Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda

Türkmenistanyň Kanuny
«Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda»

Şu Kanun mikromaliýe guramalaryny döretmegiň we olaryň işlemeginiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda maliýe hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

1-nji bap. Umumy düzgünler

1-nji madda. Esasy düşünjeler

  1. Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
    1. mikrokarz – mikromaliýe guramasy tarapyndan karz şertamasy boýunça möhletlilik we gaýtarylmak, şertnamada göz öňünde tutulan ýagdaýlarda bolsa – töleglilik şertlerinde karz alyja berilýän, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen limitden geçmeýän möçberdäki karz;
    2. mikrokredit – mikromaliýe guramasy tarapyndan şertnama boýunça möhletlilik, gaýtarylmak we töleglilik şertlerinde karz alyja berilýän, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen limitden geçmeýän möçberdäki kredit;
    3. mikrolizing – mikromaliýe guramasy tarapyndan, lizing alyjynyň sargydy boýunça, üçünji tarapdan Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen limitden geçmeýän möçberde emlägiň edinilmegi we onuň lizing alyja, lizing şertnamasynda kesgitlenilen möhletde we şertlerde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ulanylmaga berilmegi;
    4. mikromaliýeleşdirme – mikromaliýe guramasy tarapyndan fiziki we ýuridik şahslara şertnama boýunça mikromaliýe hyzmatlarynyň edilmegi;
    5. mikromaliýe guramasy – Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasyna laýyklykda mikromaliýe hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan bank däl karz edarasy.

2-nji madda. Türkmenistanyň mikromaliýeleşdirme hakynda kanunçylygy

  1. Türkmenistanyň mikromaliýeleşdirme hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
  2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary we esasy wezipeleri

  1. Türkmenistanda maliýe hyzmatlarynyň bazaryny mundan beýläk hem ösdürmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek şu Kanunyň maksatlary bolup durýar.
  2. Şu Kanunyň esasy wezipeleri:
    1. mikromaliýeleşdiriş çygrynda maliýe durnuklylygyny üpjün etmek;
    2. mikromaliýeleşdiriş hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek we onuň işiniň netijeli guralyny üpjün etmek;
    3. päk ýürekli bäsdeşligi ösdürmek;
    4. ilatyň, kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň maliýe gorlaryndan peýdalanyp bilmeklerini ýönekeýleşdirmek;
    5. raýatlara – öz işini guramagy üçin, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine täjirçiligi ösdürmek üçin mümkinçilik döretmek, bolup durýar.

4-nji madda. Mikromaliýe guramasynyň döwlet edaralary we Türkmenistanyň Merkezi banky bilen gatnaşyklary

  1. Mikromaliýe guramasy öz işini öz Tertipnamasyna laýyklykda özbaşdaklykda guraýar we amala aşyrýar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeler muňa degişli däldir.
  2. Mikromaliýe guramasy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň borçnamalary boýunça Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mikromaliýe guramasynyň borçnamalary boýunça jogap bermeýşi ýaly jogapkärçilik çekmeýär, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şeýle borçnamalary öz üstüne alan halatlary muňa degişli däldir.
  3. Mikromaliýe guramalary mikromaliýe hyzmatlaryny etmek boýunça gündelik işi bilen baglanyşykly çözgütleri kabul edenlerinde döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryna, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralaryna garaşly däldir.

2-nji bap. Mikromaliýe guramasynyň döredilmegi we onuň işiniň amala aşyrylmagy. Mikromaliýe guramasynyň üýtgedilip guralmagy, işini bes etmegi we ýatyrylmagy

5-nji madda. Mikromaliýe guramasynyň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy

  1. Mikromaliýe guramasynyň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
  2. Mikromaliýe guramalary ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti görnüşinde döredilýärler.
  3. Mikromaliýe guramasynyň degişli guramaçylyk-hukuk görnüşindäki ýuridik şahs üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslandyryş resminamalary bolmalydyr.
  4. Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň ýuridik we fiziki şahslary, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlar mikromaliýe guramasynyň esaslandyryjylary bolup bilerler, şu maddanyň altynjy böleginde görkezilen şahslar muňa degişli däldir.
  5. Esaslandyryjylaryň, şeýle hem affilirlenen şahslaryň işjeňlik abraýyna we maliýe ýagdaýyna bildirilýän talaplar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýär.
  6. Şular mikromaliýe guramasynyň esaslandyryjylary bolup bilmeýärler:
    1. offşor zolaklarynda bellige alnan ýa-da esaslandyryjylar hökmünde offşor zolaklarynda bellige alnan affilirlenen şahslary, ýa-da offşor zolaklarynyň çäginde ýaşaýan ýa-da offşor zolaklarynda bellige alnan ýuridik şahslaryň esaslandyryjylary bolup durýan fiziki şahslary bolan ýuridik şahslar;
    2. döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, dini guramalar;
    3. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga şahslar.
  7. Mikromaliýe guramasynyň döwlet dilindäki doly firma ady bolmalydyr we gysgaldylan firma adyny edinmäge haky bardyr. Mikromaliýe guramasy daşary ýurt dilleriniň birindäki doly we (ýa-da) gysgaldylan firma adyny edinmäge haklydyr.
  8. Mikromaliýe guramasynyň firma adynda "milli", "döwlet", "Türkmenistan" sözlerini ulanmaga hukugy ýokdur.

6-njy madda. Mikromaliýe guramasy tarapyndan edilýän hyzmatlaryň görnüşleri

Mikromaliýe guramasy degişli ygtyýarnamasy bolan mahalynda mikrolizing amallaryny, mikrokarzlary, mikrokreditleri bermegi we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bank däl karz edaralary üçin bellenilen sanawa laýyklykda beýleki mikromaliýe hyzmatlaryny amala aşyryp biler.

7-nji madda. Mikromaliýe guramasynyň şahamçalarynyň döredilmegi

  1. Mikromaliýe guramalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şahamçalaryny döredip biler.
  2. Mikromaliýe guramasy Türkmenistanyň Merkezi bankyna şahamçalarynyň döredilendigi we işe başlandygy, şeýle hem olaryň öz işini bes edendigi hakynda ýazmaça görnüşde habar berýär.
  3. Mikromaliýe guramalarynyň şahamçalary mikromaliýe guramasynyň adyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda mikromaliýe hyzmatlarynyň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga haklydyr.
  4. Mikromaliýe guramasy öz şahamçalarynyň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekýär.

8-nji madda. Mikromaliýe guramasynyň esaslyk maýasy

  1. Mikromaliýe guramasynyň esaslyk maýasy onuň esaslandyryjylarynyň edinen paýnamalary üçin girizen pul görnüşindäki goýumlarynyň möçberinden emele gelýär.
  2. Döredilýän mikromaliýe guramalary üçin esaslyk maýanyň iň az möçberi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär.
  3. Mikromaliýe guramasynyň paýnamalarynyň çykarylmagy, ýerleşdirilmegi, edinilmegi, yzyna satyn alynmagy onuň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
  4. Mikromaliýe guramasy döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyna çenli esaslandyryjylar tarapyndan onuň esaslyk maýasynyň azyndan ýarysy we döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyndan soň on iki aýyň dowamynda dolulygyna tölenilmelidir.

9-njy madda. Mikromaliýe guramasynyň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy

Mikromaliýe guramasynyň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3-nji bap. Mikromaliýe hyzmatlaryny etmegiň tertibi

10-njy madda. Mikromaliýe hyzmatlaryny etmek üçin serişdeler

  1. Mikromaliýe guramasy mikromaliýe hyzmatlaryny öz hususy serişdeleriniň hasabyna amala aşyrýar.
  2. Mikromaliýe guramasy Türkmenistanyň kanuncylygyna laýyklykda aktiwler boýunça bolup biljek ýitgileriň üstüni dolmak üçin ätiýaçlyklary döretmäge borçludyr.

11-nji madda. Mikromaliýe hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin berilýän resminamalar

Karz alyjy mikromaliýe hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin mikromaliýe guramasyna mikromaliýe hyzmatlaryny almak üçin arza (mundan beýläk – arza) we özüniň işi we girdejileri hakynda maglumatlary özünde jemleýän resminamalary berýär. Arzada berlen wagty görkezilip, karz alyjy tarapyndan gol çekilýär.

12-nji madda. Arzada görkezilýän maglumatlar

Arzada karz alyjy tarapyndan şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:

  1. ýuridik şahs üçin – doly ady, ýerleşýän ýeri (ýuridik salgysy), şahsy salgyt belgisi we bank rekwizitleri;
  2. fiziki şahs üçin – familiýasy, ady, atasynyň ady, pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň) seriýasy we san belgisi, hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy (karz alyjy-fiziki şahs-hususy telekeçi üçin goşmaça şahsy salgyt belgisi we bank rekwizitleri);
  3. mikromaliýe hyzmatynyň görnüşi, peýdalanylyşynyň maksady;
  4. pul serişdeleriniň zerur möçberi we yzyna gaýtarylyş möhletleri;
  5. karz alyjynyň arza beren senesiniň öňündäki ýyl üçin resminamalaýyn tassyklanylan girdejileri.

13-nji madda. Arza seretmek

  1. Mikromaliýe guramasy arza alan gününden başlap on iş gününiň dowamynda oňa seretmäge we mikromaliýe hyzmatynyň edilmegi ýa-da delillendirmek bilen, ondan boýun gaçyrylmagy hakynda çözgüt kabul etmäge borçludyr.
  2. Mikromaliýe guramasy arza sereden mahalynda:
    1. berlen resminamalar esasynda karz alyjynyň karzyny üzmäge bolan ukyplylygyny;
    2. arzada görkezilen maglumatlaryň ygtybarlydygyny, kesgitleýär.
  3. Mikromaliýe guramasy mikromaliýe hyzmatyny etmekden boýun gaçyran halatynda, şeýle çözgüdini delillendirmäge we çözgüt kabul edenden soň üç iş gününiň dowamynda ol barada karz alyja ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyr.

14-nji madda. Mikromaliýe hyzmatlaryny etmek hakynda şertnama

  1. Mikromaliýe guramasy tarapyndan mikromaliýe hyzmatyny etmek hakynda çözgüt kabul edilen halatynda onuň we karz alyjynyň arasynda mikromaliýe hyzmatyny etmek hakynda ýazmaça görnüşde şertnama (mundan beýläk – şertnama) baglaşylýar.
  2. Mikromaliýe guramasy şertnama baglaşylmazdan öň karz alyjyny mikromaliýe hyzmatlaryny etmegiň şertleri bilen tanyşdyrmaga borçludyr.

15-nji madda. Şertnamanyň mazmuny

  1. Şertnamada şu aşakdakylar görkezilýär:
    1. mikromaliýe guramasynyň doly firma ady, guramaçylyk-hukuk görnüşi, onuň ýerleşýän ýeri (ýuridik salgysy), şahsy salgyt belgisi we bank rekwizitleri;
    2. karz alyjynyň-ýuridik şahsyň doly ady, ýerleşýän ýeri (ýuridik salgysy), şahsy salgyt belgisi we bank rekwizitleri ýa-da karz alyjynyň-fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady, pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynyň) seriýasy we san belgisi, hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy (karz alyjy-fiziki şahs-hususy telekeçi üçin goşmaça şahsy salgyt belgisi we bank rekwizitleri);
    3. mikromaliýe hyzmatynyň umumy möçberi we maksady;
    4. mikromaliýe hyzmatlary boýunça göterimleriň pul möçberleri ýa-da tölegleriň möçberleri;
    5. mikromaliýe hyzmatyny etmegiň tertibi, şertleri we möhletleri;
    6. mikromaliýe hyzmaty boýunça esasy bergini gaýtarmagyň, şeýle hem bu hyzmat boýunça göterimleri ýa-da tölegleri tölemegiň tertibi we möhletleri;
    7. taraplaryň hukuklary we borçlary;
    8. tölegleriň amala aşyrylmagynyň möhletleri boýunça borçnamalaryň bozulandygy üçin jogapkärçiligi hem goşmak bilen, taraplaryň şertnamanyň bozulandygy üçin emläk jogapkärçiligi;
    9. şertnamanyň hereket edýän möhleti;
    10. şertnamany üýtgetmegiň we bozmagyň tertibi.
  2. Şertnamada Türkmenistanyň kanunçylygynalaýyklykda başga şertler hem göz öňünde tutulyp bilner.

16-njy madda. Şertnamanyň şertleriniň üýtgedilmegi we onuň bozulmagy

  1. Mikromaliýe guramasynyň şertnamanyň şertlerini birtaraplaýyn tertipde üýtgetmäge hukugy ýokdur, şeýle hukugyň şertnamada göz öňünde tutulan halaty, şeýle hem şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halaty muňa degişli däldir.
  2. Karz alyjy şertnama baglaşan gününden başlap iki hepdäniň dowamynda, bu barada mikromaliýe guramasyna ýazmaça habar bermek arkaly mikromaliýe hyzmatynyň peýdalanylmadyk möçberinden boýun gaçyrmaga haklydyr.
  3. Eger karz alyjy şertnama baglaşylan gününden başlap bir aýyň dowamynda mikromaliýe hyzmatyndan peýdalanmadyk bolsa, mikromaliýe guramasy birtaraplaýyn tertipde ol barada karz alyja ýazmaça görnüşde habar bermek arkaly şertnamany bozmaga haklydyr.
  4. Şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerine laýyklykda ýazmaça habaryň ugradylan senesi diýlip onuň gowşurylan senesi ýa-da habaryň poçta bilen ugradylan senesi hasap edilýär.

17-nji madda. Karz alyjynyň hukuklary we borçlary

  1. Karz alyjynyň şulara hukugy bardyr:
    1. mikromaliýe hyzmatlarynyň edilmeginiň tertibi we şertleri, öz hukuklary we borçlary hakynda ygtybarly we doly maglumat almaga;
    2. mikromaliýe guramasyndan şertnamada bellenilen tertipde we möhletlerde şertnamanyň şertleriniň ýerine ýetirilmegini talap etmäge;
    3. mikromaliýe guramasyndan şertnama boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmändigi ýa-da bolmalysy ýaly ýerine ýetirilmändigi netijesinde ýetirilen ýitgileriň öweziniň dolunmagyny talap etmäge.
  2. Karz alyjy şulara borçludyr:
    1. mikromaliýe hyzmatyny almagy we şertnama boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin zerur bolan resminamalary bermäge;
    2. mikromaliýe hyzmatynyň edilmegi tertibinde alnan pul möçberlerini şertnamada göz öňünde tutulan maksatlaýyn wezipesi boýunça peýdalanmaga;
    3. şertnamada bellenilen tertipde we möhletlerde borçnamalaryny ýerine ýetirmäge.
  3. Karz alyjy Türkmenistanyň kanunçylygyna we şertnama laýyklykda başga hukuklary edinip we başga borçlary çekip biler.

18-nji madda. Mikromaliýe guramasynyň hukuklary we borçlary

  1. Mikromaliýe guramasynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
    1. şertnama laýyklykda mikromaliýe hyzmatlaryny etmäge;
    2. karz alyjydan mikromaliýe hyzmatlaryny etmek we şertnama boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek üçin zerur bolan resminamalary sorap almaga;
    3. eger bu şertnamada göz öňünde tutulan bolsa mikromaliýe hyzmatynyň berlen möçberlerini we olar boýunça hasaplanyp çykarylan göterimleri möhletinden öň tutup almaga, şeýle hem şuKanunyň 19-njy maddasyna laýyklykda girewine goýlan emlägiň hasabyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde töletdirip almaga;
    4. mikromaliýe hyzmatyny etmekden delillendirmek bilenboýun gaçyrmaga.
  2. Mikromaliýe guramasy şulara borçludyr:
    1. karz alyja mikromaliýe hyzmatlaryny etmegiň tertibi weşertleri hakynda, onuň hukuklary we borçlary hakynda ygtybarly we doly maglumatlary habar bermäge;
    2. şertnamada bellenilen tertipde, möhletlerde we şertlerde mikromaliýe hyzmatlaryny etmäge;
    3. şertnama boýunça borçnamalary ýerine ýetirmändiginiň ýa-da bolmalysy ýaly ýerine ýetirmändiginiň netijesinde karz alyja ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmaga.
  3. Mikromaliýe guramasynyň Türkmenistanyňkanunçylygyna we şertnama laýyklykda başga hukuklary we borçlary bolup biler.

19-njy madda. Şertnama boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi

  1. Mikromaliýe guramasy borçnamanyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmeginde mikromaliýe hyzmatyny edip biler.
  2. Karz alyjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi:
    1. bankyň kepillendirmesi;
    2. zamunçylyk;
    3. emlägiň, şol sanda döwlet we beýleki gymmatly kagyzlarynyň girewe goýulmagy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki görnüşlerdäki borçnamalar bilen, üpjün edilip bilner.
  3. Mikromaliýe guramasy üpjünçiliksiz mikromaliýe hyzmatyny (ynanyşykly mikromaliýe hyzmaty) etmek hakynda çözgüdi kabul etmäge haklydyr.
  4. Mikromaliýe guramasy berginiň töledilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ähli çäreleri görmäge borçludyr.

20-nji madda. Affilirlenen şahsa mikromaliýe hyzmatlaryny etmek

Affilirlenen şahsa mikromaliýe hyzmatlaryny etmek Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

21-nji madda. Mikromaliýe guramasynyň täjirçilik syry

  1. Mikromaliýe guramasynyň täjirçilik syryna degişli maglumatlar we olaryň berlip bilinjek adamlarynyň toparlary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
  2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, mikromaliýe guramasynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly özlerine mälim bolan täjirçilik syryny we başga gulluk maglumatyny ýaýmaga, şeýle hem ony şahsy bähbitleri üçin peýdalanmaga hukugy ýokdur.

4-nji bap. Mikromaliýe guramalarynyň işini düzgünleşdirmek we olaryň işine gözegçilik barlagyny amala aşyrmak

22-nji madda. Mikromaliýe guramalarynyň işiniň esasy düzgünleri

  1. Mikromaliýe guramasy öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň namalaryna we ygtyýarnamasyna hem-de öz Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrýar.
  2. Mikromaliýe guramasy netijeli işlemek üçin şulara borçludyr:
    1. maýasynyň ýeterlikligini we onuň ukyplylygyny saklamaga;
    2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aktiwleri boýunça bolup biljek ýitgileriň öwezini dolmak üçin ätiýaçlyklary döretmäge;
    3. töwekgelçilikleri netijeli dolandyrmagy amala aşyrmaga.
  3. Mikromaliýe guramalary Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän hökmany ykdysady kadalaşdyryjylary we ätiýaçlyk talaplary ýerine ýetirmelidirler.

23-nji madda. Mikromaliýe guramasynyň bank işiniň ygtyýarlylandyrylmagy

  1. Türkmenistanda mikromaliýe guramasynyň bank işiniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
  2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasy bolmazdan bank işiniň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

24-nji madda. Mikromaliýe guramasynyň işiniň bank düzgünleşdirmesi we bank gözegçilik barlagy

  1. Mikromaliýe guramasynyň işiniň bank düzgünleşdirmesi we bank gözegçilik barlagy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky mikromaliýe guramasynyň dolandyryş edarasyna bank gözegçilik barlagy tertibinde geçirilen barlagyň netijeleri hakynda habar berýär.
  3. Mikromaliýe guramasynyň işinde düzgün bozmalar ýüze çykarylan halatlarynda Türkmenistanyň Merkezi banky oňa Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen temmileri ulanmaga haklydyr.

25-nji madda. Mikromaliýe guramasyna salgyt salynmagy

Mikromaliýe guramasyna we onuň agzalaryna salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

5-nji bap. Mikromaliýe guramalarynda hasaba alyş we hasabatlylyk

26-njy madda. Mikromaliýe guramalarynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we hasabatlylyk

  1. Mikromaliýe guramasynyň maliýe ýyly diýip 1-nji ýanwardan 31-nji dekabry öz içine alýan döwür (senenama ýyly) bellenilýär.
  2. Mikromaliýe guramalary buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegi, maliýe we statistik hasabatlylygyň düzülmegini we berilmegini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün edýärler.

27-nji madda. Mikromaliýe guramalary tarapyndan resminamalaryň hasaba alnyşy we saklanylyşy

Mikromaliýe guramalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resminamalaryň pugta hasaba alnyşyny we saklanylyşyny üpjün etmäge borçludyrlar.

6-njy bap. Audit we mikromaliýe guramasynyň işiniň barlagy

28-nji madda. Audit

  1. Mikromaliýe guramasy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen talaplara laýyklykda töwekgelçiliklere içerki gözegçiligi guramaga borçludyr.
  2. Mikromaliýe guramasynyň ýyllyk maliýe hasabatlylygynyň daşarky auditor barlagy mikromaliýe guramasy tarapyndan kesgitlenilýän garaşsyz auditor guramasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
  3. Mikromaliýe guramasynyň şol bir auditor guramasyny yzygider bäş ýyldan köp möhlete auditor bellemäge haky ýokdur.

29-njy madda. Mikromaliýe guramasynyň işiniň barlagy

  1. Degişli döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny üpjün etmäge ygtyýarly edilen döwlet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we Türkmenistanyň Merkezi bankyny mälim etmek bilen mikromaliýe guramasynyň barlaglaryny amala aşyrýar.
  2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen döwlet edaralary döwlet gözegçiligini we gözegçilik barlagyny amala aşyran mahalynda alan maglumatlarynyň ýaşyrynlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.

7-nji bap. Jemleýji düzgünler

30-njy madda. Jedelleriň çözülişi

Mikromaliýe guramalarynyň işiniň barşynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

31-nji madda. Şu Kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

32-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

  1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
  2. Türkmenistanyň şu Kanuna çapraz gelýän kadalaşdyryjy hukuk namalary ol güýje giren gününden başlap üç aýyň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.
2011-nji ýylyň 1-nji oktýabry.
№ 230-IV.