bölekde bellenen talaplar bozulyp resmileşdirilen hasaplaşyk resminamalary şu Düzgünnamanyň 37-nji bölüminiň talaplaryny berjaý etmek bilen, yzyna gaýtarylmaga degişlidir. Töleg talapnamalary, inkasso tabşyryklary yzyna gaýtarylanda, bellige alyş kitabynda, gaýtarmaklygyň senesi we sebäbi görkezilip ýazgy edilýär.

113. Eger bank hasabynyň şertnamasynda başgaça göz öňünde tutylmadyk bolsa, töleýjiniň hasabynda pul serişdeleriniň bolmadyk ýa-da ýeterlik däl ýagdaýynda, töleýjiniň akseptlän töleg talapnamalary, pul serişdelerini hasapdan akseptsiz aýyrmak üçin töleg talapnamalary we inkasso tabşyryklary ýanyna goşulan resminamalary bilen birlikde, kartoteka ýerleşdirilen senesini görkezmek bilen, balansdan daşgary 9844-nji hasap boýunça kartoteka ýerleşdirilýär.

Alyjynyň bankynyň ýüz tutmasy boýunça, kartoteka ýerleşdirilendigi hakynda erkin görnüşdäki habarnamany iberip, hasaplaşyk resminamalarynyň balansdan daşgary 9844-nji hasap boýunça kartoteka ýerleşdirilendigi hakynda habar bermäge töleýjiniň banky borçludyr. Görkezilen habarnama töleýjiniň banky tarapyndan alyjynyň bankyna, ýüz tutmanyň alnan gününiň yzyndan gelýän iş gününden gijä goýulman iberilýär. Şunda, hasaplaşyk resminamasynyň birinji nusgasynyň arka tarapynda habarnamanyň iberilen senesi hakynda bellik edilýär, bankyň möhürçesi basylýar we töleýjiniň bankynyň jogapkär ýerine ýetirijisiniň goly goýulýar.

Alyjynyň banky, kartoteka ýerleşdirmek hakynda habary ýerine ýetiriji bankdan alan badyna, müşderä ýetirýär.

Hasaplaşyk resminamalaryny tölemek töleýjiniň hasabyna pul serişdeleriniň gelişine görä, şu Düzgünnamanyň 33-nji bölümi bilen bellenilen nobaty boýunça geçirilýär.

114. Balansdan daşgary 9844-nji hasap boýunça kartotekada ýerleşýän töleg talapnamalarynyň, inkasso tabşyryklarynyň bölekleýin tölenmegine ýol berilýär.

Bölekleýin tölemek, töleg tabşyrygynyň bölekleýin tölenmeginiň «Bölekleýin töleg» belligini goýmak hakynda talabyny hasaba almazdan, şu Düzgünnamanyň 45-nji bölüminde göz öňünde tutulan tertibine meňzeş tertipde, 0402001 görnüşli momerial order (şu Düzgünnama 4-nji goşundy) bilen amala aşyrylýar.

Balansdan daşgary 9844-nji hasap boýunça kartotekadan töleg talapnamasy, inkasso tabşyrygy bölekleýin tölenende, bankyň jogapkär ýerine ýetirijisi hasaplaşyk resminamalarynyň ähli nusgalarynda blankyň arka tarapynda bölekleýin tölegiň belgisini, töleg geçirilen memorial orderiň belgisini we senesini, bölekleýin tölegiň pul möçberini, galyndynyň pul möçberini görkezýär we ýazylan ýazgylary öz goly bilen tassyklaýar.

115. Töleg talapnamasy, inkasso tabşyrygy doly tölenen ýagdaýynda, «Bankyň bellikleri» meýdançasynda hasapdan aýrylan senesi görkezilýär, töleýjiniň bankynyň möhürçesi we jogapkär ýerine ýetirijisiniň goly goýulýar.

116. Eger bank hasabynyň şertnamasynda başga möhlet göz öňünde tutulmadyk bolsa, töleg talapnamasy, inkasso tabşyrygy boýunça tölegiň alynmadyk ýagdaýynda, alyjynyň banky serişdeleri alýanyň (töletdirip alyjynyň) haýyşy boýunça, görkezilen hasaplaşyk resminamalarynyň tölenmezliginiň sebäbini sorap erkin görnüşde ýazylan ýüz tutmany, serişdeleri alýandan (töletdirip alyjydan) degişli resminamanyň alnan gününiň yzyndan gelýän iş gününden gijä goýman, töleýjiniň bankyna iberip biler.

117. Müşderiniň töleg talapnamasynyň ýa-da inkasso tabşyrygynyň esasynda tölegi almak boýunça tabşyrygynyň ýerine ýetirilmedik ýa-da degişli derejede ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda, töleýjiniň banky onuň öňünde Türkmenistanyň kanunçylygyna we/ýa-da bank hasabynyň şertnamasyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

118. Banklar tarapyndan Düzgünnamanyň şu böleginiň hasaplaşyk resminamalaryny barlamaklyga bildirilýän talaplary berjaý edilmedik ýagdaýynda, olar bikanun goýulan, töleýjileriň aksepti bolmazdan tölenýän töleg talapnamalarynyň ýa-da inkasso tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmeginiň netijesinde dörän ýitgiler üçin jogapkärçilik çekýärler.

8-nji bap. TÖLEG TALAPNAMALARY BILEN HASAPLAŞYKLAR

119. Töleg talapnamasy özünde şertnama boýunça ýa-da kanun boýunça kreditoryň (serişdeleri alýanyň (töletdirip alýanyň)) kesgitli pul möçberini bankyň üsti bilen tölemek hakynda bergidara (töleýjä) bildirýän talabyny saklaýan hasaplaşyk resminamasydyr.

120. Töleg talapnamalary üpjün edilen harytlar, ýerine ýetirilen işler, edilen hyzmatlar üçin hasaplaşyklarda, şeýle hem şertnamada we Türkmenistanyň kanunçylgynda göz öňünde tutulan başga ýagdaýlarda ulanylýar.

121. Töleg talapnamalary arkaly hasaplaşyklar töleýjiniň deslapdan akseptlemegi bilen we onuň aksepti bolmazdan amala aşyrylyp bilner.

122. Töleýjiniň aksepti bolmazdan töleg talapnamalary bilen geçirilýän hasaplaşyklar şu aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylýar:

a) töleýjiniň görkezmesi bolmazdan onuň hasabyndan pul serişdelerini aýyrmak hukugyny töleýjä hyzmat edýän banka bermek şerti bilen, taraplaryň şertnama boýunça göz öňünde tutan ýagdaýlarynda;

b) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda.

123. Töleg talapnamasy 0401002 görnüşli blankda düzülýär (şu Düzgünnama 14-nji goşundy).

124. Şu Düzgünnamanyň 15-nji goşundysynda görkezilen salgylardan başga-da, töleg talapnamasynda aşakdakylar görkezilýär:

a) tölegiň şerti;

b) aksept üçin möhlet.

9-njy bap. TÖLEÝJILERIŇ AKSEPTI BILEN TÖLENÝÄN TÖLEG TALAPNAMALARY ARKALY HASAPLAŞYKLAR

125. Töleg talapnamalaryň aksepti üçin möhleti taraplar şertnama boýunça, töleýjiniň bankynyň hasaplaşyk resminamalaryny alan gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň çäklerinde belleýärler. Şunda aksept üçin möhlet üç iş gününden az bolmaly däldir.

Töleg talapnamalary resmileşdirilende, şertnama boýunça kreditor (serişdeleri alýan) töleg talapnamasynyň ikinji nusgasynyň «Tölegiň möhleti» meýdançasynda töleg talapnamasynyň aksepti üçin şertnama bilen bellenen günleriň sanyny görkezýär. Şeýle görkezmäniň ýok ýagdaýynda, aksept üçin möhlet üç iş güni hasaplanýar.

126. Töleýjiniň banky tarapyndan kabul edilen töleg talapnamalarynyň birinji nusgasynyň «Tölegiň möhleti» meýdançasynda bankyň jogapkär ýerine ýetirijisi töleg talapnamasyny akseptlemegiň möhletiniň tamamlanýan senesini görkezýär. Töleg talapnamasynyň töleýjiniň bankyna gelen güni görkezilen senäniň hasaplamasyna girmeýär. Töleg talapnamasynyň soňky nusgasy aksept üçin habarnama hökmünde ulanylýar hem-de indiki iş gününden gijä goýulman töleýjä berilýär. Töleg talapnamalaryny töleýjä bermek bank hasabynyň şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde, töleýjiniň banky tarapyndan amala aşyrylýar.

127. Töleg talapnamalary, töleýjiniň aksepti ýa-da akseptden boýun gaçyrmagy alynýança ýa-da tölegiň möhleti gelip ýetýänçä, töleýjiniň banky tarapyndan balansdan daşgary 9842-nji «Tölemek üçin aksepte garaşýan hasaplaşyk resminamalary» hasap boýunça kartoteka ýerleşdirilýär.

128. Töleýjiniň, şertnamada göz öňünde tutulan esaslar boýunça, şol sanda hasaplaşyklaryň ulanylýan görnüşiniň baglaşylan şertnama laýyk gelmedik ýagdaýynda, şertnamanyň bölümine, belgisine, senesine hökmany salgylanyp we boýun gaçyrylmagynyň sebäplerini görkezip, töleg talapnamalarynyň akseptinden doly ýa-da bölekleýin boýun gaçyrmaga hukugy bardyr.

129. Töleýjiniň töleg talapnamasyny tölemekden boýun gaçyrmagy üç nusgada düzülýän, akseptden boýun gaçyrmak hakynda 0403003 görnüşli arza bilen resmileşdirilýär (şu Düzgünnama 17-nji goşundy). Arzanyň birinji we ikinji nusgalary hasaplaşyk resminamalaryna gol çekmäge hukugy bolan wezipeli şahslaryň gollary we töleýjiniň möhüri bilen resmileşdirilýär.

Akseptden boýun gaçyrmak hakynda arzanyň blankynyň görnüşi, salgylaryň her biriniň manylaryny ýazmak üçin aýrylan meýdançalaryň belgilenişi hem-de olaryň beýany şu Düzgünnama 18, 19-njy goşundylarda görkezilýär.

130. Bankyň töleg talapnamalarynyň akseptinden boýun gaçyrmak hakynda arzalary kabul etmek wezipesi üstüne ýüklenen jogapkär ýerine ýetirijisi müşderi tarapyndan akseptden boýun gaçyrmak hakynda arzanyň resmileşdirilişiniň dogrulygyny we dolulygyny barlaýar. Töleg talapnamalaryny akseptlemekden boýun gaçyrmak hakynda arzanyň resmileşdirilişi dogry bolan ýagdaýynda, bankyň jogapkär ýerine ýetirijisi akseptden boýun gaçyrmak hakynda arzanyň ähli nusgalaryny, senäni görkezmek bilen, öz goly we bankyň möhürçesi bilen tassyklaýar.

131. Akseptden doly boýun gaçyrylanda, töleg talapnamasy balansdan daşgary 9842-nji hasap boýunça kartotekadan aýrylýar we serişdeleri alýana gaýtaryp bermek üçin, akseptden boýun gaçyrmak hakynda arzanyň ikinji nusgasy bilen bilelikde şol günüň özünde alyjynyň bankyna gaýtarylmaga degişlidir.

Akseptden boýun gaçyrmak hakynda arzanyň birinji nusgasy töleg talapnamasynyň nusgasy bilen birlikde, hasaplaşyk resminamasyny tölemän yzyna gaýtarmaga we balansdan daşgary 9842-nji hasapdan aýyrmaga esas hökmünde töleýjiniň bankynda günüň resminamalaryna ýerleşdirilýär. Arzanyň üçünji nusgasy akseptden boýun gaçyrmak hakynda arzanyň alnandygyna tassyknama hökmünde töleýjä gaýtarylýar.

132. Akseptden bölekleýin boýun gaçyrylanda, töleg talapnamasy balansdan daşgary 9842-nji hasap boýunça kartotekadan alynýar we töleýjiniň akseptlän möçberinde tölenýär. Şunda, sanlar bilen bellenen pul möçberiniň daşy çyzylyp, onuň gapdalynda tölemäge degişli täze pul möçberi ýazylýar. Edilen ýazgy töleýjiniň bankynyň jogapkär ýerine ýetirijisiniň goly bilen tassyklanylýar. Akseptden boýun gaçyrmak hakynda arzanyň birinji nusgasy töleg talapnamasynyň birinji nusgasy bilen birlikde, pul serişdelerini müşderiniň hasabyndan aýyrmaga esas hökmünde günüň resminamalaryna ýerleşdirilýär. Arzanyň ikinji nusgasy serişdeleri alýana bermek üçin, akseptden boýun gaçyrmak hakynda arzanyň kabul edilen gününiň yzyndan gelýän iş gününden gijä goýulman, alyjynyň bankyna iberilýär. Arzanyň üçünji nusgasy akseptden boýun gaçyrmak hakynda arzanyň alnandygyna tassyknama hökmünde töleýjä gaýtarylýar.

133. Töleg talapnamalaryny tölemekden esassyz boýun gaçyrlandygy üçin jogapkärçiligi töleýji çekýär. Banklar akseptden boýun gaçyrmagyň esaslary boýunça şikaýatlara garamaýarlar. Serişdeleri töleýji bilen alýanyň arasynda döreýän ähli düşünişmezlikler Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde, hyzmat edýän banklar gatnaşmazdan çözülýär.

134. Bellenen möhletde töleg talapnamalarynyň akseptinden boýun gaçyrylmagy alynmasa, ol akseptlenen hasaplanýar. Akseptiň möhletiniň tamamlanan gününiň yzyndan gelýän iş güni töleg talapnamasy balansdan daşgary 9842-nji hasap boýunça kartotekadan aýrylýar we hasapda pul serişdeleri bolan ýagdaýynda, töleýjiniň hasabyndan tölenýär. Hasapda pul serişdeleriniň bolmadyk ýa-da ýeterlik däl ýagdaýynda, hasaplaşyk resminamalary balansdan daşgary 9844-nji hasap boýunça kartoteka ýerleşdirilýär we hasaba serişdeleriň gelşine görä, şu Düzgünnamanyň 33-nji bölüminde kesgitlenen nobata laýyklykda tölenýär.

Aksepti bermegiň tertibi bank hasabynyň şertnamasy bilen kesgitlenip biler.

10-njy bap. TÖLEÝJILERIŇ AKSEPTI BOLMAZDAN TÖLENÝÄN TÖLEG TALAPNAMALARY BILEN HASAPLAŞYKLAR

135. Töleýjiniň hasabyndan pul serişdelerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda akseptsiz aýyrmak üçin töleg talapnamasynda, serişdeleri alýan (töletdirip alýan) resminamanyň adynyň ýokarysyndan «akseptsiz» diýip bellik edýär, şeýle hem «Tölegiň maksady» meýdançasynda töletdirip almagyň amala aşyrylmagyna esas bolan, Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namasyna salgylanýar. Kesgitlenen ýagdaýlarda, töletdirip alyjy «Tölegiň maksady» meýdançasynda ölçeýji enjamlaryň görkezijilerini we ulanylýan nyrhnamalary görkezýär.

Serişdeleri alýan pul serişdelerini şertnama esasynda akseptsiz almak üçin töleg talapnamasynyň «Harydyň, ýerine ýetirilen işleriň, edilen hyzmatlaryň ady, haryt resminamalarynyň pul möçberleri we belgileri ýa-da harytlaryň sanawy» meýdançasynda «akseptsiz» diýip görkezýär, şeýle hem şertnamanyň senesini, belgisini we onuň akseptsiz hasapdan aýyrmaga hukugy göz öňünde tutýan degişli bölümini görkezýär.

136. Pul serişdelerini şertnamada göz öňünde tutulan ýagdaýlarda akseptsiz hasapdan aýyrmak, töleýjiniň banky tarapyndan, bank hasabynyň şertnamasynda pul serişdelerini akseptsiz hasapdan aýyrmak hakynda şertiň bolan ýagdaýynda, amala aşyrylýar. Töleýji pul serişdelerini akseptsiz tertipde hasapdan aýyrmak üçin töleg talapnamasyny bermäge hukugy bolan kreditor (serişdeleri alýan), tölegler geçiriljek harytlaryň, işleriň ýa-da hyzmatlaryň ady, şeýle hem şertnama (senesi, belgisi we akseptsiz hasapdan aýyrmak hukugyny göz öňünde tutýan degişli bölümi) hakynda maglumatlary hyzmat edýän banka bermäge borçludyr.

Bank hasabynyň şertnamasynda pul serişdelerini akseptsiz hasapdan aýyrmak hakynda şertiň bolmazlygy, şeýle hem kreditor (serişdeleri alýan) hakynda maglumatlaryň ýa-da ýokarda görkezilen beýleki maglumatlaryň bolmazlygy, töleýjiniň bankynyň şertnamanyň şertlerine laýyklykda berilýän akseptsiz töleg talapnamasyny tölemekden boýun gaçyrmagy üçin esas bolup durýar. Bu töleg talapnamasy, aksept üçin üç iş güni möhleti bilen, deslapdan akseptlemek tertibinde tölenýär.

137. Pul serişdelerini akseptsiz hasapdan aýyrmak üçin töleg talapnamalary kabul edilende, töleýjiniň bankynyň jogapkär ýerine ýetirijisi serişdeleri alýana hasaplaşyklaryň şeýle tertibine hukuk berýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namasyna (şertnama) salgylanmanyň bardygyny, onuň senesini, belgisini, degişli bölümini, şeýle hem, kesgitlenen ýagdaýlarda ölçeýji enjamlaryň görkezijileriniň we hereket edýän nyrhnamalarynyň bardygyny barlamaga borçlydyr.

138. «Akseptsiz» diýlip bellenen görkezmäniň ýok ýagdaýynda, töleg talapnamalary aksept üçin üç iş güni möhleti bilen, töleýji tarapyndan deslapdan akseptlemek tertibinde, tölenmäge degişlidir.

139. Banklar töleýjileriň, olaryň hasaplaryndan pul serişdeleriniň akseptsiz tertipde aýrylmagy boýunça şikaýatlarynyň esaslaryna garamaýarlar.

Pul serişdelerini akseptsiz hasapdan aýyrmak üçin töleg talapnamasynyň goýulmagynyň esaslylygy üçin jogapkärçiligi kreditor (serişdeleri alýan (töletdirip alyjy)), Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyga laýyklykda çekýär.

11-nji bap. INKASSO TABŞYRYKLARY BILEN HASAPLAŞYKLAR

140. Inkasso tabşyrygy hasaplaşyk resminamasy bolmak bilen, onuň esasynda töleýjiniň hasabyndan pul serişdelerini jedelsiz tertipde almak amala aşyrylýar.

141. Inkasso tabşyrygy şu aşakdaky ýagdaýlarda ulanylýar:

a) pul serişdelerini jedelsiz tertipde töletdirip almagyň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenen ýagdaýlarynda, şol sanda gözegçilik wezipelerini ýerine ýetirýän guramalar tarapyndan pul serişdeleri töletdirip alnanda;

b) ýerine ýetiriş resminamalary boýunça töletdirip alnan ýagdaýynda;

ç) töleýjä hyzmat edýän banka töleýjiniň hasabyndan pul serişdelerini onuň görkezmesi bolmazdan aýyrmak hukugyny bermek şertinde, taraplaryň şertnama boýunça göz öňünde tutan ýagdaýlarynda.

142. Şu bap töletdirip alyjy – şahsy adamyň haýryna, onuň gönüden-göni bergidara hyzmat edýän banka beren ýerine ýetiriş resminamasy boýunça pul serişdeleriniň töletdirip alynmagyna degişli däldir.

143. Inkasso tabşyrygy 0401003 görnüşli blankda düzülýär (şu Düzgünnama 20-nji goşundy).

144. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen ýagdaýlarda pul serişdeleriniň hasaplardan jedelsiz tertipde töletdirip alynmagynda, inkasso tabşyrygynyň «Tölegiň maksady» meýdançasynda Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namasyna salgylanma berilmelidir.

145. Pul serişdeleri ýerine ýetiriş resminamalarynyň esasynda töletdirip alnanda, inkasso tabşyrygynda ýerine ýetiriş resminamasynyň senesine we belgisine salgylanma, şeýle hem mejbury ýerine ýetirmäge degişli çözgüdi çykaran guramanyň ady görkezilmelidir.

Ýerine ýetiriş resminamalarynyň esasynda berlen, hasaplardan pul serişdelerini töletdirip almak üçin inkasso tabşyryklary töletdirip alyjynyň banky tarapyndan, ýerine ýetiriş resminamasynyň asyl nusgasy ýa-da onuň göçürme nusgasy goşulan görnüşde kabul edilýär.

146. Eger inkasso tabşyrygyna goşulýan ýerine ýetiriş resminamasy bellenen möhlet geçenden soň berlen bolsa, banklar pul serişdelerini jedelsiz tertipde hasapdan aýyrmak üçin inkasso tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge kabul etmeýärler.

147. Döwürleýin tölegleri töletmek (alimentleri, saglyga ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy we beýlekileri töletdirip almak) hakynda ýerine ýetiriş resminalary tölegiň bellenen ähli wagtyna öz güýjüni saklaýar. Alimentleri tölemek hakynda kepillendiriş tertibinde tassyklanan ylalaşyklar babatda-da şeýle tertip hereket edýär. Görkezilen ýagdaýlarda ýerine ýetiriş resminamalaryny ýerine ýetirmek üçin bermegiň möhletleri her bir töleg üçin aýratynlykda hasaplanylýar.

148. Bank ýerine ýetiriş resminamasy goşulan inkasso tabşyrygyny alan gününiň yzyndan gelýän günden gijä goýman inkasso tabşyrygyny ýerine ýetirýär. Bergidaryň hasabynda talaplary kanagatlandyrmak üçin pul serişdesiniň bolmadyk ýa-da ýeterlik däl ýagdaýynda, bank ýerine ýetiriş resminamasynda bergidaryň hasabynda pul serişdeleriniň ýokdugy sebäpli, onda görkezilen talaplaryň doly ýa-da bölekleýin ýerine ýetirilmändigi hakynda bellik edýär. Ýerine ýetirilmedik ýa-da bölekleýin ýerine ýetirilen ýagdaýynda, inkasso tabşyrygy goşulan ýerine ýetiriş resminamasy bilen bilelikde balansdan daşgary 9844-nji hasap boýunça kartoteka ýerleşdirilýär. Inkasso tabşyryklary pul serişdeleriniň gelişine görä, şu Düzgünnamanyň 33-nji bölüminde kesgitlenen nobata laýyklykda ýerine ýetirilýär.

149. Pul serişdelerini jedelsiz hasapdan aýyrmagyň tertibi, borçnamalar boýunça şertnamanyň şertlerine laýyklykda ulanylýar.

Pul serişdeleriniň şertnamada göz öňünde tutulan ýagdaýlarda jedelsiz tertipde hasapdan aýrylmagy, bank hasabynyň şertnamasynda pul serişdelerini jedelsiz tertipde hasapdan aýyrmak hakynda şertler bolanda, bank tarapyndan amala aşyrylýar. Töleýji, pul serişdelerini jedelsiz tertipde hasapdan aýyrmak üçin inkasso tabşyrygyny bermäge hukugy bolan kreditor (serişdeleri alýan), tölegleri geçirmäge esas bolýan borçnama, şeýle hem şertnama (senesi, belgisi we jedelsiz hasapdan aýyrmaga hukugy göz öňünde tutýan degişli bölümi) hakynda maglumatlary hyzmat edýän banka bermäge borçlydyr.

Bank hasabynyň şertnamasynda pul serişdelerini jedelsiz tertipde hasapdan aýyrmak hakynda şertiň, şeýle hem kreditor (serişdeleri alýan) hakynda maglumatlaryň we ýokarda görkezilen beýleki maglumatlaryň bolmazlygy, şertnama laýyklykda berilýän inkasso tabşyrygyny tölemekden bankyň boýun gaçyrmagy üçin esas bolup durýar.

Inkasso tabşyrygynda şertnamanyň senesine, belgisine we onuň jedelsiz hasapdan aýyrmaga hukugy göz öňünde tutýan degişli bölümine salgylanma bolmalydyr.

150. Inkasso tabşyrygyny goýmagyň kanunylygy we serişdeleri töletdirip almaga esasyň dogry görkezilmegi üçin jogapkäçiligi serişdeleri alýan (töletdirip alýan) çekýär. Banklar töleýjileriň, olaryň hasaplaryndan pul serişdeleriniň jedelsiz tertipde aýrylmagynyň garşysyna şikaýatlarynyň esaslaryna garamaýarlar.

151. Banklar şu aşakdaky ýagdaýlarda pul serişdelerini jedelsiz tertipde hasapdan aýyrmagy duruzýarlar:

  • Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gözegçilik wezipelerini ýerine ýetirýän guramanyň töletdirip almagy duruzmak hakyndaky çözgüdi boýunça;
  • töletdirip almagy duruzmak hakynda kazyýetiň çözgüdi bolanda;
  • Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça.

Banka berilýän resminamada töletdirip alynmagy duruzmaga degişli inkasso tabşyrygynyň maglumatlary görkezilýär.

Inkasso tabşyrygy boýunça pul serişdelerini hasapdan aýyrmak täzeden başlananda, onuň ýerine ýetirilmegi, onda görkezilen nobat topary we toparyň içinde resminamalaryň gelişiniň senenama nobaty saklanyp amala aşyrylýar.

152. Pul serişdeleriniň töletdirip alynmagy geçirilmedik (ýerine ýetiriş önümçiliginiň bes edilmeginden başga ýagdaýlarda) ýa-da bölekleýin geçirilen ýerine ýetiriş resminamasy inkasso tabşyrygy bilen birlikde töletdirip alyjynyň hut özüne alandygy barada gol çekdirip bermek ýa-da duýduryş sargytly poçta arkaly ibermek üçin töleýjiniň banky tarapyndan alyjynyň bankyna gaýtarylýar. Şunda töleýjiniň banky, eger resminama bölekleýin tölenen bolsa, töletdirilip alnan puluň möçberini görkezmek bilen, gaýtarlan senesi hakynda ýerine ýetiriş resminamasynda bellik edýär.

153. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda pul serişdeleriniň töletdirip alynmagy amala aşyrylan ýa-da töletdirip alynmagy bes edilen ýerine ýetiriş resminamasy töleýjiniň banky tarapyndan duýduryş sargytly poçta arkaly, kazyýet edarasyna ýa-da ýerine ýetiriş resminamasyny beren beýleki edara gaýtarylyp berilýär. Şunda, töleýjiniň banky ýerine ýetiriş resminamasynda töledilen pul möçberini görkezip, onuň ýerine ýetirilen senesi hakynda ýa-da töletdirip almaklygyň bes edilmeginiň esasyny (töletdirip alyjynyň arzasynyň, kazyýetiň (araçy kazyýetiň) kesgitlemesiniň ýa-da başga resminamanyň belgisi we senesi) görkezip, gaýtarylyp berlen senesi we eger resminama bölekleýin tölenen bolsa, töletdirip alnan pul möçberi hakynda bellik edýär.

154. Bankyň bellige alyş kitabynda ýerine ýetiriş resminamasynyň gaýtarylyp berilmegi hakynda, onuň gaýtarylyp berlen senesi, pul möçberi (ýa-da pul möçberiniň galyndysy) we gaýtarylyp berilmeginiň sebäbi görkezilip, bellik edilýär.

12-nji bap. MEÝILNAMALAÝYN TÖLEGLER TERTIBINDÄKI HASAPLAŞYKLAR

155. Ulag hyzmatlaryny hem goşmak bilen, hemişelik kadaly haryt üpjünçiliginde we hyzmatlar edilende, satyn alyjylar üpjün edijiler bilen hasaplaşyklaryň taraplaryň ylalaşygy boýunça bellenen möhletlerde, döwürleýin amala aşyrylmagyna esaslanýan, meýilnamalaýyn tölegler tertibinde hasaplaşyp bilerler.

Üstaşyr ýükläp ugratmalarda meýilnamalaýyn tölegler tertibindäki hasaplaşyklar ulanylmaýar.

Meýilnamalaýyn tölegler töleg talapnamalary we töleg tabşyryklary esasynda, şeýle hem ulag hyzmatlary üçin jemlenen talapnamalar bilen geçirilip bilner. Töleg talapnamalary bilen hasaplaşyklarda, «akseptsiz» töleg talapnamalaryny goýmaga hukugy bolan kreditorlar hakynda maglumatlary töleýji öz bankyna ýazmaça görnüşde bermäge borçlydyr.

156. Satyn alyjy ýa-da üpjün ediji hasaplaşyk resminamalarynyň «Tölegiň maksady» meýdançasynda «200__-nj__ ýylyň ___________ aýynyň _____ ylalaşyk boýunça meýilnamalaýyn töleg» diýip, şeýle hem tölegiň möhletini görkezmäge borçludyr. Býujetde durýan guramalar mundan başga-da, «Tölegiň maksady» meýdançasynda geçirilýän pul möçberiniň maksatlaýyn ugryny görkezýärler.

157. Tabşyryk banka tölegiň möhletiniň ýeten gününde berilýär. Satyn alyjynyň hasabynda serişdeleriň bolmadyk ýagdaýynda, eger bank hasabynyň şertnamasy bilen hasaplaşyk resminamalaryny hasapda bar bolan pul serişdelerinden daşary tölemegiň şertleri kesgitlenmedik bolsa, tabşyryk balansdan daşgary 9844-nji hasap boýunça kartoteka ýerleşdirilýär hem-de şu Düzgünnamanyň 33-nji bölümine laýyklykda tölenýär.

158. Eger meýilnamalaýyn tölegler üpjün edijileriň töleg talapnamalarynyň esasynda geçirilýän bolsa, onda talapnamalarda tölegiň töletdirip alynýan döwri görkezilýär. Talapnamalarda «akseptsiz» diýlip ýazgy edilýär. Talapnamalar taraplaryň ylalaşygy boýunça bellenen möhletlerde üpjün ediji tarapyndan oňa hyzmat edýän banka inkasso tabşyrylýar.

159. Meýilnamalaýyn tertipdäki hasaplaşyklary geçirýän hojalygy alyp barýan edaralar her aýyň soňky iş gününden gijä goýman hasaplaşyklaryň ýagdaýyny deňeşdirip barlaýarlar we soňra satyn alyjylar kreditor bergisiniň möçberindäki pula töleg tabşyrygyny ýazýarlar hem-de hyzmat edýän banka berýärler. Üpjün edijide ýüze çykan kreditor berginiň möçberi hasaplaşyklaryň ýagdaýynyň deňeşdirip barlanmagy geçirilen aýyň yzyndan gelýän aý üçin meýilnama boýunça birinji tölegi geçirilende hasaba alynýar.

13-nji bap. TÖLEG TALAPNAMA – TABŞYRYKLARY BILEN HASAPLAŞYKLAR

160. Töleg talapnama-tabşyrygy üpjün edilen önümiň, ýerine ýetirlen işleriň, edilen hyzmatlaryň bahasyny we gaýry amallar boýunça geçirmeleri tölemek barada üpjün edijiniň satyn alyja talabydyr. Üpjün edijiniň talaby hasaplaşyk we ýükläp iberiş resminamalary esasynda bildirilýär we hyzmat ediji bankdan sowlup töleýjä berlip biler.

161. Töleg talapnama-tabşyryklary üpjün ediji tarapyndan 0401004 görnüşiň blankasynda (şu Düzgünnama 23-nji goşundy) nusgalarynyň zerur möçberinde ýazylýar we resminamalar bilen bilelikde gönüden-göni satyn alyja iberilip biler.

162. Töleg talapnama-tabşyrygy gönüden-göni töleýjiniň bankyna gelen ýagdaýynda, bank ony aýratyn kitapda gol çekdirip töleýjä berýär we tölegiň geçirilmegine gözegçiligi ýola goýýar.

163. Töleg talapnama-tabşyrygyny doly ýa-da bölekleýin tölemek hakynda ylalaşan ýagdaýynda, töleýji ony ähli nusgalarynda goýulýan, hasaby dolandyrmaga ygtyýarlandyrylan şahslaryň gollary we möhüriniň yzy bilen resmileşdirýär hem-de şertnamada göz önünde tutulan möhletiň çäklerinde töleg talapnama-tabşyrygynyň ähli nusgalaryny oňa hyzmat edýän banka tabşyrýar, olaryň:

  • 1-nji nusgasy töleýjiniň hasabyndan serişdeleri aýyrmak üçün esas bolup hyzmat edýär we amal ýerine ýetirilenden soňra bankda günüň resminamalaryna ýerleşdirilýär;
  • soňky nusgasy ýerine ýetirmäge kabul edilendigi hakynda dil haty hökmünde gaýtarylýar;
  • galan nusgalary hasaplaşyklaryň amala aşyrylyşyna görä, maglumatlary bermegiň ulanylýan usulyna baglylykda üpjün edijä hyzmat edýän banka iberilip ýa-da eger, taraplar bir bank edarasynda hyzmat edilýän bolsa, gönüden-göni üpjün edijä berlip biler.

«Tölenmeli pul möçberi» meýdançasynda töleýjiniň hasabyndan aýrylmaga degişli pul möçberi sanlar we söz bilen bilen ýazylmalydyr.

164. Töleýjiniň töleg talapnama-tabşyrygyny banka tabşyrmaly möhletini taraplar şertnamada kesgitleýärler we oňa bank tarapyndan gözegçilik edilmeýär.

Töleg talapnama-tabşyrygy bank tarapyndan ýerine ýetirilmek üçin diňe töleýjiniň akseptlän pul möçberinde kabul edilýär.

Serişdeleriň bolmadyk ýa-da ýeterlik däl ýagdaýynda, töleg talapnama-tabşyrygy balansdan daşgary 9844-nji hasap boýunça kartoteka ýerleşdirilýär we şu Düzgünnamanyň 33-nji bölümi bilen kesgitlenen tertipde tölenýär.

165. Töleg talapnama-tabşyrygyny doly ýa-da bölekleýin tölemekden boýun gaçyrýandygy hakynda töleýji gönüden-göni üpjün edijä, şertnamada kesgitlenen tertipde we möhletlerde habar berýär.

II Bölek. BANKLARYŇ TMB-DE AÇYLAN ARAGATNAŞYK (ARAGATNAŞYK KÖMEKÇI) HASAPLARY ARKALY HASAPLAŞYK AMALLARYNY GEÇIRMEGINIŇ TERTIBI

1-nji bap. TÜRKMENISTANYŇ BANKLARY ARKALY HASAPLAŞYKLARY GEÇIRMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY

166. Şu bölek hasaplaşyklaryň, TMB-niň düzüm birliklerinde açylan aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasaplarynyň üsti bilen, pul serişdeleriniň her bir hasaplaşyk resminamasy boýunça aýratynlykda we yzygiderli geçirilmegini göz öňünde tutýan, umumy esasda amala aşyrylmagyny düzgünleşdirýär.

167. Türkmenistanyň çäginde ýerleşen we bank amallaryny amala aşyrmaga TMB-niň ygtyýarnamasy bolan baş bank (daşary ýurt banklarynyň şahamçalaryny hem goşmak bilen) hasaplaşyk amallaryny geçirmek üçin, öz ýerleşýan ýeri boýunça TMB-niň düzüm birliginde milli pul birliginde bir aragatnaşyk hasabyny açýar.

Baş bank her şahamçasynyň adyna onuň ýerleşýän ýeri boýunça TMB-niň düzüm birliginde bir aragatnaşyk kömekçi hasabyny açyp biler, baş bank ýa-da bankyň beýleki bir şahamçasy (welaýat şahamçasy) bilen TMB-niň bir düzüm birliginde hyzmat edilýän şahamçalar muňa degişli däldir. Bu ýagdaýda hasaplaşyk amallary baş bankyň TMB-de açylan ýeke-täk aragatnaşyk hasabynyň ýa-da bankyň beýleki şahamçasynyň TMB-de açylan ýeke-täk aragatnaşyk kömekçi hasabynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

168. Hasaplaşyk amallary TMB-niň üsti bilen amala aşyrylanda, TMB-i bilen onuň hyzmat edýän banklarynyň (şahamçalarynyň) arasyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna, TMB-i bilen bankyň (şahamçanyň – eger ýolbaşçyda şeýle ygtyýarlyga ynanç haty bar bolsa) arasynda baglaşylýan aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasabynyň şertnamasy (mundan beýläk – Hasabyň şertnamasy) bilen düzgünleşdirilýär.

169. Hasaplaşyk resminamalarynyň TMB-de kabul edilmegi, olaryň kabul edilen wagtynda bankyň aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasabynda serişdeleriň galyndysyna bagly bolmazdan amala aşyrylýar.

Eger hasabyň şertnamasynda, şeýle hem Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, tölegler olaryň geçirilýän wagtynda bar bolan serişdeleriň çäklerinde amala aşyrylyp bilner.

Aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasapda serişdeleriň ýetmezçiligi sebäpli tölenmedik hasaplaşyk resminamalary TMB-de günüň içindäki kartoteka ýerleşdirilýär.

170. Banklar hasaplaşyk resminamalaryny TMB-niň düzüm birligine elektron görnüşde (aragatnaşyk ulgamy boýunça, magnit göterijilerde) berýärler.

171. Banklaryň aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasaplary boýunça amallar TMB-niň düzüm birliklerine elektron görnüşde gelen hasaplaşyk resminamalary we TMB-niň düzüm birlikleriniň hasaplaşyk resminamalary esasynda, her bir hasaplaşyk resminamasyny tölemek arkaly amala aşyrylýar.

Baş bankyň (daşary ýurt banklarynyň şahamçalaryny goşmak bilen) pul serişdelerini hökmany ätiýaçlyk gorlara geçirmegi aýratyn elektron töleg resminamalary bilen amala aşyrylýar. Şunda, pul serişdelerini TMB-de deponirlenýän hökmany ätiýaçlyk gorlara geçirmek üçin hasaplaşyk resminamalarynda tölegiň nobatlygy görkezilmeýär we TMB-i tarapyndan Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenýär.

172. Bankyň aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasabyndan pul serişdelerini aýyrmak ýa-da bu hasaba girdeji etmek boýunça amallar şu Düzgünnama 26-njy goşundydaky görnüş boýunça, aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasabyndan göçürme bilen tassyklanylýar. Hasapdan göçürme elektron gulluk-maglumat resminamasy (mundan beýläk – EGMR) görnüşinde berilýär. Banklar EGMR-i, Hasabyň şertnamasynda ýa-da maglumatlary goraýyş serişdelerini ulanyp elektron resminamalaryny alyşmagyň tertibini kesgitleýän şertnamada (mundan beýläk – Alyşyk şertnamasy) bellenen möhletlerde we tertipde alýarlar.

173. TMB-niň düzüm birliklerinde aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasaplary açan banklara, hasaplaşyk amallary geçirilende olary birmeňzeş anyklamak maksady bilen, hasaplaşyklara gatnaşyjylaryň bank anyklaýyş belgileri (BAB) berilýär.

Banklar, olar hakynda maglumatlaryň Türkmenistanyň banklarynyň BAB-yň sanawyna girizilen pursatyndan başlap TMB-niň düzüm birliklerine hasaplaşyk resminamalaryny iberip bilerler.

174. Ýanyna goşulan hasaplaşyk resminamalary bilen aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasabyndan göçürme alnanda, bank diňe göçürmede görkezilen salgylaryň amaly amala aşyrmak üçin esas bolup durýan degişli hasaplaşyk resminamasynyň salgylaryna doly gabat gelen ýagdaýynda, pul serişdelerini müşderä geçirýär.

175. Banklar tarapyndan TMB-niň üsti bilen amala aşyrylýan töleg:

  • serişdeleriň töleýjiniň bankynyň TMB-niň düzüm birligindäki aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasabyndan aýyrylandygy EGMR görnüşindäki göçürme arkaly tassyklanan soňra çagyrylmasyz diýip hasaplanýar;
  • serişdeleriň alyjynyň hasabyna geçirilendigi göçürme bilen tassyklanandan soňra gutarnykly diýip hasaplanýar.

176. Banklaryň ýeke-täk aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasabynyň üsti bilen geçirilýän hasaplaşyklaryny amala aşyrmagyň, hasaba almagyň we olara gözegçilik etmegiň içerki tertibi banklar tarapyndan özbaşdak kesgitlenýär we TMB-i bilen ylalaşylýar.

2-nji bap. BANKLAR TARAPYNDAN ARAGATNAŞYK (ARAGATNAŞYK KÖMEKÇI) HASABY BOÝUNÇA HASAPLAŞYK AMALLARYNY GEÇIRMEGIŇ TERTIBI

177. Eger Türkmenistanyň kanunçylygy we Hasabyň şertnamasy bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, banklaryň aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasabynda hasaba bildirilýän ähli talaplary kanagatlandyrmak üçin ýeterlik pul serişdeleriniň bolan ýagdaýynda, bu serişdeleri hasapdan aýyrmak hasabyň eýesiniň görkezmeleriniň we beýleki hasaplaşyk resminamalaryň amal gününiň dowamynda geliş tertibinde amala aşyrylýar. Hasapda serişdeleriň ýeterlikligi diýlip banklaryň aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasabyndaky pul serişdeleriniň oňa bildirilýän ähli talaplaryň möçberinden az bolmadyk galyndysynyň barlygyna ýa-da Hasabyň şertnamasynda göz öňünde tutulyp, pul möçberi hasapdaky pul serişdeleriniň galyndysyndan ýokary geçýän, hasaba bildirilen talaplar boýunça hasaplaşyk amallaryny geçirmäge mümkinçilik berýän şertleriň ýerine ýetirilmegine düşünilýär.

178. Pul serişdelerini hasapdan aýyrmak we girdeji etmek boýunça banklaryň aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasaby boýunça amala aşyrylýan amallar olaryň balansynda amallaryň TMB-niň düzüm birliginde geçirilen senesi bilen görkezilýär. Şeýle mümkinçiligiň bolmadyk ýagdaýynda, amallar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

179. Banklaryň aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasabyndaky pul serişdeleriniň oňa bildirilen talaplaryň ählisini kanagatlandyrmak üçin ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, pul serişdelerini hasapdan aýyrmak boýunça amallar şu Düzgünnamanyň 33-nji bölüminde kesgitlenen nobatlyga laýyklykda amala aşyrylýar.

180. TMB-niň düzüm birligi banklara aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasabyndan amalyň amala aşyrylandygyny tassyklaýan göçürmäni berýär.

181. Aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasabynda serişdeleriň ýeterlik bolmazlygy sebäpli amal gününiň soňunda ýerine ýetirilmedik elektron hasaplaşyk resminamalary güýçsüz hasap edilýär. Bu hasaplaşyk resminamalaryny hasaba almak, tölenmedik hasaplaşyk resminamalaryny balansdan daşgary 9844-nji hasap boýunça kartoteka ýerleşdirmek bilen, gönüden-göni töleýji bankda amala aşyrylýar.

182. Banklaryň ýüztutmasy boýunça TMB-i ýerine ýetirilmedik hasaplaşyk resminamalary hakynda maglumat berýär.

3-nji bap. TMB-NIŇ DÜZÜM BIRLIGINDÄKI TÖLENMEDIK HASAPLAŞYK RESMINAMALARYNYŇ GÜNÜŇ IÇINDÄKI KARTOTEKASYNDAN HASAPLAŞYK RESMINAMALARYNY YZYNA ÇAGYRMAGYŇ TERTIBI

183. Aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasabynda serişdeleriň ýeterlik bolmazlygy sebäpli tölenmedik we TMB-däki tölenmedik hasaplaşyk resminamalarynyň günüň içindäki kartotekasyna ýerleşdirilen hasaplaşyk resminamalaryny olaryň tölenmegine çenli yzyna almaga banklaryň hukugy bardyr. Yzyna almak bankyň TMB-niň düzüm birligine elektron görnüşde tabşyran arzasy boýunça amala aşyrylýar.

Arzada hasaplaşyk resminamasynyň belgisi, senesi, pul möçberi we töleýjiniň ady görkezilýär.

Müşderiniň tölenmedik hasaplaşyk resminamalaryny yzyna almak we gaýtarmak banklar tarapyndan müşderileriň arzalarynyň esasynda amala aşyrylýar.

184. Serişdeleri jedelsiz (akseptsiz) hasapdan aýyrmak üçin bankyň aragatnaşyk (aragatnaşyk kömekçi) hasabyna goýlan, tölenmedik hasaplaşyk resminamalary töletdirip alyjylar (alýanlar) tarapyndan, olaryň hyzmat edýän banky arkaly iberen ýazmaça arzasy boýunça, yzyna çagyrylyp bilner.

185. Töleýjiniň hasabyndan serişdeleri jedelsiz (akseptsiz) aýyrmak üçin töletdirip alyjylar tarapyndan, şeýle hem banklaryň öz amallary boýunça yzyna alnan hasaplaşyk resminamalary töleýjiniň banky tarapyndan alyjynyň (töletdirip alyjynyň) bankyna özbaşdak iberilýär.

 

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň
başlygynyň 2009-njy ýylyň 19-njy ýanwaryndakty №6
buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanda nagt däl
hasaplaşyklar hakynda Düzgünnama
3-nji goşundy

TÖLEG TABŞYRYGYNYŇ MEÝDANÇALARYNYŇ BEÝANY

Belgisi Ady Manysy
1 2 3
1 TÖLEG TABŞYRYGY Resminamanyň ady
2 g. 0401001 Resminamanyň görnüşiniň belgisi
3 _-nji (y) Resminamanyň sanlar bilen görkezilýän belgisi. Eger belgi üçden köp sanly bolsa, tölegler TMB-niň üsti bilen amala aşyrylanda, resminamanyň hasaba alynmagy belginiň «000»-dan tapawutly bolmagy zerur bolan soňky üç sany boýunça amala aşyrylýar
4 Sene Resminamanyň düzülen senesi. Güni, aýy, ýyly – sanlarda («GG.AA.ÝÝÝÝ.» görnüşde) ýa-da güni – sanlarda, aýy – söz bilen, ýyly – sanlarda (dolulygyna) görkezilýär
5 Töleýji Pul serişdelerini töleýjiniň doly ady görkezilýär
6 ŞSB Töleýjiniň Türkmenistanyň degişli salgyt gullugy tarapyndan berlen şahsy salgyt belgisi görkezilýär
7 H/b Töleýjiniň hasabynyň belgisi. Töleýjiniň oňa hyzmat edýän bankda «Şahsy hasaplar boýunça (esasy hasaplar boýunça) barlag açaryny bellemegiň Tertibine» laýyklykda düzülen şahsy hasabynyň belgisi goýulýar. TMB-niň 15.06.2000 ý. 0212/11-2810 belgili haty
8 Töleýjiniň banky Töleýjiniň bankynyň ady görkezilýär
9 Şäheri Töleýjiniň bankynyň ýerleşýän ýeri
10 BAB Töleýjiniň bankyna «Türkmenistanda BAB-niň sanawy hakynda» düzgünnama laýyklykda TMB-de berlen anyklaýyş belgisi
11 H/b Töleýjiniň bankynyň hasabynyň belgisi
12 Pul möçberi Tölegiň pul möçberi sanlarda görkezilýär, manatlar teňňelerden çyzyjak (-) belgisi bilen bölünýär. Eger tölegiň pul möçberi söz bilen doly manatlarda aňladylan bolsa, onda bu meýdançada tölegiň pul möçberi sanlar bilen manatda we deňlik (=) belgisi görkezilýär
13 Alyjy Pul serişdelerini alýanyň doly ady görkezilýär
14 ŞSB Alýanyň Türkmenistanyň degişli salgyt gullugy tarapyndan berlen şahsy salgyt belgisi görkezilýär
15 H/b Alýanyň hasabynyň belgisi. Alýanyň oňa hyzmat edýän bankda «Şahsy hasaplar boýunça (esasy hasaplar boýunça) barlag açaryny bellemegiň Tertibine» laýyklykda düzülen şahsy hasabynyň belgisi goýulýar. TMB-niň 15.06.2000 ý. 0212/11-2810 belgili haty
16 Alyjynyň banky Alýanyň bankynyň ady görkezilýär
17 Şäheri Alýanyň bankynyň ýerleşýän ýeri
18 BAB Alýanyň bankyna «Türkmenistanda BAB-niň sanawy hakynda» düzgünnama laýyklykda TMB-de berlen anyklaýyş belgisi
19 H/b Alýanyň bankynyň hasabynyň belgisi
20 Berliş usuly (elektron ýa-da kagyz görnüşde) Tölegi elektron ýa-da kagyz görnüşinde amala aşyrmak üçin, Türkmenistanyň banklaryna berilýän töleg tabşyryklarynda şertnama görä degişlilikde «elektron görnüşde» ýa-da «kagyz görnüşde» diýip ýazylýar
21 Pul möçberi söz bilen Tölegiň pul möçberi manatlarda, setiriň başyndan baş harp bilen, söz bilen görkezilýär, şunda «manat» sözi gysgaldylmaýar, teňňeler sanlarda görkezilýär, «teňňe» sözi hem gysgaldylmaýar. Eger tölegiň pul möçberi doly manatlarda görkezilen bolsa, teňňeler görkezilmän biler
22 Harytlaryň alnan, hyzmatlaryň edilen senesi Pul serişdelerini töleýjä harydyň gelen (hyzmatlaryň edilen, işleriň ýerine ýetirlen) senesi (GG.AA.ÝÝÝÝ görnüşde)
23 Amal görn. Amalyň görnüşi. Şu Düzgünnama 27-nji goşunda laýyklykda şertli belgi (**) goýulýar
24 Töleg maks. Tölegiň şertli maksady
25 Töleg möhl. Töleýji bilen serişdeleri alýanyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda tölegiň möhleti
26 Töleg nobat. Şu Düzgünnamanyň 33-nji bölümine laýyklykda tölegiň nobat yzygiderligi
27 Bank topary Töleýjä hyzmat edýän bankyň amal toparynyň (jogapkär ýerine ýetirijisiniň) belgisi
28 Tölegiň maksady Tölegiň maksady, harydyň, ýerine ýetirlen işleriň, edilen hyzmatlaryň ady, haryt resminamalarynyň, şertnamalaryň belgileri we seneleri, GBS (aýratyn setir bilen görkezilýär ýa-da salgydyň tölenmeýändigine salgylanma berilýär) görkezilýär, şeýle hem beýleki zerur maglumatlar, şol sanda salgydy ýa-da ýygymy tölemegiň möhleti, şertnama boýunça tölenmeli möhlet görkezilip bilner
29 М.Ý. Töleýjiniň möhüri üçin ýer. Töleýjiniň bankyna berlen nusga boýunça möhüriň yzy goýulýar (bar bolanda)
30 Müşderiniň gollary Töleýjiniň gollary. Töleýjiniň bankyna berlen nusgalara laýyklykda, hasaplaşyk resminamalaryna gol çekmäge hukugy bolan şahslaryň gollary (goly) goýulýar
31 Bank geçirdi Töleýjiniň bankynyň amal işgäri tarapyndan goýulýan, töleg tabşyrygynyň tölenen senesi; (GG.AA.ÝÝÝÝ. görnüşde)
32 Bankyň gollary Bankyň jogapkär ýerine ýetirijisiniň goly we möhürçesi goýulýar
33 Töleýjiniň bankyna geldi Resminamanyň töleýjiniň bankyna gelen senesi (GG.AA.ÝÝÝÝ. görnüşde)
24 A-5 Kagyzyň ölçegi

 

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň
başlygynyň 2009-njy ýylyň 19-njy ýanwaryndakty №6
buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanda nagt däl
hasaplaşyklar hakynda Düzgünnama
6-njy goşundy

MEMORIAL ORDERIŇ MEÝDANÇALARYNYŇ BEÝANY

Belgisi Ady Manysy
1 2 3
1 MEMORIAL ORDER Resminamanyň ady
2 g. 0402001 Resminamanyň görnüşiniň belgisi
3 _-nji (y) Resminamanyň sanlar bilen görkezilýän belgisi. Eger belgi üçden köp sanly bolsa, tölegler TMB-niň üsti bilen amala aşyrylanda, resminamanyň hasaba alynmagy belginiň «000»-dan tapawutly bolmagy zerur bolan soňky üç sany boýunça amala aşyrylýar
4 Sene Resminamanyň düzülen senesi. Güni, aýy, ýyly – sanlarda («GG.AA.ÝÝÝÝ.» görnüşde) ýa-da güni – sanlarda, aýy – söz bilen, ýyly – sanlarda (dolulygyna) görkezilýär
5 Töleýji Pul serişdelerini töleýjiniň doly ady görkezilýär
6 ŞSB Töleýjiniň Türkmenistanyň degişli salgyt gullugy tarapyndan berlen şahsy salgyt belgisi görkezilýär
7 H/b Töleýjiniň hasabynyň belgisi. Töleýjiniň oňa hyzmat edýän bankda «Şahsy hasaplar boýunça (esasy hasaplar boýunça) barlag açaryny bellemegiň Tertibine» laýyklykda düzülen şahsy hasabynyň belgisi goýulýar. TMB-niň 15.06.2000 ý. 0212/11-2810 belgili haty
8 Töleýjiniň banky Töleýjiniň bankynyň ady görkezilýär
9 Şäheri Töleýjiniň bankynyň ýerleşýän ýeri
10 BAB Töleýjiniň bankyna «Türkmenistanda BAB-niň sanawy hakynda» düzgünnama laýyklykda TMB-de berlen anyklaýyş belgisi
11 Pul möçberi Tölegiň pul möçberi sanlarda görkezilýär, manatlar teňňelerden çyzyjak (-) belgisi bilen bölünýär. Eger tölegiň pul möçberi söz bilen doly manatlarda aňladylan bolsa, onda bu meýdançada tölegiň pul möçberi sanlar bilen manatda we deňlik (=) belgisi görkezilýär
12 Alyjy Pul serişdelerini alýanyň doly ady görkezilýär
13 ŞSB Alýanyň Türkmenistanyň degişli salgyt gullugy tarapyndan berlen şahsy salgyt belgisi görkezilýär
14 H/b Alýanyň hasabynyň belgisi. Alýanyň oňa hyzmat edýän bankda «Şahsy hasaplar boýunça (esasy hasaplar boýunça) barlag açaryny bellemegiň Tertibine» laýyklykda düzülen şahsy hasabynyň belgisi goýulýar. TMB-niň 15.06.2000 ý. 0212/11-2810 belgili haty
15 Alyjynyň banky Alýanyň bankynyň ady görkezilýär 16 Şäheri Alýanyň bankynyň ýerleşýän ýeri
16 Şäheri Alýanyň bankynyň ýerleşýän ýeri
17 BAB Alýanyň bankyna «Türkmenistanda BAB-niň sanawy hakynda» düzgünnama laýyklykda TMB-de berlen anyklaýyş belgisi
18 Pul möçberi söz bilen Tölegiň pul möçberi manatlarda, setiriň başyndan baş harp bilen, söz bilen görkezilýär, şunda «manat» sözi gysgaldylmaýar, teňňeler sanlarda görkezilýär, «teňňe» sözi hem gysgaldylmaýar. Eger tölegiň pul möçberi doly manatlarda görkezilen bolsa, teňňeler görkezilmän biler
19 Amaly görnüşi Amalyň görnüşi. Şu Düzgünnama 27-nji goşunda laýyklykda şertli belgi (**) goýulýar
20 Tölegiň maksady Tölegiň şertli maksady
21 Tölegiň möhleti Tölegiň memorial orderiň düzülen senesinden başlap 1 (bir) senenama gününden köp bolmadyk möhleti
22 Tölegiň nobatlylygy Şu Düzgünnamanyň 33-nji bölümine laýyklykda tölegiň nobat yzygiderligi
23 Bank topary Töleýjä hyzmat edýän bankyň amal toparynyň (jogapkär ýerine ýetirijisiniň) belgisi
24 Tölegiň maksady Tölegiň maksady, harydyň, ýerine ýetirlen işleriň, edilen hyzmatlaryň ady, haryt resminamalarynyň, şertnamalaryň belgileri we seneleri, GBS (aýratyn setir bilen görkezilýär ýa-da salgydyň tölenmeýändigine salgylanma berilýär) görkezilýär, şeýle hem beýleki zerur maglumatlar, şol sanda salgydy ýa-da ýygymy tölemegiň möhleti, şertnama boýunça tölenmeli möhlet görkezilip bilner
25 Goşundy _ sahypa Memorial ordere goşundylaryň sany görkezilýär
26 Bankyň bellikleri Bankyň jogapkär ýerine ýetirijisiniň goly, möhürçesi (birinji nusgasyndan başgalarda) we memorial orderiň töleýjiniň bankynda tölenen senesi (GG.AA.ÝÝÝÝ. görnüşde) goýulýar
27 A-5 Kagyzyň ölçegi

 

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň
başlygynyň 2009-njy ýylyň 19-njy ýanwaryndakty №6
buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanda nagt däl
hasaplaşyklar hakynda Düzgünnama
9-njy goşundy

ÇEKLERIŇ SANAWYNYŇ MEÝDANÇALARYNYŇ BEÝANY

Belgisi Ady Manysy
1 2 3
1 ÇEKLERIŇ SANAWY Resminamanyň ady
2 g. 0403001 Resminamanyň görnüşiniň belgisi
3 _-nji (y) Resminamanyň sanlar bilen görkezilýän belgisi. Eger belgi üçden köp sanly bolsa, tölegler TMB-niň üsti bilen amala aşyrylanda, resminamanyň hasaba alynmagy belginiň «000»-dan tapawutly bolmagy zerur bolan soňky üç sany boýunça amala aşyrylýar
4 Sene Resminamanyň düzülen senesi. Güni, aýy, ýyly – sanlarda («GG.AA.ÝÝÝÝ.» görnüşde) ýa-da güni – sanlarda, aýy – söz bilen, ýyly – sanlarda (dolulygyna) görkezilýär
5 Çekleriň pul möçberini çek berijileriň hasaplaryndan aýryň Çek berijileriň doly ady ýa-da «dürli» diýip görkezilýär
6 Töleýjiniň banky Pul serişdelerini töleýjiniň bankynyň ady görkezilýär
7 Şäheri Pul serişdelerini töleýjiniň bankynyň ýerleşýän ýeri
8 BAB Töleýjiniň bankyna «Türkmenistanda BAB-niň sanawy hakynda» düzgünnama laýyklykda TMB-de berlen anyklaýyş belgisi
9 Dürli TMB-niň aýratyn görkezmesine çenli boş goýulýar
10 Pul möçberi Çekleriň pul möçberi sanlarda görkezilýär, manatlar teňňelerden çyzyjak (-) belgisi bilen bölünýär. Eger çekleriň pul möçberi söz bilen doly manatlarda aňladylan bolsa, onda bu meýdançada tölegiň pul möçberi sanlar bilen manatda we deňlik (=) belgisi görkezilýär
11 Alyjy Pul serişdelerini alýanyň doly ady görkezilýär
12 ŞSB Alýanyň Türkmenistanyň degişli salgyt gullugy tarapyndan berlen şahsy salgyt belgisi görkezilýär
13 Alyjynyň banky Alýanyň bankynyň ady görkezilýär
14 Şäheri Alýanyň bankynyň ýerleşýän ýeri
15 BAB Alýanyň bankyna «Türkmenistanda BAB-niň sanawy hakynda» düzgünnama laýyklykda TMB-de berlen anyklaýyş belgisi
16 H/b Pul serişdelerini alýanyň hasabynyň belgisi. Alýanyň oňa hyzmat edýän bankda «Şahsy hasaplar boýunça (esasy hasaplar boýunça) barlag açaryny bellemegiň Tertibine» laýyklykda düzülen şahsy hasabynyň belgisi goýulýar. TMB-niň 15.06.2000 ý. 0212/11-2810 belgili haty
17 Çekleriň belgileri Tölenilýän çekleriň belgileri görkezilýär
18 Debet çek berijileriň hasaplarynyň belgileri Çeklerde görkezilen şahsy hasaplaryň belgileri görkezilýär
19 Pul möçberi Çekleriň pul möçberi sanlarda görkezilýär, manatlar teňňelerden çyzyjak (-) belgisi bilen bölünýär. Eger tölegiň pul möçberi söz bilen doly manatlarda aňladylan bolsa, onda bu meýdançada tölegiň pul möçberi sanlar bilen manatda we deňlik (=) belgisi görkezilýär
20 Amal görn. Amalyň görnüşi. Şu Düzgünnama 27-nji goşunda laýyklykda şertli belgi (**) goýulýar
21 Töleg maks. Tölegiň şertli maksady
22 Töleg möhl. Tölegiň berlen çekleriň sanawynyň senesinden başlap 10 senenama gününden köp bolmadyk möhleti
23 Töleg nobat. Şu Düzgünnamanyň 33-nji bölümine laýyklykda tölegiň nobat yzygiderligi
24 Bank topary Töleýjä hyzmat edýän amal toparynyň (jogapkär ýerine ýetirijisiniň) belgisi
25 Çekleri banka beren şahsyň wezipesi we goly Çekleri banka beren şahsyň wezipesi we goly görkezilýär
26 Bank geçirdi Memorial orderiň töleýjiniň bankynda tölenen senesi (GG.AA.ÝÝÝÝ. görnüşde), amal işgäri tarapyndan goýulýar
27 Bankyň gollary Bankyň jogapkär ýerine ýetirijisiniň goly we möhürçesi goýulýar
28 A-5 Kagyzyň ölçegi

 

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň
başlygynyň 2009-njy ýylyň 19-njy ýanwaryndakty №6
buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanda nagt däl
hasaplaşyklar hakynda Düzgünnama
27-nji goşundy

Banklarda hasaplar boýunça geçirilýän resminamalaryň şertli belgileriniň
SANAWY (banklar tarapyndan doldurylýar)

Resminamanyň sanlarda şertli görkezijisi
Amalyň görkezilen resminamasynyň ady
01
Töleg tabşyrygy boýunça aýryldy, girdeji edildi
02
Töleg talapnamasy boýunça aýryldy, girdeji edildi
03
Pul çegi (çykdajy kassa orderi) nagt tölendi
04
Nagt girdeji üçin bildiriş (girdeji kassa orderi) boýunça nagt geldi
05
Töleg talapnama-tabşyrygy boýunça aýryldy, girdeji edildi
06
Inkasso tabşyrygy boýunça aýryldy, girdeji edildi
07
Hasaplaşyk çegi boýunça tölendi, geldi
08
Akkreditiwiň açylmagy, ulanylmadyk, ýatyrylan akkreditiwiň pul möçberiniň girdeji edilmegi
09
Memorial order boýunça aýryldy, girdeji edildi
10
Karzy üzmek boýunça ýokarda görkezilenlerden başga resminamalar
11
Karz bermek, karzy hasaba girdeji etmek boýunça ýokarda görkezilen amallardan başga resminamalar
12
Awizo esasynda girdeji edildi
13
Plastiki kartlary ulanmak bilen hasaplaşyklar

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2009-njy ýylyň 24-nji fewralynda bellige alyndy.

Bellige alyş sany 483.