Karz birleşmeleri hakynda

Türkmenistanyň kanuny
«Karz birleşmeleri hakynda»

Şu Kanun karz birleşmelerini döretmegiň we olaryň işlemeginiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda maliýe hyzmatlarynyň bazaryny we telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilendir.

1-nji bap. Umumy düzgünler

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

  1. karz birleşmesi – her bir gatnaşyjysynyň onuň işine şahsy gatnaşmagyna esaslanýan we olaryň pul serişdeleriniň özara karzlaşdyrmak we öz gatnaşyjylaryna beýleki maliýe hyzmatlaryny etmek maksady bilen goşulmagy arkaly döredilýän bank däl karz edarasy;
  2. pay gatanjy – karz birleşmesiniň esaslyk maýasyna onuň gatnaşyjysy tarapyndan girizilen pul serişdeleriniň möçberi.

2-nji madda. Türkmenistanyň karz birleşmeleri hakynda kanunçylygy

Türkmenistanyň karz birleşmeleri hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

3-nji madda. Karz birleşmesiniň işiniň esasy ýörelgeleri

Karz birleşmesiniň işi şu ýörelgelere esaslanýar:

  1. bähbitleriň umumylygy, deňhukukly meýletin agzalyk we özara ynanyşmak;
  2. aýanlyk;
  3. gatnaşyjylaryň karz birleşmesini dolandyrmaga şahsy gatnaşmagy;
  4. hojalyk özbaşdaklygy.

4-nji madda. Karz birleşmesiniň döwlet edaralary bilen gatnaşyklary

  1. Karz birleşmesi döwletiň borçnamalary boýunça jogap bermeýär we döwlet karz birleşmesiniň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär.
  2. Karz birleşmesi özüniň gündelik işi bilen baglanyşykly çözgütlerini kabul eden mahalynda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralaryna garaşly däldir.

2-nji bap. Karz birleşmesiniň döredilmegi, üýtgedilip guralmagy, işini bes etmegi we ýatyrylmagy

5-nji madda. Karz birleşmesiniň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy

  1. Karz birleşmesiniň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
  2. Türkmenistanyň raýatlary karz birleşmesiniň esaslandyryjylary (gatnaşyjylary) (mundan beýläk-gatnaşyjy) bolup bilerler.
    Karz birleşmesi Türkmenistanyň azyndan 11 raýatynyň başlangyjy boýunça döredilýär we olaryň onuň işine şahsy gatnaşmagyna esaslanýar.
  3. Karz birleşmesiniň döwlet dilindäki doly firma ady bolmalydyr we gysgaldylan firma adyny edinmäge haky bardyr. Şeýle hem karz birleşmesi daşary ýurt dilleriniň birindäki doly we (ýa-da) gysgaldylan firma adyny edinmäge haklydyr.
  4. Karz birleşmesiniň firma adynda "milli", "döwlet", "Türkmenistan" sözlerini ulanmaga hukugy ýokdur.

6-njy madda. Karz birleşmeleriniň birleşikleri (assosiasiýalary)

  1. Karz birleşmeleri öz gatnaşyjylarynyň bähbitlerini goramak we olara wekilçilik etmek, olaryň işini utgaşdyrmak we başga bilelikdäki wezipeleri çözmek üçin peýda almak maksadyny yzarlamaýan birleşikleri (assosiasiýalary) döredip bilerler.
    Karz birleşmeleriniň birleşiklerini (assosiasiýalaryny) döretmek we olary bellige almak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
  2. Karz birleşmeleriniň birleşikleriniň (assosiasiýalarynyň) karz birleşmesiniň wezipelerini amala aşyrmaga haky ýokdur.

7-nji madda. Karz birleşmesiniň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy

Karz birleşmesiniň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3-nji bap. Karz birleşmesinde agzalyk

8-nji madda. Karz birleşmesiniň gatnaşyjylary

  1. Gatnaşyjylaryň karz birleşmesine kabul edilmeginiň tertibi karz birleşmesiniň Müdiriýeti tarapyndan kesgitlenilýär.
    Bir karz birleşmesiniň gatnaşyjysy beýleki karz birleşmesiniň gatnaşyjysy bolup bilmez.
  2. Karz birleşmesi öz gatnaşyjylarynyň sanawyny'ýöredýär.

9-njy madda. Karz birleşmesinden çykmak

  1. Karz birleşmesiniň gatnaşyjysynyň karz birleşmesiniň öňünde borçnamalary bolmadyk halatynda ondan çykmaga hukugy bardyr.
    Şonda ol öz paý gatanjyny alyp ýa-da razylyk boýunça ony karz birleşmesiniň başga gatnaşyjysyna onuň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde berip biler.
  2. Karz birleşmesiniň gatnaşyjysy çykmagynyň çak edilýän senesine 30 gün galanda karz birleşmesiniň Müdiriýetine karz birleşmesinden çykmak maksadynyň bardygy hakynda ýazmaça görnüşde habar bermelidir.

10-njy madda. Karz birleşmesinden çykarylmak

  1. Karz birleşmesiniň gatnaşyjysy şu Kanunda bellenilen borçnamalary ýerine ýetirmedik halatynda karz birleşmesiniň Müdiriýetiniň çözgüdi bilen karz birleşmesinden çykarylyp bilner.
  2. Karz birleşmesinden çykarmak hakyndaky çözgüde gatnaşyjy tarapyndan kazyýete şikaýat edilip bilner.
  3. Gatnaşyjynyň karz birleşmesinden çykarylmagy ony karz birleşmesiniň öňündäki borçnamalaryny ýerine ýetirmekden boşatmaýar.
  4. Gatnaşyjy karz birleşmesinden çykarylan halatynda oňa öz paý gatanjy karz birleşmesiniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde, şu maddanyň üçünji böleginiň düzgünini hasaba almak bilen tölenilýär.

4-nji bap. Karz birleşmesiniň hyzmatlarynyň görnüşleri we olardan peýdalanyjylar

11-nji madda. Karz birleşmesi tarapyndan edilýän hyzmatlaryň görnüşleri

Karz birleşmesi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasy esasynda öz gatnaşyjylaryna möhletlilik, gaýtarylmak we töleglilik şertlerinde karzlary berip we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bank däl karz edaralary üçin bellenilen sanawa görä başga maliýe hyzmatlaryny edip biler.

12-nji madda. Karz birleşmesiniň hyzmatlaryndan peýdalanyjylar

  1. Diňe karz birleşmesiniň gatnaşyjylary onuň hyzmatlaryndan peýdalanyjylar bolup bilýärler.
  2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, karz birleşmesiniň öz gatnaşyjylary bilen özara gatnaşyklary hyzmatlary etmek hakyndaky şertnama esasynda amala aşyrylýar.

13-nji madda. Borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi

Karz birleşmesi karzlary borçnamanyň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan görnüşlerinde ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi, şonuň ýaly-da üpjün edilmezligi (ynanyşykly karz) şertlerinde berip biler.

5-nji bap. Karz birleşmesiniň maýasy

14-nji madda. Karz birleşmesiniň esaslyk maýasy

  1. Karz birleşmesiniň esaslyk maýasy onuň gatnaşyjylarynyň pul görnüşindäki paý gatançlarynyň möçberinden emele gelýär.
    Gatnaşyjynyň karz birleşmesine girendäki onuň esaslyk maýasyna paý gatanjynyň möçberi, ony girizmegiň tertibi we möhleti, karz birleşmesiniň Tertipnamasy bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.
  2. Döredilýän karz birleşmeleri üçin esaslyk maýanyň iň az möçberi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär.
  3. Eger esaslandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, her bir gatnaşyjynyň paý gatanjynyň karz birleşmesiniň esaslyk maýasynyň umumy möçberine bolan gatnaşygy gatnaşyjynyň karz birleşmesiniň esaslyk maýasyndaky paýy bolup durýar.
  4. Karz birleşmesiniň gatnaşyjysyna, onuň karz birleşmesiniň esaslyk maýasyndaky paý gatanjynyň möçberine çroporsionallykda hasaplanyp çykarylýan diwidendler karz birleşmesiniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde tölenilýär.
    Karz birleşmesiniň diwidendleri tölemek üçin gönükdirilýän girdejisiniň möçberi, karz birleşmesiniň gatnaşyjylarynyň umumy ýygnagy tarapyndan maliýe ýylynyň jemleri boýunça kesgitlenilýär.

15-nji madda. Karz birleşmesiniň esaslyk maýasynyň köpeldilmegi ýa-da azaldylmagy

Karz birleşmesiniň esaslyk maýasynyň köpeldilmegi ýa-da azaldylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

6-njy bap. Karz birleşmesiniň we onuň gatnaşyjylarynyň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi

16-njy madda. Karz birleşmesiniň hukuklary we borçlary

  1. Karz birleşmesiniň şulara hukugy bardyr:
    1. karz birleşmesiniň gatnaşyjylarynyň pul serişdelerini esaslyk maýasyna paý gatanjy hökmünde çekmäge;
    2. öz gatnaşyjylaryna karz birleşmesiniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde karzlary bermäge;
    3. erkin pul serişdelerini karz edaralarynda goýumlar (depozitler) görnüşinde ýerleşdirmäge;
    4. gatnaşyjylardan karz birleşmesiniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde we möhletlerde esaslyk maýa paý gatanjyny girizmegini talap etmäge;
    5. gatnaşyjylardan karzyň berilmegi we şertnama boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan resminamalary sorap almaga;
    6. eger bu şertnamada göz öňünde tutulan bolsa, berlen karzyň möçberini we olar boýunça hasaplanyp ýazylan göterimleri möhletinden öň tutup almaga.
  2. Karz birleşmesi şulara borçludyr:
    1. gatnaşyja karz bermegiň we başga maliýe hyzmatlaryny etmegiň tertibi we şertleri hakynda, onuň hukuklary we borçlary hakynda ygtybarly we doly maglumatlary habar bermäge;
    2. şertnamada bellenilen tertipde, möhletlerde we şertlerde karz bermäge we başga maliýe hyzmatlaryny etmäge;
    3. berlen karzlar we başga maliýe hyzmatlary boýunça bergileriň tutulyp alynmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ähli çäreleri görmäge.
  3. Karz birleşmesiniň Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz Tertipnamasyna laýyklykda başga hukuklary bolup biler we ol gaýry borçlary çekip biler.

17-nji madda. Karz birleşmesiniň gatnaşyjylarynyň hukuklary we borçlary

  1. Karz birleşmesiniň gatnaşyjysynyň şulara hukugy bardyr:
    1. karz birleşmesiniň hyzmatlaryndan peýdalanmaga;
    2. karz birleşmesiniň işiniň meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmäge gatnaşmaga;
    3. karz birleşmesiniň Tertipnamasyna laýyklykda onuň dolandyryş we gözegçilik edaralarynyň düzümine saýlanmaga;
    4. karz birleşmesiniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde diwidendleri almaga;
    5. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz birleşmesiniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde öz paý gatanjyny aýrybaşgalamaga;
    6. karz birleşmesiniň wezipeli adamlaryndan karz birleşmesiniň işi hakynda zerur maglumatlary almaga;
    7. karz birleşmesiniň agzalygyndan çykmaga we karz birleşmesiniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde paý gatanjynyň we diwidendleriň pul möçberini almaga;
    8. karz birleşmesiniň dolandyryş edaralarynyň çözgütlerine kazyýete şikaýat etmäge.
  2. Karz birleşmesiniň gatnaşyjysy şulara borçludyr:
    1. karz birleşmesiniň esaslyk maýasyna onuň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde we möhletlerde paý gatanjyny girizmäge;
    2. karz birleşmesiniň Tertipnamasynda we beýleki içki namalarynda göz öňünde tutulan talaplary we düzgünleri berjaý etmäge;
    3. karz birleşmesine karz almak üçin we şertnama boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan resminamalary bermäge;
    4. alnan karzy şertnamada bellenilen tertipde we möhletlerde yzyna gaýtarmaga;
    5. karz birleşmesiniň dolandyryş we gözegçilik edaralarynyň öz ygtyýarlylygyna laýyklykda kabul eden çözgütlerini ýerine ýetirmäge.
  3. Karz birleşmesiniň gatnaşyjysynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna we karz birleşmesiniň Tertipnamasyna laýyklykda başga hukuklary bolup biler we ol gaýry borçlary çekip biler.

18-nji madda. Karz birleşmesiniň we onuň gatnaşyjylarynyň jogapkärçiligi

  1. Karz birleşmesi öz borçnamalary boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jerime salnyp bilinjek ähli özüne degişli emlägi bilen jogapkärçilik çekýär.
  2. Karz birleşmesiniň gatnaşyjylary karz birleşmesiniň borçnamalary boýunça karz birleşmesiniň esaslyk maýasyndaky öz paý gatançlarynyň çäklerinde raýdaşlykda jogapkärçilik çekýärler.

7-nji bap. Karz birleşmesini dolandyrmak.
Karz birleşmeleriniň işini düzgünleşdirmek we işine gözegçilik barlagyny geçirmek

19-njy madda. Karz birleşmesiniň dolandyryş edaralary

  1. Karz birleşmesini dolandyrmak şu edaralar tarapyndan amala aşyrylýar:
    1. gatnaşyjylarynyň umumy ýygnagy;
    2. ýeke-täk (karz birleşmesiniň Başlygy) we (ýa-da) kollegial (karz birleşmesiniň Müdiriýeti) ýerine ýetiriji edaralar.
  2. Gatnaşyjylaryň umumy ýygnagy karz birleşmesiniň iň ýokary dolandyryş edarasy bolup durýar.
  3. Karz birleşmesiniň dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy, emele geliş tertibi we işiniň guralyşy, şeýle hem olaryň ygtyýarlylýk möhletleri karz birleşmesiniň Tertipnamasy bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

20-nji madda. Karz birleşmeleriniň işiniň esasy düzgünleri

Karz birleşmesi öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasyna hem-de öz Tertipnamasyna laýyklykda özbaşdaklykda guraýar we amala aşyrýar.

21-nji madda. Karz birleşmesiniň bank işiniň ygtyýarlylandyrylmagy

  1. Karz birleşmesiniň bank işiniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
  2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasy bolmazdan bank işini amala aşyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

22-nji madda. Karz birleşmesiniň işiniň bank tarapyndan düzgünleşdirilmegi we bank gözegçilik barlagy

  1. Karz birleşmesiniň işiniň bank tarapyndan düzgünleşdirilmegi we bank gözegçilik barlagy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky karz birleşmesiniň dolandyryş edarasyna bank gözegçilik barlagy tertibinde geçirilen barlaglaryň netijeleri hakynda habar berýär.
  3. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň karz birleşmesiniň işinde düzgün bozmalary ýüze çykaran halatlarynda oňa Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jerimeleri ulanmaga haky bardyr.

23-nji madda. Karz birleşmesine salgyt salynmagy

Karz birleşmesine salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

8-nji bap. Karz birleşmelerinde hasaba alyş we hasabatlylyk

24-nji madda. Karz birleşmelerinde buhgalterçilik hasaba alnyşy we hasabatlylyk

  1. Karz birleşmesiniň maliýe ýyly diýip 1-nji ýanwardan 31-nji dekabry öz içine alýan döwür (senenama ýyly) bellenilýär.
  2. Karz birleşmeleri buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegi, maliýe we statistik hasabatlylygynyň düzülmegini we berilmegini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edýärler.

25-nji madda. Karz birleşmeleri tarapyndan resminamalaryň hasaba alnyşy we saklanylyşy

Karz birleşmeleri resminamalaryň pugta hasaba alynmagyny we saklanylmagyny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün etmäge borçludyr.

9-njy bap. Audit we karz birleşmesiniň işiniň barlagy

26-njy madda. Audit

  1. Karz birleşmesi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen talaplara laýyklykda töwekgelçiliklere içki gözegçiligi guramaga borçludyr.
  2. Karz birleşmesiniň ýyllyk maliýe hasabatlylygynyň daşarky auditor barlagy karz birleşmesi tarapyndan kesgitlenilýän garaşsyz auditor guramasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
  3. Karz birleşmesiniň şol bir auditor guramasyny yzygider bäş ýyldan köp möhlete auditor bellemäge haky ýokdur.

27-nji madda. Karz birleşmesiniň işiniň barlagy

  1. Degişli döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny üpjün etmäge ygtyýarly edilen döwlet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ygtyýarlylygynyň çäklerinde we Türkmenistanyň Merkezi bankyny mälim etmek bilen karz birleşmesiniň barlaglaryny amala aşyrýarlar.
  2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen döwlet edaralary döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny amala aşyran mahalynda alan maglumatlarynyň ýaşyrynlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.

10-njy bap. Jemleýji düzgünler

28-nji madda. Jedelleriň çözlüşi

Karz birleşmeleriniň işiniň barşynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

29-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

30-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.
2011-nji ýylyň 4-nji awgusty.
№ 208-IV.