Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda

Türkmenistanyň kanuny
«Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda»

Şu Kanun daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmagyň we pula gözegçilik etmegiň hukuk esaslaryny we ýörelgelerini belleýär, Türkmenistanda döwletiň ýeke-täk pul syýasatyny amala aşyrmaga, Türkmenistanda milli puluň pugtalygyny we pul bazarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir, puly kadalaşdyryş edaralarynyň ygtyýarlylygyny, dahyllylaryň we dahylsyzlaryň, pula gözegçilik edýän edaralaryň we agentleriň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.

I bölüm. Umumy düzgünler

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

  1. Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
    1. pul:
    2. a) döwletde (döwletler toparynda) kanuny töleg serişdesi hökmünde kabul edilen we dolanyşykda duran banknotlar, gazna biletleri we şaýy pul görnüşindäki, şol sanda gymmat bahaly metallardan ýasalan pul belgileri (dolanyşykdan aýrylan ýa-da aýrylýan, emma dolanyşykda duran pul belgilerine çalşylmaga degişlilerini hem goşmak bilen);

      b) döwletde (döwletler toparynda) kabul edilen pul birliklerindäki, şeýle hem halkara pul ýa-da hasaplaşyk birliklerindäki bank hasaplarynda (goýumlarynda) duran serişdeler;

    3. milli pul – hasaplaşyklarda we töleglerde ulanylmagy üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan dolanyşyga göýberilýän Türkmenistanyň puly;
    4. daşary ýurt puly – daşary ýurt döwletiniň puly, şeýle hem halkara pul ýa-da hasaplaşyk birlikleri;
    5. puluň hümmeti – bir döwletiň (döwletler toparynyň) pul birliginiň başga döwletiň (döwletler toparynyň) pul birliklerinde aňladylýan bahasy, şol sanda:
    6. a) Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän puluň resmi hümmeti;

      b) islegiň we teklibiň esasynda pul bazarynyň gatnaşyjylary tarapyndan bellenilýän puluň bazar hümmeti;

    7. ätiýaçlyk pul – Türkmenistanyň daşary söwda işinde ulanýan erkin ýörgünli pulunyň (halkara amallarynda çäklendirilmesiz çalşylýan) esasy görnüşi (esasy görnüşleri);
    8. pul gymmatlyklary:
    9. a) milli pul, özleri bilen dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasyndaky, şeýle hem dahylsyzlaryň arasyndaky amallar ýerine ýetirilen ýagdaýynda bellenilen gymmaty milli pulda aňladylan gymmat bahaly kagyzlar we töleg resminamalary;

      b) daşary ýurt puly;

      ç) daşary ýurt pulundaky gymmat bahaly kagyzlar (paýnamalar, obligasiýalar we beýlekiler), şeýle hem töleg resminamalary (çekler, wekseller, güwälendiriş hasaplar we beýlekiler);

    10. pul hasaby – pul gymmatlyklaryny hasaba almak we saklamak hem-de pul amallaryny amala aşyrmak üçin niýetlenilen, ygtyýarly karz edarasynda fiziki şahsa (şol sanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçä-fiziki şahsa) ýa-da ýuridik şahsa (şahamçasyna, wekilhanasyna) açylýan hasap (goýum);
    11. pul amallary:
    12. a) eýeçilik hukugynyň we beýleki hukuklaryň pul gymmatlyklaryna geçmegi bilen baglanyşykly amallar, şeýle hem pul gymmatlyklarynyň töleg serişdesi hökmünde ulanylmagy;

      b) pul gymmatlyklarynyň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi we Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi;

      ç) pul gymmatlyklarynyň şol bir şahsyň Türkmenistanyň çäginden daşarda açylan hasabyndan (goýumyndan) Türkmenistanyň çäginde açylan hasabyna (goýumyna) we Türkmenistanyň çäginde açylan hasabyndan (goýumyndan) Türkmenistanyň çäginden daşarda açylan hasabyna (goýumyna) geçirilmegi;

    13. dahyllylar:
    14. a) Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ýa-da Türkmenistanyň çäginden daşarda wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlary-fiziki şahslar (şol sanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçiler-fiziki şahslar), muňa daşary ýurt döwletinde ýaşamaga hukuk berýän, şol döwletiň kanunçylygyna laýyklykda berlen resminamasy bolan Türkmenistanyň raýatlary degişli däldir;

      b) Türkmenistanyň çäginde ýaşamaga hukuk berýän, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berlen resminamasy bolan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar-fiziki şahslar (şol sanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçiler-fiziki şahslar);

      ç) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, Türkmenistanyň çäginde we onuň çäginden daşarda ýerleşýän ýuridik şahslar (olaryň şahamçalary, wekilhanalary);

      d) Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary we Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän Türkmenistanyň başga resmi wekilhanalary, şeýle hem Türkmenistanyň döwletara, hökümetara, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary;

    15. dahylsyzlar:
    16. a) şu bölegiň 9-njy bendiniň "a" we "b" kiçi bentlerine laýyklykda dahyllylar bolup durmaýan fiziki şahslar;

      b) daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän ýuridik şahslar;

      ç) daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän ýuridik şahslar bolup durmaýan guramalar;

      d) Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän, şu bendiň "b" we "ç" kiçi bentlerinde görkezilen dahylsyzlaryň şahamçalary, wekilhanalary we beýleki aýrybaşgalanan birlikleri;

      e) daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary we şol döwletleriň döwletara, hökümetara, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary;

      ä) daşary ýurt döwletleri, olaryň dolandyryş-çäk birlikleri;

      f) döwletara, hökümetara, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekilhanalary;

      g) şu bölegiň 9-njy bendinde görkezilmedik başga şahslar;

    17. ygtyýarly bank däl karz edaralary – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasy esasynda pul gymmatlyklary bilen bank amallarynyň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga hukugy bolan bank däl karz edaralary;
    18. ygtyýarly karz edaralary:
    19. a) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasy esasynda pul gymmatlyklary bilen bank amallarynyň islendik ýa-da aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga hukugy bolan banklar we dahyllylar-bank däl karz edaralary;

      b) daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda döredilen, pul gymmatlyklary bilen bank amallarynyň islendik ýa-da aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga hukugy bolan, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň çäginde bellige alnan we hereket edýän banklaryň we başga maliýe institutlarynyň-dahylsyzlaryň şahamçalary;

    20. daşary ýurt karz edaralary:
    21. a) Türkmenistanyň çäginden daşarda döredilen we olaryň bellige alnan döwletleriniň kanunçylygy boýunça bank amallaryny ýerine ýetirmäge hukugy bolan banklar, şeýle hem başga maliýe institutlary;

      b) daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň çäginden daşarda bellige alnan we hereket edýän, bank amallarynyň islendik ýa-da aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirmäge hukugy bolan, Türkmenistanyň ygtyýarly karz edaralarynyň şahamçalary, wekilhanalary;

    22. ygtyýarly banklar – Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasy esasynda pul gymmatlyklary bilen bank amallaryny we geleşikleri amala aşyrmaga hukugy bolan banklar;
    23. pul biržasy – işiniň esasy görnüşi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýän tertipde we şertlerde daşary ýurt puly bilen birža söwdalaryny guramak bolup durýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahs ýa-da onuň aýrybaşgalanan birligi;
    24. alyş-çalyş amallary – bir puluň başga bir pula çalşylmagy, ýagny daşary ýurt pulunyň milli pula (konwertirlenmegi) we özleri babatda alyş-çalşyň deňeçerligi bahalandyrmagyň ýa-da puluň hümmetiniň üsti bilen bellenilýän başga daşary ýurt pullaryna (konwersiýa) satyn alynmagy we satylmagy;
    25. alyş-çalyş nokady – daşary ýurt nagt puly bilen alyş-çalyş amallaryny geçirmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan ýer;
    26. ygtyýarly dellal – özüne berlen ygtyýarnama laýyklykda öz adyndan müşderiniň tabşyrygy boýunça we onuň hasabyna puly satyn almagyň-satmagyň söwda geleşiklerine gatnaşýan karz edarasy;
    27. ygtyýarly diler – özüne berlen ygtyýarnama laýyklykda öz adyndan we öz hasabyna puly satyn almagyň-satmagyň söwda geleşiklerine gatnaşýan karz edarasy;
    28. pul ýagdaýy – dileriň belli bir pul boýunça talaplarynyň we borçlarynyň deňliginde - ýapyk, olaryň deň gelmezliginde bolsa - açyk hasaplanylýan, balansdan daşary amallaryny goşmak bilen, daşary ýurt pulundaky talaplarynyň (satyn alnan we (ýa-da) gazanylan puluň möçberi) we borçlarynyň (satylan we (ýa-da) harç edilen puluň jemi) gatnaşygy:
    29. a) açyk gysga pul ýagdaýy – satylan we (ýa-da) harç edilen pul boýunça passiwleriň we borçlaryň aktiwlerden we oňa bolan talaplardan ýokarlanmagy (şol pul boýunça ýetmezçiligiň emele gelmegi);

      b) açyk uzyn pul ýagdaýy – satyn alnan we (ýa-da) gazanylan pul boýunça aktiwleriň we talaplaryň passiwlerden we borçlardan ýokarlanmagy (puluň gelýän akymynyň onuň gidýän akymyndan ýokarlanmagy, puluň satyn alnyşynyň we (ýa-da) gazanylyşynyň onuň satylyşyndan we (ýa-da) harç edilişinden ýokarlanmagy);

    30. pul ýagdaýynyň çägi – ygtyýarly dilerleriň bank gününiň ahyryna çäkli açyk gysga ýa-da uzyn pul ýagdaýynyň kadalaşdyryjysy;
    31. söwda karzlary – harytlary (işleri, hyzmatlary) iberijiler (satyjylar) bilen alyjylaryň (satyn alyjylaryň) arasynda gönüden-göni amala aşyrylanda, alyşyk şertnamasy boýunça özara ibermeler mahalynda eksport boýunça tölegiň yza süýşürilmegi, import boýunça deslapky töleg (hakujy töleg) ýa-da eksportyň importdan öňe düşmegi (ýokarlanmagy);
    32. göni maýa goýumlary:
    33. a) döredilen ýa-da täzeden döredilýän ýuridik şahsyň esaslyk maýasyndaky paýnamalarynyň (paýyň, goýumyň) azyndan on göterimine maýa goýujynyň eýelik etmegi, edinmegi;

      b) ýuridik şahsyň döredilýän şahamçasynyň esasy gaznalaryna maýanyň goýulmagy;

    34. Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklary:

      a) affinirlenen guýma altyn, banknotlar ýa-da şaýy görnüşindäki daşary ýurt puly, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden daşardaky bank hasaplaryndaky (goýumlaryndaky) daşary ýurt pulunyň galyndylary;

      b) Halkara pul gaznasyndan onuň ätiýaçlyklarynyň bölegini satyn almaga hukuk, Halkara pul gaznasynyň maliýe karzyny almaga ýörite hukuklar;

      ç) daşary ýurt pullarynda tölenilýän, daşary ýurt döwletleri ýa-da daşary ýurt döwletleriniň merkezi banklary, ýa-da halkara maliýe guramalary tarapyndan goýberilen ýa-da kepillendirilen bergidarlyk borçnamalary;

      d) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýeti tarapyndan kesgitlenilýän başga aktiwler;

    35. erkin aýlanýan puluň çägi – Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan ätiýaçlyk pulda (ýa-da oňa barabar derejede milli ýa-da daşary ýurt pulunda) bellenýän ululyk, onuň çäklerinde dahyllylaryň we dahylsyzlaryň şu Kanunda bellenilen birwagtlaýyn pul amallaryny çäklendiriji çäreler ulanylmazdan amala aşyrylýar;
    36. bank güni – bankda müşderileri kabul etmek we olara hyzmat etmek, bank amallaryny ýerine ýetirmek üçin bölünip berilýän döwür;
    37. puluň kadalaşdyrylmagy – puly kadalaşdyrýan edaralaryň pul gymmatlyklarynyň dolanyşygynyň tertibini, şol sanda olara eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we ygtyýarlyk etmegiň kadalaryny bellemek boýunça işi;
    38. pula gözegçilik etmek – pula gözegçilik edýän edaralaryň we agentleriň dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan Türkmenistanyň puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek babatdaky kanunçylygynyň (mundan beýläk – Türkmenistanyň pul kanunçylygy) talaplarynyň berjaý edilmegine gönükdirilen işi;
    39. pul şertnamasy – esasynda we (ýa-da) ýerine ýetirilmegi üçin hasaplar (goýumlar) açylýan, pul amallary amala aşyrylýan şertnama, ylalaşyk, kontrakt, esaslandyryş şertnamasy, şol sanda olara girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar, şeýle hem beýleki resminamalar;
    40. eksport – dahylsyza dahylly tarapyndan harytlar (işler, hyzmatlar) ýerlenende, gümrük çäginden serhediň daşyna harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň), intellektual işiň netijeleriniň, şol sanda olara bolan aýratyn hukuklaryň yzyna getirilmäge borçlanman alnyp gidilmegi. Eksportyň amal edilendigi harydyň Türkmenistanyň gümrük serhedini geçen, hyzmatlaryň we intellektual işiň netijelerine hukuklaryň berlen pursadynda bellenilýär;
    41. import – dahylla dahylsyz tarapyndan harytlar (işler, hyzmatlar) ýerlenende gümrük çägine serhediň daşyndan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň), intellektual işiň netijeleriniň, şol sanda olara bolan aýratyn hukuklaryň yzyna alnyp gidilmäge borçlanman getirilmegi. Importyň amal edilendigi harydyň Türkmenistanyň gümrük serhedini geçen, hyzmatlaryň we intellektual işiň netijelerine hukuklaryň berlen pursadynda bellenilýär.

2-nji madda._Türkmenistanyň pul kanunçylygy

  1. Türkmenistanyň pul kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
  2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket ediş çygry

  1. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde pul amallaryny ýerine ýetirýän dahyllylara we dahylsyzlara, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden daşarda pul amallaryny ýerine ýetirýän dahyllylara degişlidir.
  2. Şu Kanunyň düzgünleri pul amallaryny geçirmegiň Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda, "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen aýratynlyklaryň hasaba alynmagy bilen ulanylýar.
  3. Şu Kanun özüniň güýje gireninden soň ýüze çykýan gatnaşyklar babatda ulanylýar, şu Kanunda gös-göni göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

4-nji madda. Puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri

Şu aşakdakylar puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri bolup durýar:

  1. puly kadalaşdyrmak babatda döwlet syýasaty amala aşyrylanda bazar mehanizmleriniň ulanylmagy;
  2. pul amallary ýerine ýetirilende dahyllylaryň we dahylsyzlaryň hukuklaryny we ykdysady bähbitlerini goramak;
  3. puly kadalaşdyrmagyň we pula gözegçilik etmegiň ulgamynyň bitewiligi;
  4. pula gözegçilik edýän edaralaryň dahyllylaryň we dahylsyzlaryň pul amallaryna esassyz goşulmaklaryna ýol berilmezligi.

II bölüm. Puly kadalaşdyrmak

1-nji bap. Puly kadalaşdyryjy edaralar

Puly kadalaşdyrmagyň esasy usullary we tärleri

5-nji madda. Puly kadalaşdyryjy edaralar

  1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanda puly kadalaşdyryjy edaralar bolup durýarlar.
  2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
    1. puluň kadalaşdyrylmagy babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;
    2. puluň kadalaşdyrylmagy babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;
    3. puluň kadalaşdyrylmagy babatda başga wezipeleri amala aşyrýar.
  3. Türkmenistanyň Merkezi banky:
  4. a) pul gymmatlyklary bilen bank amallaryny we geleşiklerini geçirmäge ygtyýarly karz edaralarynyň bank işiniň ygtyýarlylandyrylmagyny amala aşyrýar;

    b) Türkmenistanyň çäginde pul gymmatlyklarynyň dolanyşygynyň, şol sanda dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan pul amallaryny geçirmegiň tertibini kesgitleýär;

    ç) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde puly kadalaşdyrmak babatda dahyllylaryň we dahylsyzlaryň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolan, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

    d) milli pula gatnaşykda daşary ýurt pullarynyň resmi hümmetlerini belleýär;

    e) pul amallary boýunça hasaba almagyň we hasabatlylygyň görnüşlerini, olaryň dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan tertibini we möhletlerini belleýär;

    ä) Türkmenistanyň töleg balansyny düzmek maksady bilen, dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan geçirilýän pul amallary boýunça maglumatlaryň berliş tertibini belleýär;

    f) puly kadalaşdyrmak babatda başga wezipeleri amala aşyrýar.

  5. Eger puly kadalaşdyryjy edaralar tarapyndan Türkmenistanyň pul kanunçylygyna laýyklykda pul amallaryny geçirmegiň tertibi we hasaplary (goýumlary) ulanmagyň tertibi bellenilmedik bolsa, dahyllylar we dahylsyzlar pul amallaryny geçirmegi, hasaplary (goýumlary) açmagy hem-de hasaplar (goýumlar) boýunça amallary çäklendirilmezden amala aşyrmaga haklydyrlar.
  6. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Merkezi banky şu Kanun arkaly kadalaşdyrylýan pul amallarynyň ähli görnüşlerini çäklendirilmezden amala aşyrýarlar.

6-njy madda. Puly kadalaşdyrmagyň esasy usullary we tärleri

  1. Şu aşakdakylar puly kadalaşdyrmagyň esasy usullary bolup durýarlar:
    1. pul gymmatlyklary bilen geçirilýän bank amallarynyň ygtyýarlylandyrylmagy;
    2. pul amallarynyň, hasaplaryň (goýumlaryň) bellige alynmagy;
    3. pul amallary, hasaplar (goýumlar) hakynda ýazmaça habarly etmek.

    Aýry-aýry ýagdaýlarda pul amallarynyň bellige alynmagy we (ýa-da) pul amallarynyň ýazmaça habarly etmek bilen geçirilmegi geleşigiň pasporty bilen çalşyrylyp bilner.

  2. Pul amalynyň bir görnüşi üçin puly kadalaşdyrmagyň dürli usullarynyň ulanylmagyna ýol berilmeýär.
  3. Türkmenistanyň çäginde bölek-satuw söwdasy we nagt pula hyzmat etmek dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan diňe milli pulda amala aşyrylýar, Türkmenistanyň pul kanunçylygynda, "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
  4. Dahyllylara we dahylsyzlara paçsyz söwda gümrük düzgününde işleýän dükanlarda, şeýle hem halkara gatnawlaryny amala aşyrýan deňiz, içerki suw, howa, demir ýol we awtomobil ulaglarynda daşary ýurt nagt pulunda bölek-satuw söwdalarynyň we hyzmatlaryň edilmegi üçin puly kadalaşdyryjy edaralaryň rugsatnamalaryny almak talap edilmeýär.
  5. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, puly kadalaşdyryjy edaralar tarapyndan dahyllylaryň we dahylsyzlaryň pul amallaryny geçirmek üçin şahsy häsiýetli rugsatnamalary almak baradaky talaplaryň bellenilmegine ýol berilmeýär.
  6. Şu aşakdakylar puly kadalaşdyrmagyň esasy tärleri bolup durýarlar:
    1. dahyllylaryň milli we daşary ýurt puluny öz ýurduna gaýtarmagy (repatriasiýasy);
    2. dahyllylaryň pul düşewündiniň bir bölegini hökmany satmagy;
    3. dahyllylaryň Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimleri.

7-nji madda. Pul gymmatlyklary bilen bank amallaryny we geleşikleri geçirmek boýunça bank işiniň ygtyýarlylandyrylmagy

Pul gymmatlyklary bilen bank amallaryny we geleşikleri geçirmek boýunça ygtyýarly karz edaralarynyň bank işiniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

8-nji madda. Pul amallarynyň, daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplaryň bellige alynmagy

  1. Pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasyndaky maýanyň hereketiniň pul amallary, şeýle hem dahyllylar tarapyndan daşary ýurt karz edaralarynda hasaplaryň açylmagy Türkmenistanyň pul kanunçylygynda bellenilýän tertipde bellige alynmaga degişlidir.
  2. Bellige almak diýlip, pul şertnamasynyň bellige alynmagyna hem-de soňra geçirilen pul amallary we pul şertnamasyndaky üýtgetmeler hakynda habar berilmegine düşünilýär.

  3. Şu aşakdakylar bellige alynmaga degişlidir:
    1. dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasynda maýanyň hereketiniň söwda karzlarynyň berilmegi, göni maýa goýumlaryň amala aşyrylmagy, ssudalar, zaýomlaryň we bank karzlarynyň berilmegi, pul serişdeleriniň ynanyşykly dolandyrmak üçin hasaplara (goýumlara) çekilmegi we ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly pul amallary;
    2. dahyllylar-ýuridik şahslar (olaryň şahamçalary, wekilhanalary) tarapyndan daşary ýurt karz edaralarynda hasaplaryň açylmagy.
  4. Dahylly bilen dahylsyzyň arasynda maýanyň hereketiniň pul amalyny bellige almak üçin, dahylly özüniň pul hasabyna hyzmat edýän ygtyýarly karz edarasyna şu aşakdaky resminamalary berýär:
    1. pul şertnamasynyň möçberi barada maglumatlary bolan pul amalyny bellige almak hakynda arzany;
    2. pasportyň ýa-da şahsyýeti tassyklaýan başga resminamanyň göçürme nusgasyny - fiziki şahs üçin;
    3. bellige alyş şahadatnamasynyň we degişli patentiň göçürme nusgasyny - ýuridik şahsy döretmezden telekeçi-fiziki şahs üçin;
    4. Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň nusgasyny - ýuridik şahs üçin;
    5. maýanyň hereketiniň pul amalyny geçirmäge ygtyýar berýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararynyň göçürme nusgasyny - eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ýuridik şahs (şahamça, wekilhana) üçin;
    6. ýuridik şahsyň eýesiniň (eýeleriniň) maýanyň hereketiniň pul amalyny geçirmäge ygtyýar berýän çözgüdiniň teswirnamasynyň göçürme nusgasyny - eýeçiligi döwlete degişli bolmadyk görnüşdäki ýuridik şahs (şahamça, wekilhana) üçin;
    7. pul şertnamasynyň göçürme nusgasyny;
    8. pul şertnamasy boýunça borçnamalaryň döremegini, ýerine ýetirilmegini we bes edilmegini tassyklaýan resminamalaryň göçürme nusgalaryny.
  5. Şu maddanyň ikinji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda, daşary ýurt karz edarasynda açylýan hasaby bellige aldyrmak üçin dahylly-ýuridik şahs onuň pul hasabyna hyzmat edýän ygtyýarly karz edarasyna şu aşakdaky resminamalary berýär:
    1. hasabyň açylmaly ýurdunyň ady we hasabyň açylýan daşary ýurt karz edarasynyň doly ady hakynda maglumatlary bolan bellige almak hakynda arzany;
    2. Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäniň nusgasyny;
    3. ýuridik şahsyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasyny;
    4. daşary ýurt karz edarasynda hasaby açmak hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdiniň göçürme nusgasyny - eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ýuridik şahs (onuň şahamçasy, wekilhanasy) üçin;
    5. esaslandyryjy şertnamanyň, esaslandyryjylaryň umumy ýygnagynyň teswirnamasynyň, şol sanda bu ýuridik şahsyň eýesiniň (eýeleriniň) daşary ýurt karz edarasynda hasaby açmak hakyndaky çözgüdiniň teswirnamasynyň göçürme nusgasyny - eýeçiligi döwlete degişli bolmadyk görnüşdäki ýuridik şahs (onuň şahamçasy, wekilhanasy) üçin;
    6. dahyllynyň-ýuridik şahsyň (onuň şahamçasynyň, wekilhanasynyň) tertipnamasynyň (düzgünnamasynyň) göçürme nusgasyny.
  6. Ygtyýarly karz edarasynyň şu maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde görkezilen resminamalaryň, şeýle hem dahyllynyň pul şertnamasynyň şertlerini ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň bardygyny tassyklaýan başga resminamalaryň asyl nusgalaryny göçürme nusgalary bilen deňeşdirmek üçin dahyllydan soramaga haky bardyr. Bu resminamalaryň göçürme nusgalary dahyllynyň öz goly we möhüri (bolan halatynda) bilen tassyklanylýar.
  7. Pul amalyny we hasaby bellige almak hakynda arza ygtyýarly karz edarasy tarapyndan onuň alnan gününden başlap on bank gününiň dowamynda seredilýär.
  8. Bellenilen möhlet geçenden soň ýgtyýarly karz edarasy bellige almaga (bellige alyş resminamasyny bermäge) ýa-da bellige almazlygynyň esaslandyrylan jogabyny bermäge borçludyr.

  9. Bellige almazlyga diňe şu aşakdaky halatlarda ýol berilýär:
    1. bellige almak üçin talap edilýän resminamalaryň doly däl sanawy berlende;
    2. berlen resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmedik halatynda;
    3. berlen resminamalarda nädogry maglumatlar ýüze çykarylanda;
    4. özi bilen pul şertnamasynyň baglaşylmagy göz öňünde tutulýan dahylsyzda dahyllylara pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän maýanyň hereketiniň pul amallary boýunça bellenilen möhletde üzülmedik bergisi bolan halatynda;
    5. eger dahylly daşary ýurt karz edarasynda hasabynyň bellige alynmagy üçin ýüz tutan gününde daşary ýurt karz edarasynda hasaby açylan bolsa;
    6. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda maýanyň hereketiniň pul amallarynyň geçirilmegine gadaganlyk (çäklendirmeler) ýa-da dahyllylar tarapyndan daşary ýurt karz edaralarynda hasaplaryň açylmagyna gadaganlyk (çäklendirmeler) girizilende.
    7. Bellige almakdan başga sebäplere görä, şol sanda daşary ýurt karz edarasynda hasabyň açylmagynyň we pul amallarynyň geçirilmeginiň ykdysady taýdan maksadalaýyk däldigi sebäpli boýun gaçyrylmagyna ýol berilmeýär.

    8. Bellige almakdan boýun gaçyrylmagyna kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.
    9. Daşary ýurt karz edarasyndaky hasaby ýapylanda, hasaby ýapylýan daşary ýurt karz edarasynyň doly adyny görkezmek bilen onuň ýapylandygy hakynda ýazmaça habary we hasabyň ýapylandygy hakynda daşary ýurt karz edarasynyň ýazmaça tassyknamasyny dahylly-ýuridik şahs öz pul hasabyna hyzmat edýän ygtyýarly karz edarasyna berýär.

9-njy madda. Pul amallary, daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplar hakynda ýazmaça habarly etmek

  1. Dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasyndaky pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän maýanyň hereketiniň pul amallary, şeýle hem dahyllylar tarapyndan daşary ýurt karz edaralarynda hasaplaryň açylmagy (ýapylmagy) Türkmenistanyň pul kanunçylygynda bellenilen tertipde ýazmaça habarly etmek arkaly amala aşyrylýar.
  2. Ýazmaça habarly etmek diýlip pul şertnamasynyň bellige alynmagyna hem-de soňra geçirilen pul amallary we pul şertnamasyna girizilen üýtgetmeler hakynda maglumat berilmegine düşünilýär.

  3. Şu aşakdakylar ýazmaça habarly edilmäge degişlidir:
    1. esaslyk maýadaky on göterimden ýokary bolmadyk gatnaşygy, şeýle hem ýurduň çäginden daşarda ýerleşýän gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugynyň ýa-da intellektual eýeçiligiň obýektlerine bolan aýratyn hukugyň edinilmegi bilen baglanyşykly, dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasyndaky maýanyň hereketiniň pul amallary;
    2. dahyllylaryň-ýuridik şahsy döretmezden telekeçileriň daşary ýurt karz edaralarynda hasaplary açmagy (ýapmagy).
    3. Pul şertnamasyny baglaşanlaryndan we ol boýunça pul amalyny geçirenlerinden soň dahyllylar bu barada pul amaly geçirilen günden başlap on bank gününden gijä galman özleriniň pul hasabyna hyzmat edýän ygtyýarly karz edarasyny ýazmaça habarly edýärler.

10-njy madda. Geleşigiň pasporty

  1. Pul amallary boýunça hasaba alşy we hasabatlylygy üpjün etmek maksady bilen geleşigiň pasporty resmileşdirilýär, onda daşary ykdysady geleşik hakynda maglumatlar beýan edilýär.
  2. Geleşigiň pasportynyň görnüşi, ony resmileşdirmegiň düzgünleri we şertleri, şeýle hem amala aşyrylan mahalynda geleşigiň pasportynyň resmileşdirilmegi talap edilýän pul amallarynyň görnüşleri Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär.

11-nji madda. Dahyllylaryň milli we daşary ýurt pullaryny öz ýurduna gaýtarmagy

  1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, dahylsyzlar bilen daşary söwda geleşikleri boýunça dahyllylara geçirilmeli milli we daşary ýurt pullary dahyllylaryň ygtyýarly karz edaralaryndaky hasaplaryna geçirilmäge - öz ýurduna gaýtarylmaga degişlidir.
  2. Dahylsyzlar bilen baglaşylýan daşary söwda geleşikleriniň şertlerinde göz öňünde tutulan möhletlerde dahyllylar şu aşakdakylary üpjün etmäge borçludyrlar:
    1. eksport geleşiginiň şertlerine laýyklykda dahylla geçirilmeli milli ýa-da daşary ýurt pulunyň dahylsyzdan alynmagyny;
    2. dahylsyz öz borçlaryny ýerine ýetirmedik we (ýa-da) doly ýerine ýetirmedik halatynda, dahylly tarapyndan import geleşigi boýunça hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin dahylsyzyň haýryna geçirilen milli we daşary ýurt pulunyň öz ýurduna gaýtarylmagyny.
  3. Dahyllylaryň şu aşakdaky ýagdaýlarda ygtyýarly karz edaralaryndaky öz hasaplaryna milli we daşary ýurt puluny geçirmezlige haky bardyr:
    1. şu Kanunda bellenilen tertipde pul düşewündini özleriniň daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplaryna geçiren halatlarynda;
    2. dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasyndaky borçnamalar boýunça garşylyklaýyn hasaplaşyklar geçirilen halatlarynda;
    3. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga halatlarda.
  4. Eksport we import geleşikleri boýunça hasaplaşyklar amala aşyrylanda dahyllylaryň ygtyýarly karz edaralaryndaky hasabyna gelip gowuşmadyk milli we daşary ýurt pulunyň möçberleri boýunça, şu Kanuna laýyklykda dahyllynyň haýryna serişdeleri geçirmek boýunça borçnama şu aşakdaky ýagdaýlarda bölekleýin ýa-da dolulygyna ýerine ýetirilen diýlip hasaplanylýar:
    1. garşylyklaýyn birmeňzeş talaplaryň hasaplaşygy bilen dahylsyzyň borçlary tamamlananda;
    2. şol bir taraplaryň arasynda başga zat ýa-da usul bilen ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan, ozal bar bolan ilkibaşky borçlaryň beýleki borçlara çalşylmagy bilen dahylsyzyň borçlary tamamlananda;
    3. dahylsyzdan talap etmek hukugy başga şahsa geçirilende;
    4. dahylsyz tarapyndan borçnamalaryň ýerine ýetirilmezliginiň töwekgelliginiň ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça ätiýaçlandyrma halaty ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyryş tölegi alnanda.
  5. Dahyllylar tarapyndan serişdeleri öz ýurduna gaýtarmak talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda pul şertnamasynyň her biriniň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän eksport we import pul geleşikleri boýunça özara hasaplaşyklar, geleşigiň pasportynyň resmileşdirilmegi bilen amala aşyrylýar.
  6. Şu ýagdaýda pul şertnamasynyň möçberi eksport edijiniň we import edijiniň şertnamany baglaşan senesine pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçmeýän eksport we import geleşikleri boýunça geleşigiň pasporty resmileşdirilmeýär.

  7. Dahyllylar baglaşylýan eksport we import geleşiklerinde dahylsyzlar tarapyndan borçlaryň ýerine ýetirilmeginiň anyk möhletlerini görkezmäge borçludyrlar.
  8. Şu maddanyň düzgünleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda milli we daşary ýurt pulunda amallary geçirýän ygtyýarly karz edaralaryna we pul biržalaryna degişli däldir.

12-nji madda. Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimler

  1. Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň ýeterlik derejesini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Merkezi bankynda Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk gory döredilýär.
  2. Dahyllylar-eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ýuridik şahslar (olaryň şahamçalary, wekilhanalary) özleriniň alan daşary ýurt pullarynyň möçberinden Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimleri geçirýärler. Dahyllylaryň-eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ýuridik şahslaryň (olaryň şahamçalarynyň, wekilhanalarynyň) sanawy we Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimleriň möçberleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenilýär.
  3. Pul düşewündinden Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna amala aşyrylýan geçirimiň möçberi, baglaşylan geleşikler boýunça dahyllylara geçirilmäge degişli, ygtyýarly we daşary ýurt banklardaky hasaplaryna gelýän daşary ýurt pullaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenýän beýleki gelýän daşary ýurt pullaryny öz içine alýar.
  4. Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimler dahyllynyň özbaşdak ýa-da şertnama boýunça ygtyýarly karz edarasy tarapyndan daşary ýurt pulunda gelen serişdeleriň resminamaly kybaplanylan gününden soň gelýän bäş bank gününden gijä galman ýerine ýetirilýän gümansyz borçnamasydyr.

13-nji madda. Pul düşewündiniň bir böleginiň dahyllylar tarapyndan hökmany satylmagy

  1. Dahyllylar-eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ýuridik şahslar Türkmenistanyň pul ätiýaçlyk goruna geçirimlerden soň öz ygtyýarynda galýan pul düşewündiniň bir bölegini pul interwensiýasyny amala aşyrmagyň maksatlary üçin Türkmenistanyň Merkezi bankyna satýarlar.
  2. Pul düşewündiniň bir bölegini hokmany satmagyň möçberleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenilýär.
  3. Pul düşewündini hökmany satmagyň möçberi baglaşylan geleşikler boýunça dahyllylara düşýän, ygtyýarly we daşary ýurt banklarynyň hasaplaryna daşary ýurt pulundaky gelen pullary öz içine alýar, muňa şu aşakdakylar degişli däldir:
    1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, ol tarapyndan ygtyýarlylyk berlen ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde amala aşyrýan amallaryndan we geleşiklerinden alýan daşary ýurt pullarynyň möçberi;
    2. ygtyýarly banklaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýan bank amallaryndan we başga geleşiklerden alýan daşary ýurt pullarynyň möçberi;
    3. dahyllylaryň dahylsyzlar-daşary ýurt döwletleriniň hökümetleriniň agentleri bolup durýan guramalar bilen ssuda şertnamalary, zaýom şertnamalary we bank karzy şertnamalary boýunça borçlaryny ýerine ýetirmegi üçin zerur bolan möçberleriň çäklerindäki dahyllylaryň pul düşewüntleri.
  4. Dahyllylaryň pul düşewündiniň umumy möçberi onuň bir böleginiň hökmany satylmazyndan öň özleri bilen hasaplaşyklar daşary ýurt pulunda amala aşyrylýan degişli geleşikleriň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly çykdajylara we başga töleglere kemeldilmäge degişlidir. Olara şu aşakdakylar degişlidir:
    1. ýükleriň daşalmagynyň, ugradylmagynyň we ätiýaçlandyrylmagynyň tölenilmegi;
    2. alnyp gidilýän ýükler üçin gümrük paçlarynyň, şeýle hem gümrük ýygymlarynyň tölenilmegi;
    3. karz edaralaryna komission hak-heşdekleriniň tölenilmegi;
    4. daşary ýurt syýahatçylyk kärhanalaryna syýahatçylyk hyzmatlaryny edeni üçin düşýän pullaryň möçberi;
    5. sanawy Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilýän amallar boýunça başga çykdajylar we tölegler.
  5. Pul düşewündiniň bir böleginiň hökmany satylmagy dahyllylaryň özbaşdak ýa-da ygtyýarly karz edarasy tarapyndan şertnama boýunça daşary ýurt pulunda gelýän serişdeleriň resminamaly kybaplanylan gününden soň gelýän bäş bank gününden gijä galman ýerine ýetirilýän gümansyz borçnamasydyr.
  6. Dahyllylaryň pul düşewündiniň bir böleginiň hökmany satylmagy, satylýan gününde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen puluň resmi hümmeti boýunça amala aşyrylýar.

14-nji madda. Dahylsyzlaryň pul gymmatlyklaryny alyp gitmäge bolan hukugy

  1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dahylsyzlar şu aşakdakylara çäklendirilmesiz haklydyrlar:
    1. ozal Türkmenistanyň çägine getirilen pul gymmatlyklaryny alyp gitmäge;
    2. dahyllylar bilen hasaplar (goýumlar), depozitler, zaýomlar, bank karzlary, gymmat bahaly kagyzlar hem-de maýanyň hereketiniň başga pul amallary boýunça alnan diwidendleri, hak-heşdekleri we gaýry girdejileri almaga we geçirmäge;
    3. dahyllylar bilen amala aşyrylýan pul amallary boýunça girdejileriň çykdajylardan ýokary geçýän möçberini geçirmäge.
  2. Dahylsyzlaryň pul serişdeleriniň geçirimleri pul şertnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Pul şertnamasynyň ýa-da onda degişli düzgünler bolmadyk halatynda, pul geçirimleri milli pulda ýa-da alyş-çalyş amallarynyň düzgünlerine laýyklykda, pul geçiriminiň amala aşyrylýan senesinde ulanylýan bazar hümmeti boýunça islendik beýleki daşary ýurt pulunda amala aşyrylýar.
  3. Pul şertnamasyna laýyklykda, dahylsyzyň pul serişdeleri onuň öz adyna açylan bank hasaplaryna (goýumlaryna) geçirilýär.
  4. Pul serişdeleriniň üçünji taraplaryň, pul şertnamasynyň bir tarapy bolup durmaýan fiziki, şonuň ýaly-da ýuridik şahslaryň bank hasaplaryna (goýumlaryna) geçirilmegine ýol berilmeýär. Görkezilenler geçirilýän (transferabel) güwälendiriş hasaplaryň açylmagyny göz öňünde tutýan pul şertnamalaryna degişli däldir.

2-nji bap. Pul amallary

15-nji madda. Dahyllylaryň arasyndaky pul amallary

  1. Türkmenistanyň çäginde dahyllylaryň arasynda geleşikler boýunça hasaplaşyklar we tölegler milli pulda amala aşyrylýar.
  2. Türkmenistanyň çäginde dahyllylaryň arasynda pul amallarynyň amala aşyrylmagyna ýol berilmeýär, şu aşakdakylar muňa degişli däldir:
    1. dahyllylaryň-ygtyýarly karz edaralarynyň arasynda geleşikleriň geçirilmegi, şol sanda müşderileriň hasabyna we olaryň tabşyrygy boýunça, şonuň ýaly-da öz adyndan we öz hasabyna pul biržalarynda daşary yurt pulunyň satyn alynmagy-satylmagy bilen baglanyşykly amallar;
    2. özlerine berlen ygtyýarnama we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly karz edaralarynyň amala aşyrmaga hukugy bolan bank amallaryna we geleşiklerine degişli pul gymmatlyklary bilen dahyllylaryň-ygtyýarly karz edaralaryň we dahyllylaryň arasynda geçirilýän amallar;
    3. gymmat bahaly kagyzlara bolan hukugyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen depozitarilerde hasaba alnan we hasaplaşyklaryň milli pulda amala aşyrylan şertinde, dahyllylar tarapyndan daşary yurt pulunda goýberilen we dahylsyzlar tarapyndan goýberilen gymmat bahaly kagyzlaryň satyn alynmagy, satylmagy we (ýa-da) bahasynyň üzülmegi, şeýle hem gymmat bahaly kagyzlar boýunça hak-heşdekleriň tölenilmegi bilen baglanyşykly amallar;
    4. hasaplaşyklaryň milli pulda amala aşyrylan şertinde, pul borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi hökmünde daşary yurt pulunda aňladylan wekselleriň geçirilmegi (indossamenti) bilen baglanyşykly amallar;
    5. paçsyz söwda dükanlarynda, şeýle hem halkara gatnawlarynyň ugrundaky ulag serişdelerinde ýolagçylara harytlar satylanda we hyzmatlar edilende geçirilýän hasaplaşyklar bilen baglanyşykly amallar;
    6. dahylsyzlar bilen harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) berilmegi barada şertnamalaryň baglaşylmagy we ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly hyzmatlar komissionerler tarapyndan ýerine ýetirilende, komissionerler bilen komitentleriň arasynda amala aşyrylýan amallar;
    7. ýükleriň ugradyjy, daşaýjy we gatnadyjy tarapyndan Türkmenistana we Türkmenistandan daşalmagy, ýükleriň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr gatnadylmagy arkaly daşalmagy bilen baglanyşykly hyzmatlar ýerine ýetirilende, halkara ulagynyň ugratma, daşama we gatnatma (çarter) şertnamalary boýunça amala aşyrylýan amallar, şeýle hem agzalan ýükleriň ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça amallar;
    8. saglygyny bejertmek, okatmak we gaýry haýyr-sahawat maksatlar üçin muzdsuz pul geçirmeleri ýa-da pul gymmatlyklarynyň muzdsuz berilmegi bilen baglanyşykly amallar;
    9. fiziki şahslar tarapyndan pul gymmatlyklarynyň saklanylmagy, sowgat berilmegi, wesýet edilmegi ýa-da miras hukugyna görä alynmagy boýunça amallar;
    10. fiziki şahslar tarapyndan ýeke-täk pul belgileriniň we şaýy pullarynyň toplap saklamak maksady bilen edinilmegi we aýrybaşgalanmagy bilen baglanyşykly amallar;
    11. Türkmenistanyň çäginden daşarda bolan işgärleriň iş sapar, wekilçilik we gaýry çykdajylarynyň öweziniň dolunmagy boýunça amallar;
    12. dahylly-ýuridik şahsyň Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän şahamçasynyň, wekilhanasynyň işini üpjün etmek boýunça çykdajylarynyň öweziniň dolunmagy boýunça amallar;
    13. dahylly-ýuridik şahsyň Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän şahamçasynda, wekilhanasynda işleýän dahyllylaryň-fiziki şahslaryň zähmet hakynyň we pul hak-heşdeginiň başga görnüşleriniň tölenilmegi boýunça amallar;
    14. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän, Türkmenistanyň başga resmi wekilhanalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň döwletara, hökümetara ýa-da halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň işini üpjün etmek boýunça çykdajylaryň öweziniň dolunmagy boýunça amallar;
    15. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda we Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän Türkmenistanyň gaýry resmi wekilhanalarynda, şeýle hem Türkmenistanyň döwletara, hökümetara ýa-da halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynda döwlet gullugynda işleýän dahyllylara-fiziki şahslara zähmet haklarynyň we pul hak-heşdekleriniň gaýry görnüşleriniň tölenilmegi boýunça amallar;
    16. dahyllylar bilen "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, potratçy we kömekçi potratçy bolup durýan şahslaryň arasynda baglaşylýan geleşikleriň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly amallar;
    17. Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenilen halatlarda Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlaryň we başga hökmany tölegleriň tölenilmegi bilen baglanyşykly amallar;
    18. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda syýahatçylyk işiniň, şeýle hem erkin telekeçiligiň ykdysady zolagynda, milli syýahatçylyk zolagynda işiň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly amallar.

16-njy madda. Dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasyndaky pul amallary

  1. Dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasyndaky pul amallary, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda pul şertnamasynyň esasynda milli we (ýa-da) daşary ýurt pulunda taraplaryň ylalaşygy boýunça amala aşyrylýar, Türkmenistanyň çäginde emlägiň berilmegi we işleriň ýerine ýetirilmegi (hyzmatlaryň edilmegi) bilen baglanyşykly amallar muňa degişli däldir.
  2. Dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda pul şertnamasy baglaşylan mahalynda Türkmenistanyň pul kanunçylygy bilen töleg puly hökmünde ätiýaçlyk pulunyň ulanylmagy baradaky talap bellenilip bilner.
  3. Türkmenistanyň çäginde dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda emlägiň berilmegi we işleriň ýerine ýetirilmegi (hyzmatlaryň edilmegi) bilen baglanyşykly pul amallary diňe milli pulda amala aşyrylýar, Türkmenistanyň pul kanunçylygynda, "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
  4. Dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasyndaky pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçmeýän pul amallary çäklendirilmezden geçirilýär, şu maddanyň birinji-üçünji böleklerinde görkezilen halatlar muňa degişli däldir.
  5. Dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasyndaky pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän maýanyň hereketiniň pul amallary şu Kanunyň 8-nji maddasyna layýklykda bellige alynmaga degişlidir.
  6. Şu aşakdakylar bellige alynmaly pul amallaryna degişlidir:

    1. dahyllylaryň dahylsyzlara söwda karzlaryny bermegi;
    2. dahylsyzlaryň Türkmenistandaky we dahyllylaryň Türkmenistanyň çäginden daşardaky maýa goýumlary;
    3. dahyllylaryň dahylsyzlara we dahylsyzlaryň dahyllylara ssudalary, zaýomlary we bank karzlaryny bermegi;
    4. Türkmenistanda dahylsyzlaryň we Türkmenistanyň çäginden daşarda dahyllylaryň serişdeleriniň hasaplara (goýumlara) ynanyşykly dolandyrmaga çekilmegi we ýerleşdirilmegi.
  7. Dahyllylar pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän maýanyň hereketiniň dahylsyzlar bilen geçirilen pul amallary hakynda ygtyýarly karz edaralaryny şu Kanunyň 9-njy maddasyna laýyklykda ýazmaça habarly etmäge borçludyrlar.
  8. Şu aşakdakylary edinmek bilen baglanyşykly amallar ýazmaça habarly edilmeli pul amallaryna degişlidir:

    1. gymmat bahaly kagyzlar, maýa goýum gaznalarynyň paýnamalary, döredilen maliýe gurallary, içinde dahyllynyň paýy on göterimden ýokary geçmeýän şertinde esaslyk maýa gatnaşmagy üpjün etmek maksady bilen goýumlaryň goýulmagy;
    2. daşary ýurt döwletlerindäki gozgalmaýan emläge bolan eýeçilik hukugy;
    3. intellektual eýeçiligiň obýektlerine bolan aýratyn hukuk.
  9. Dahyllylar-eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ýuridik şahslar bilen dahylsyzlaryň arasynda şu maddanyň bäşinji we altynjy böleklerine laýyklykda amala aşyrylýan maýanyň hereketiniň pul amallary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça geçirilýär.
  10. Dahyllylar-eýeçiligi döwlete degişli bolmadyk görnüşdäki ýuridik şahslar bilen dahylsyzlaryň arasynda şu maddanyň bäşinji we altynjy böleklerine laýyklykda amala aşyrylýan maýanyň hereketiniň pul amallary dahyllylaryň-ýuridik şahslaryň eýeleriniň çözgüdi esasynda geçirilýär.
  11. Dahyllylaryň dahylsyzlara şu maddanyň on ikinji böleginde göz öňünde tutulan degişli üpjünçiliksiz söwda karzlarynyň berilmegi pul şertnamasyna laýyklykda kesgitlenilýän möhlete amala aşyrylýar, şol sanda:
    1. harytlar eksport edilende dahyllylar tarapyndan dahylsyzlara tölegi yza süýşürip tölemäge mümkinçilik berilýän şertlerinde – eksport edilýän harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedini hakyky kesip geçen senesinden başlap, işler (hyzmatlar) eksport edilende – işleriň (hyzmatlaryň) hakyky ýerine ýetirilen gününden başlap yza süýşürilen tölegiň hakyky gelen gününe çenli ýa-da dahylsyz tarapyndan borçlaryň başgaça hakyky ýerine ýetirilen gününe çenli;
    2. harytlar (işler, hyzmatlar) import edilende, dahyllylaryň dahylsyzlara deslapky (hakujy) tölegi görnüşinde – dahyllynyň dahylsyza pul serişdesini geçiren gününden import edilýän harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägini hakyky kesip geçen gününe çenli, işler (hyzmatlar) import edilende - işleriň (hyzmatlaryň) hakyky ýerine ýetirilen gününe çenli ýa-da dahylsyz tarapyndan borçlaryň başgaça ýerine ýetirilen gününe çenli.

    Gümrük deklarasiýasynda görkezilen sene eksport (import) edilýän harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden hakyky kesip geçen güni, işleriň (hyzmatlaryň) hakyky ýerine ýetirilen güni bolsa - ýerine ýetirilen işleriň (hyzmatlaryň) kabul ediliş we (ýa-da) kabul ediş-tabşyryş namasynda görkezilen senesi bolup durýar.

    Dahyllylaryň dahylsyzlara degişli üpjünçiliksiz söwda karzlaryny bermeginiň aňryçäk möhletleri Türkmenistanyň pul kanunçylygy ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen çäklendirilip bilner.

  12. Dahylsyzyň dahyllynyň öňünde, serişdeleri yzyna gaýtarmagyň ýa-da borçlary başgaça ýerine ýetirmegiň hakyky möhletini geçirmegi, onuň wagtynda üzmedik bergisi doly tölenilýänçä pula gözegçilik edýän edaralar we agentler tarapyndan dahyllylaryň şol dahylsyz bilen ähli daşary söwda amallarynyň togtadylmagyna getirýär.
  13. Eksport we import geleşikleri boýunça dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasyndaky pul şertnamasy söwda adalgalaryny düşündirmegiň halkara kadalaryna laýyklykda kesgitlenilýän, harydy ibermegiň (eltip düşürmegiň) esaslaýyn şertlerini göz öňünde tutup biler.
  14. Şu maddanyň dokuzynjy bölegine laýyklykda, dahyllylaryň dahylsyzlara söwda karzlaryny bermegini göz öňünde tutmaýan eksport we import şertnamalary boýunça pul amallary üçin dahylsyzyň dahyllynyň öňündäki borjuny ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, taraplaryň ylalaşygy boýunça özara hasaplaşyklarynda şu aşakdakylar ulanylyp bilner:
    1. daşary ýurt karz edarasynyň dahyllynyň haýryna beren bank kepilnamasy;
    2. ygtyýarly bankyň ýa-da daşary ýurt karz edarasynyň ýerine ýetiriji bank bolup durýan şertinde, güwälendiriş hasaplar boýunça töleýjiniň hasabyna üpjün edilen yzyna gaýtarylmaýan güwälendiriş hasaplar;
    3. dahylsyz tarapyndan dahylla berlen, daşary ýurt karz edarasy tarapyndan kepillendirilen weksel;
    4. dahyllynyň adyna geçirilmäge degişli emlägiň bahasynyň bir ýüz on göteriminden az bolmadyk möçberde ähli görnüşli töwekgelçilikleri, şol sanda dahyllynyň pul serişdelerini almazlygynyň ýa-da pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylyp berilmezliginiň, ýa-da harydyň oňa eltilmezliginiň ýa-da yzyna gaýtarylyp berilmezliginiň üstüni doldurýan dahyllynyň peýdasyna ýazylan ätiýaçlandyryş polisi ýa-da güwänamasy. Ätiýaçlandyryş polisi dahylsyzyň dahyllynyň öňündäki borjuny ýerine ýetirmegini üpjün etmeginiň serişdesi hökmünde ykrar edilip bilinjek ätiýaçlandyryş guramalaryna (ätiýaçlandyryjylara) bildirilýän talaplar Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan bellenilýär;
    5. Türkmenistanyň çäginde dahylly-girew saklaýja geçirilen, dahylsyzyň-girew goýujynyň ýa-da dahylsyzyň-emläk zamunçynyň eýeçilik hukugy boýunça degişli bolan ýokary geçginli girew;
    6. dahylsyzyň dahyllynyň öňünde Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan borçlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmeginiň başga gurallary.

    Daşary ýurt karz edarasyna bildirilýän kanagatlanarly ölçegler Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýär.

  15. Eksport we import boýunça pul amallary geçirilen mahalyndaky özara hasaplaşyklaryň şertleri dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda Türkmenistanyň pul kanunçylygyna, iş dolanyşygynyň we halkara hukugynyň adatlaryna laýyklykda düzülýän pul şertnamasynda kesgitlenilýär.
  16. Dahyllylar dahylsyzlar bilen geçirýän pul amallary boýunça milli we daşary ýurt pulunda aňladylan wekselleri, çekleri we gaýry töleg resminamalaryny Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen tertipde goýbermäge haklydyrlar.
  17. Dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda baglaşylýan raýat-hukuk häsiýetli zähmet şertnamalary boýunça zähmet haky we pul töleginiň başga görnüşleri milli, şonuň ýaly-da daşary ýurt pulunda tölenilip bilner, şol sanda:
    1. dahylsyzlara-işgärlere dahyllylar-iş berijiler tarapyndan;
    2. dahyllylara-işgärlere dahylsyzlar-iş berijiler tarapyndan.
  18. Eger Türkmenistanyň pul kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda gymmat bahaly kagyzlar bilen geçirilýän amallar boýunça pul hasaplaşyklary şu aşakdaky ýaly amala aşyrylýar:
    1. Türkmenistanda goýberilen gymmat bahaly kagyzlar bilen - milli pulda;
    2. Türkmenistanyň çäginden daşarda goýberilen gymmat bahaly kagyzlar bilen - milli we (ýa-da) daşary ýurt pulunda.
  19. Şu maddanyň birinji-on altynjy bölekleriniň hereketi dahyllylar-ygtyýarly karz edaralary bilen dahylsyzlaryň arasynda amala aşyrylýan maýanyň hereketiniň pul amallaryna degişli däldir.
  20. Türkmenistanyň Merkezi banky ygtyýarly karz edaralarynyň bank amallary babatda talaplary ulanmagyň şu maddada göz öňünde tutulan aýratynlyklaryny bellemäge haklydyr.

  21. Dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda gaýry geleşikler boýunça pul amallary çäklendirilmesiz amala aşyrylýar.

17-nji madda. Türkmenistanyň çäginde dahylsyzlaryň arasyndaky pul amallary

  1. Türkmenistanyň çäginde dahylsyzlaryň arasyndaky milli puldaky pul amallary şu Kanunda bellenilen tertipde ygtyýarly karz edaralarynda açylan hasaplaryň (goýumlaryň) üsti bilen amala aşyrylýar.
  2. Dahylsyzlar öz aralarynda dahyllylar tarapyndan Türkmenistanyň çäginde goýberilen gymmat bahaly kagyzlar bilen pul amallaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrmaga haklydyrlar.
  3. Dahylsyzlaryň arasynda daşary ýurt pulundaky pul amallary, şol sanda daşary ýurt pulunyň şu geçirimleri çäklendirilmesiz amala aşyrylýar:
    1. dahylsyzlaryň daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplaryndan (goýumlaryndan) dahylsyzlaryň ygtyýarly karz edaralaryndaky hasaplaryna (goýumlaryna);
    2. dahylsyzlaryň ygtyýarly karz edaralaryndaky hasaplaryndan (goýumlaryndan) dahylsyzlaryň daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplaryna (goýumlaryna);
    3. dahylsyzlaryň ygtyýarly karz edaralaryndaky hasaplaryndan (goýumlaryndan) dahylsyzlaryň ygtyýarly karz edaralaryndaky hasaplaryna (goýumlaryna).
  4. Türkmenistanyň çäginde dahylsyzlaryň arasynda pul amallarynyň geçirilmegine, diňe olar tarapyndan ynsapsyz bäsleşik görkezilen, şeýle hem bahalar barada ýa-da harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) ýerlenýän bazarlaryny paýlaşmak barada Türkmenistandaky beýleki hojalyk ýörediji birlikleriň hukuklaryny çäklendirýän we Türkmenistanyň antimonopol kanunçylygyna garşy gelýän ylalaşyklar baglaşylan halatlarynda, puly kadalaşdyryjy edaralar tarapyndan çäklendirmeler girizilip bilner.

18-nji madda. Pul gymmatlyklarynyň Türkmenistana getirilmegi we Türkmenistandan alnyp gidilmegi

  1. Pul gymmatlyklarynyň Türkmenistana getirilmeginiň we Türkmenistandan alnyp gidilmeginiň tertibi Türkmenistanyň pul kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
  2. Pul gymmatlyklarynyň Türkmenistana getirilmeginiň we Türkmenistandan alnyp gidilmeginiň gümrük taýdan resmileşdirilmegi Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
  3. Dahyllylar-fiziki şahslar we dahylsyzlar-fiziki şahslar tarapyndan milli we (ýa-da) daşary ýurt nagt pulunyň Türkmenistana getirilmegi we Türkmenistandan alnyp gidilmegi şu maddanyň dördünji we bäşinji böleklerinde bellenilen talaplar berjaý edilen mahalynda çäklendirilmeýär.
  4. Dahyllylar-fiziki şahslar we dahylsyzlar-fiziki şahslar tarapyndan möçberi bilelikde alanyňda puluň resmi hümmeti boýunça erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçmeýän milli we (ýa-da) daşary ýurt nagt pulunyň birwagtlaýyn Türkmenistana getirilmegi we Türkmenistandan alnyp gidilmegi gümrük edarasyna deklarirlenmäge degişli däldir.
  5. Dahyllylar-fiziki şahslar we dahylsyzlar-fiziki şahslar tarapyndan möçberi bilelikde alanyňda puluň resmi hümmeti boýunça erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän milli we (ýa-da) daşary ýurt nagt pulunyň birwagtlaýyn Türkmenistana getirilmegi we Türkmenistandan alnyp gidilmegi gümrük nokadynda gelnen we gidilen mahalynda getirilýän ýa-da alnyp gidilýän milli we (ýa-da) daşary ýurt nagt pulunyň ähli möçberi üçin gümrük deklarasiýasynyň berilmegi arkaly deklarirlenmäge degişlidir.
  6. Şu bölegiň birinji tesiminiň talaby gümrük gözegçiliginde ýüze çykarylan milli we (ýa-da) daşary ýurt pullarynyň möçberlerine hem degişlidir. Gümrük gözegçiliginde ýüze çykarylan milli we (ýa-da) daşary ýurt pullarynyň möçberleri Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltmeýär.

  7. Dahyllylar-ýuridik şahslar we dahylsyzlar-ýuridik şahslar tarapyndan milli we daşary ýurt nagt pulunyň Türkmenistana getirilmegi we Türkmenistandan alnyp gidilmegi boýunça amallaryň geçirilmegi gadagan edilýär, ygtyýarly karz edaralary muňa degişli däldir.
  8. Ygtyýarly karz edaralary milli we (ýa-da) daşary ýurt nagt puluny Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen tertipde Türkmenistana getirýärler we Türkmenistandan alyp gidýärler.

  9. Nominal bahasy milli we (ýa-da) daşary ýurt pulunda aňladylan töleg resminamalary (çekler, wekseller, güwälendiriş hasaplar we beýlekiler) we gymmat bahaly kagyzlardaky aktiwler (paýnamalar, obligasiýalar we beýlekiler) görnüşindäki gymmat bahaly kagyzlaryň Türkmenistana getirilmegi we Türkmenistandan alnyp gidilmegi, Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, deklarirlenmäge degişli däldir we çäklendirilmesiz amala aşyrylýar.

3-nji bap. Puluň hümmeti we pul bazary

19-njy madda. Puluň hümmeti

  1. Puluň hümmeti daşary ýurt puly we nominal bahasy daşary ýurt pulunda görkezilen başga maliýe gurallary bilen Türkmenistanyň puluna we daşary ýurt puluna alyş-çalyş amallary amala aşyrylanda ulanylýar. Puluň hümmeti Türkmenistanyň pul kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
  2. Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň pul bazaryny kadalaşdyrmak maksatlary üçin puluň resmi we bazar hümmetleri ulanylýar.
  3. Puluň resmi hümmeti puluň bazar hümmetiniň ortaça ululygy esasynda bellenilýär. Pul amallarynyň ähli görnüşleri, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen salgyt, gümrük we beýleki hökmany tölegleriň tölenilmegi bilen baglanyşykly amallar puluň resmi hümmeti boýunça amala aşyrylýar.
  4. Pul amallary boýunça buhgalterçilik hasaba alnyşy, maliýe, statistik we beýleki hasabatlylygy düzmek puluň resmi hümmetini ulanmak bilen amala aşyrylýar.

  5. Puluň bazar hümmeti şu Kanunyň 20-nji maddasynyň altynjy böleginde we 21-nji maddasynyň dördünji böleginde beýan edilen talaplary hasaba almak bilen Türkmenistanyň pul bazaryndaky islegiň we teklibiň esasynda kesgitlenilýär.
  6. Puluň bazar hümmeti boýunça alyş-çalyş amallary amala aşyrylýar.

  7. Daşary ýurt pulundaky islendik amal hasaba alyş resminamalarynda nominal baha boýunça aňladylýar we buhgalterçilik hasaba alnyşyny alyp barmak maksady bilen, onuň geçirilýän pursatynda hereket edýän puluň resmi hümmeti boýunça milli pula geçirilip hasaplanýar. Puluň resmi hümmeti her gezek üýtgän mahalynda, pul hasaplary (goýumlary) boýunça milli pulda hasaplanan we hasaba alnan serişdeleriň galyndysy daşary ýurt pulunyň galyndylarynyň nominal bahasyny üýtgetmezden, milli pulda gaýtadan bahalandyrylmaga degişlidir.
  8. Türkmenistanyň Merkezi banky pullaryň hümmeti bilen baglanyşykly töwekgelçiligi ýapmaýar we pul amallary ýa-da olar bilen baglanyşykly hereketler boýunça başga hiç-hili pul kömegini bermeýär.

20-nji madda. Dahyllylaryň we dahylsyzlaryň alyş-çalyş amallary

  1. Dahyllylar we dahylsyzlar Türkmenistanda daşary ýurt puluny diňe nagt we nagt däl görnüşlerdäki daşary ýurt puluny satyn almak-satmak amallary boýunça ygtyýarly dellallar we (ýa-da) ygtyýarly dilerler bolup durýan ygtyýarly karz edaralarynyň we olaryň alyş-çalyş nokatlarynyň üsti bilen satyn alýarlar we satýarlar.
  2. Ygtyýarly karz edaralary özlerine berlen ygtyýarnama we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen berlen hukuga laýyklykda, dahyllylaryň we dahylsyzlaryň bähbitleri üçin şu aşakdakylary amala aşyrýarlar:
    1. ýuridik şahslar (olaryň şahamçalary, wekilhanalary), şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçiler üçin Türkmenistanyň puluna we daşary ýurt puluna nagt däl görnüşdäki daşary ýurt puluny satyn almagy-satmagy;
    2. telekeçilik işini amala aşyrmaklary bilen baglanyşykly bolmadyk maksat bilen fiziki şahslar üçin Türkmenistanyň puluna we daşary ýurt puluna nagt we nagt däl görnüşdäki daşary ýurt puluny satyn almagy-satmagy, alyşmagy (çalyşmagy).
  3. Erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçmeýän möçberde daşary ýurt nagt puly alyş-çalyş nokadynyň üsti bilen satyn alnan-satylan, alşylan we (ýa-da) çalşylan mahalynda şahsyýeti kybaplaşdyrmak (takyklamak) hakynda talabyň bellenilmegine ýol berilmeýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
  4. Fiziki şahsyň öz haýyşy boýunça onuň şahsyýeti kybaplaşdyrylan maglumatlar alyş-çalyş amalynyň geçirilendigini tassyklaýan resminama goşulyp bilner.

  5. Erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän möçberdäki daşary ýurt nagt pulunyň alyş-çalyş nokatlarynyň üsti bilen satyn alynmagy-satylmagy, alşylmagy we (ýa-da) çalşylmagy diňe fiziki şahsyň şahsyýeti kybaplaşdyrylandan soňra amala aşyrylýar.
  6. Alyş-çalyş amallaryny geçirmegiň düzgünleri Türkmenistanyň Merkezi banky we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilýär.
  7. Alyş-çalyş amallary ygtyýarly karz edaralary tarapyndan tölegli esasda daşary ýurt puluny satyn almak we satmak (spred) amallarynyň arasyna hümmet aratapawudyny girizmek ýa-da geleşikleriň pul möçberinden komission ýygymy tutup almak arkaly bellenilen düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar.
  8. Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurt pulunyň satyn alnyş ýa-da satylyş hümmetiniň puluň resmi hümmetinden mümkin bolan üýtgemeginiň çägi, şol sanda komission ýygymyň hasaba alynmagy bilen, bir göterimden köp bolmaly däldir.

  9. Ygtyýarly karz edaralary, maliýeleşdirilmeginiň çeşmelerine garamazdan, şol sanda eksport üçin, önümleriň we harytlaryň, oba hojalyk, azyk önümleriniň we sarp edilýän harytlaryň, senagat önümçiligi, önümçilik we sosial-durmuş wezipeli obýektleriň gurluşygy çygyrlarynda, taslamalaryň durmuşa geçirilmegini amala aşyrýan dahyllylara-ýuridik şahslara (olaryň şahamçalaryna, wekilhanalaryna), şeýle hem dahyllylara-ýuridik şahsy döretmezden telekeçilere daşary ýurt puluny satyn almak-satmak hukugyny ileri tutup bermäge borçludyrlar.

21-nji madda. Bankara pul bazary

  1. Ygtyýarly karz edaralary Türkmenistanyň pul kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistandaky we Türkmenistanyň çäginden daşardaky bankara pul bazarynda puly erkin satyn alyp we satyp bilýärler.
  2. Türkmenistanyň içindäki bankara pul bazary birža we biržadan daşarky pul bazaryndan ybaratdyr.
  3. Ygtyýarly karz edaralary özlerine berlen ygtyýarnama ýa-da Türkmenistanyň kanunçylyk namalary bilen berlen hukuga laýyklykda daşary ýurt puluny gönümel pul biržalarynda-da (birža bazary), şonuň ýaly-da korrespondent banklarynyň üsti bilen (biržadan daşarky bazar) hem satyn alýarlar we satýarlar.
  4. Türkmenistanyň pul bazarynda daşary ýurt puly satylanda ýa-da satyn alnanda Türkmenistanyň bankara pul bazarynyň gatnaşyjylary tarapyndan bellenilen puluň bazar hümmetiniň mümkin bolan üýtgemeginiň çägi, Türkmenistanyň pul kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, pullaryň resmi hümmetinden nol bitin ondan bäş göterimden köp bolmaly däldir.
  5. Pul biržalary Türkmenistanyň pul kanunçylygynda bellenilen tertipde daşary ýurt pulunyň ygtyýarly dilerlerine we dellallaryna söwda meýdançasyny berýärler, birža söwdalaryny geçirmek üçin şertleri üpjün edýärler we birža söwdasyny kadalaşdyrýarlar.
  6. Pul biržalary birža söwdasyny gurnaýarlar we alyp barýarlar, olar öz adyndan we öz hasabyna birža geleşiklerini geçirip bilmeýärler, şeýle hem birža söwdasynyň guralmagy bilen göni baglanyşykly bolmadyk söwda-araçylyk işini amala aşyryp bilmeýärler.

  7. Türkmenistanyň pul kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda ygtyýarly dilerlere pul ýagdaýlarynyň çäkleri kesgitlenilýär.

22-nji madda. Pul interwensiýasy

  1. Pul interwensiýasy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan alnyp barylýan, Türkmenistanyň pul_karz syýasatynyň esasy gurallarynyň biri bolup durýar.
  2. Pul interwensiýasy puluň durnukly hümmetini saklamak, şeýle hem milli puluň hümmetine, onuň jemlenen islegine we teklibine täsir etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

  3. Pul interwensiýasy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň pul bazarynda daşary ýurt pulunyň satyn alynmagy we satylmagy arkaly amala aşyrylýar.
  4. Daşary ýurt pulunyň satylmagy dahyllylar tarapyndan pul düşewüntleriniň bir böleginiň hökmany satylmagyndan, şeýle hem fiziki we ýuridik şahslardan satyn alynýan başga daşary ýurt pullaryndan emele gelen serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

4-nji bap. Bank hyzmatlary

23-nji madda. Dahyllylaryň we dahylsyzlaryň ygtyýarly karz edaralaryndaky pul hasaplary (goýumlary)

  1. Dahyllylar we dahylsyzlar Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän tertipde ygtyýarly karz edaralarynda pul hasaplaryny (goýumlaryny) açmaga haklydyrlar.
  2. Ygtyýarly karz edaralary tarapyndan dahyllylaryň we dahylsyzlaryň pul hasaplaryna (goýumlaryna) hyzmat edilmegi, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, şertnama esasynda amala aşyrylýar.
  3. Her bir dahylly (dahylsyz)-ýuridik şahsa (onuň şahamçasyna, wekilhanasyna), şeýle hem dahylly (dahylsyz)-ýuridik şahsy döretmezden her bir telekeçä diňe bir ygtyýarly karz edarasynda esasy işine hyzmat etmek üçin gündelik pul hasaby açylyp bilner.
  4. Ygtyýarly karz edaralary dahyllylara (dahylsyzlara)-fiziki şahslara pul hasabyny (goýumyny) çäklendirmesiz açýarlar. Pul hasaplarynyň (goýumlarynyň) eýeleri - dahyllylar (dahylsyzlar)-fiziki şahslar olar boýunça amallary özleri, şonuň ýaly-da ygtyýarly şahsyň üsti bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyryp bilerler.

24-nji madda. Türkmenistanyň çäginde dahyllylaryň we dahylsyzlaryň pul amallary boýunça tölegleri we geçirmeleri

  1. Türkmenistanyň çäginde dahyllylaryň we dahylsyzlaryň pul amallary boýunça tölegleri we pul geçirmeleri, eger Türkmenistanyň pul kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ygtyýarly karz edaralarynda açylan pul hasaplarynyň (goýumlarynyň) üsti bilen amala aşyrylýar, şu Kanunyň 25-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýan pul amallary muňa degişli däldir.
  2. Türkmenistanyň çäginde dahyllylaryň we dahylsyzlaryň pul amallary boýunça tölegleri we pul geçirmeleri Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
  3. Türkmenistanyň çäginde dahyllylaryň we dahylsyzlaryň pul amallary boýunça ygtyýarly karz edaralarynda açylan pul hasaplarynyň (goýumlarynyň) üsti bilen tölegiň görnüşine we wezipesine laýyklykda amala aşyrylýan tölegleri we pul geçirmeleri resminamaly kybaplaşdyrylmaga degişlidir, muňa şu aşakdakylar degişli däldir:
    1. özlerine berlen ygtyýarnama laýyklykda ygtyýarly karz edaralarynyň ýerine ýetirmäge hukugy bolan bank amallaryna we geleşiklerine degişli edilen ygtyýarly karz edaralarynyň we olaryň müşderileriniň arasyndaky pul gymmatlyklary bilen amallary;
    2. ýuridik şahsyň bir pul hasabyndan onuň beýleki pul hasabyna amala aşyrylýan tölegleri, şeýle hem onuň Türkmenistandaky şahamçasynyň, wekilhanasynyň işini üpjün etmek bilen baglanyşykly tölegler;
    3. ýuridik şahsy döretmezden telekeçiniň bir pul hasabyndan onuň beýleki pul hasabyna amala aşyrylýan tölegleri;
    4. Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, konsullyk edaralaryň, şeýle hem halkara guramalarynyň işini üpjün etmek bilen baglanyşykly tölegler;
    5. fiziki şahslaryň arasyndaky tölegler we geçirmeler;
    6. işgärlere-fiziki şahslara iş sapar we wekilçilik çykdajylarynyň öwezini dolmak bilen baglanyşykly amallar;
    7. işgärlere-fiziki şahslara zähmet hakynyň we hak-heşdekleriň beýleki görnüşleriniň tölenilmegi boýunça amallar;
    8. saglygy bejertmäge, okuwa we beýleki haýyr-sahawat maksatlaryna muzdsuz tölegler we pul geçirmeleri ýa-da pul gymmatlyklarynyň muzdsuz geçirilmegi;
    9. Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlaryň we beýleki hökmany tölegleriň tölenilmegi bilen baglanyşykly amallar;
    10. Türkmenistanyň pul kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga tölegler we geçirmeler.
  4. Dahyllylar bilen dahylsyzlaryň Türkmenistanyň çäginde amala aşyrylýan pul amallary boýunça özara nägileliklerine, olara hyzmat edýän ygtyýarly karz edaralarynyň gatnaşmazlygynda seredilýär. Bank amallaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ygtyýarly karz edarasyna bildirilýän nägilelikler dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan olara hyzmat edýän ygtyýarly karz edarasyna ýollanylýar.
  5. Dahyllylar we dahylsyzlar öz pul hasaplarynyň (goýumlarynyň) üsti bilen hasaplaşyklary islendik daşary ýurt pulunda, zerur bolan ýagdaýynda ygtyýarly karz edarasy bilen ylalaşylan bazar hümmeti boýunça konwersiýa amallaryny geçirmek bilen amala aşyryp bilýärler.
  6. Dahyllynyň ýa-da dahylsyzyň pul hasabyna hyzmat edýän ygtyýarly karz edarasynyň üsti bilen hasabyň eýesine goýulan milli puldaky razyçylyksyz (akseptsiz) tölenýän töleg talapnamalarynyň ýerine ýetirilmegi, ygtyýarly karz edarasy tarapyndan onuň hasabynda duran pul serişdelerini milli pula satmak ýoly bilen, şeýle hem razyçylyksyz tertipde ýerine ýetirilýär.
  7. Şu maddanyň düzgünleri ygtyýarly karz edaralarynyň arasyndaky, şeýle hem ygtyýarly karz edaralary bilen daşary ýurt karz edaralarynyň arasyndaky geleşikler boýunça amallara degişli däldir.

25-nji madda. Dahyllylaryň we dahylsyzlaryň Türkmenistanyň çäginde pul hasaplaryny (goýumlaryny) ulanmazdan amala aşyrýan pul amallary boýunça tölegleri we pul serişdeleriniň geçirmeleri

  1. Eger Türkmenistanyň pul kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, dahyllylaryň we dahylsyzlaryň Türkmenistanyň çäginde pul amallary boýunça ygtyýarly karz edaralarynda açylan pul hasaplaryny (goýumlaryny) ulanmazdan amala aşyrylýan pul amallary boýunça töleglere we pul serişdeleriniň gecirmelerine şu aşakdakylar degişlidir:
    1. fiziki şahslaryň ygtyýarly karz edaralarynda pul hasaplaryny açmazdan amala aşyrýan, erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçmeýän tölegleri we pul geçirmeleri;
    2. fiziki şahslaryň ygtyýarly karz edaralarynyň alyş-çalyş nokatlarynyň üsti bilen daşary ýurt nagt pulunyň satyn alynmagy-satylmagy, alşylmagy we (ýa-da) çalşylmagy bilen baglanyşykly tölegleri we pul geçirmeleri;
    3. çegiň, wekseliň berilmegi (geçirilmegi) arkaly tölenilýän tölegler;
    4. pul gymmatlyklarynyň saglygy bejertmek, okuw we beýleki haýyr-sahawat maksatlary üçin muzdsuz berilmegi;
    5. fiziki şahslar tarapyndan pul gymmatlyklarynyň saklanylmagy, sowgat berilmegi, wesýet edilmegi ýa-da miras hukugyna görä alynmagy;
    6. fiziki şahslaryň toplamak maksady bilen ýeke-täk pul belgilerini we şaýy pullaryny edinmegi we aýrybaşgalamagy;
    7. paçsyz söwda dükanlardaky hasaplaşyklar, şeýle hem halkara gatnawlary mahalynda ulag serişdeleriniň gidýän ugurlarynda ýolagçylara harytlar ýerlenen we hyzmatlar edilen mahalyndaky hasaplaşyklar bilen baglanyşykly amallar;
    8. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde işgärlere zähmet hakynyň we hak-heşdekleriň başga görnüşleriniň tölenilmegi;
    9. işgärlere iş sapar we wekilçilik çykdajylarynyň öweziniň dolunmagy;
    10. şu Kanunda bellenilen tertipde dahyllylaryň daşary ýurt karz edaralarynda açylan pul hasaplarynyň (goýumlarynyň) üsti bilen geçirilýän tölegler we pul geçirmeleri;
    11. Türkmenistanyň pul kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda dahylsyzlaryň daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplaryndan (goýumlaryndan) dahyllynyň borçlarynyň ýerine ýetirilmeginiň hasabyna amala aşyrylýan pul geçirmeleri;
    12. Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda salgytlaryň we Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenilýän beýleki hökmany tölegleriň tölenilmegi bilen baglanyşykly amallar.
  2. Türkmenistanyň çäginde bellige alynmagy, ýazmaça habarly edilmegi we (ýa-da) geleşigiň pasportynyň resmileşdirilmegi talap edilýän pul amallary boýunça tölegler we pul geçirmeleri şu Kanunda bellenilen tertipde diňe ygtyýarly karz edaralarynda açylýan hasaplaryň (goýumlaryň) üsti bilen amala aşyrylýar.

26-njy madda. Dahylsyzlaryň ygtyýarly karz edaralaryndaky milli puldaky hasaplary (goýumlary)

  1. Dahylsyzlar Türkmenistanyň çäginde ygtyýarly karz edaralarynda milli pulda hasaplary (goýumlary) açmaga haklydyrlar.
  2. Dahylsyzlaryň Türkmenistanyň çäginde ygtyýarly karz edaralarynda milli pulda hasaplarynyň (goýumlarynyň) açylmagy we ýöredilmegi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

  3. Eger ygtyýarly karz edaralarynda dahylsyzlaryň milli pulda hasaplarynyň (goýumlarynyň) açylmagynyň we ýöredilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilmedik bolsa, onda ygtyýarly karz edaralarynda dahyllylaryň milli pulda hasaplarynyň (goýumlarynyň) açylmagy we ýöredilmegi üçin bellenilen tertip ulanylýar.

27-nji madda. Türkmenistanyň çäginde dahylsyzlaryň milli pulda hasaplaşyklary we pul geçirmeleri

  1. Eger Türkmenistanyň pul kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, dahylsyzlar Türkmenistanyň çäginde milli pulda hasaplaşyklary we pul geçirmelerini çäklendirilmesiz amala aşyrmaga haklydyrlar.
  2. Türkmenistanyň çäginde dahylsyzlaryň ygtyýarly karz edaralarynda milli puldaky hasaplarynyň (goýumlarynyň) üsti bilen hasaplaşyklary we pul geçirmeleri Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilýän tertipde amala aşyrylýar.
  3. Türkmenistanyň çäginde bellige alynmak, ýazmaça habarly etmek we (ýa-da) geleşigiň pasportyny resmileşdirmek talaby bellenilen milli puldaky maýanyň hereketiniň pul amallary amala aşyrylan mahalynda hasaplaşyklar we pullaryň geçirilmegi dahylsyzlar tarapyndan diňe ygtyýarly karz edaralarynda açylan hasaplaryň (goýumlaryň) üsti bilen, şeýle hem daşary ýurt karz edarasynyň ygtyýarly karz edarasynda milli puldaky korrespondent hasaby bolan mahalynda, daşary ýurt karz edaralarynda açylan hasaplaryň (goýumlaryň) üsti bilen amala aşyrylýar.
  4. Dahylsyzlar Türkmenistanyň çäginde milli puly daşary ýurt karz edaralaryndaky öz hasaplaryndan (goýumlaryndan) ygtyýarly karz edaralaryndaky öz hasaplaryna (goýumlaryna), şeýle hem ygtyýarly karz edaralaryndaky öz hasaplaryndan (goýumlaryndan) daşary ýurt karz edaralaryndaky öz hasaplaryna (goýumlaryna) çäklendirilmesiz geçirmäge haklydyrlar.

28-nji madda. Dahyllylaryň daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplary (goýumlary)

  1. Dahyllylar daşary ýurt karz edaralarynda açylan hasaplarynyň (goýumlarynyň) üsti bilen pul amallaryny amala aşyranlarynda şu Kanuna laýyklykda bu hasaplara (goýumlara) geçirilen milli we daşary ýurt pulundaky serişdeleriň hasabyna hasaplaşyklary geçirip bilýärler.
  2. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary we Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän Türkmenistanyň gaýry resmi wekilhanalary, şeýle hem Türkmenistanyň hökümetara, döwletara ýa-da halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary üçin daşary ýurt karz edaralarynda hasaplaryň (goýumlaryň) açylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
  3. Dahyllylaryň daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplary (goýumlary) şu aşakdakylar bilen baglanyşykly pul amallaryny amala aşyrmak üçin açylýar:
    1. dahyllynyň daşary ýurtlarda şahamçalaryny, wekilhanalaryny saklamagy bilen - olaryň iş döwrüne;
    2. dahyllynyň şahamçanyň, wekilhananyň üsti bilen ýolagçylaryň we ýükleriň daşalmagy, ýolagçylaryň we ýükleriň üstaşyr daşalmagy bilen baglanyşykly halkara ulagynyň ugratma, daşama we gatnatma (çarter) hyzmatlaryny etmek, şeýle hem agzalan ýolagçylaryň we ýükleriň ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça hyzmatlary etmek boýunça ulanmaga degişli çykdajylary bilen - şol hyzmatlaryň amala aşyrylýan döwrüne;
    3. dahyllylar tarapyndan daşary ýurtlaryň çäginde dürli wezipeli obýektleriň gurluşygy boýunça ýerli çykdajylaryň tölenilmegi bilen - olaryň gurulýan döwrüne;
    4. Türkmenistanyň çäginden daşarda dahyllylar tarapyndan sport, medeni we beýleki çäreleriň, şol sanda sergileriň geçirilmeginiň maliýeleşdirilmegi bilen - bu çäreleriň geçirilýän döwrüne;
    5. dahyllynyň Türkmenistanyň çäginden daşarda bolmagy bilen baglanyşykly iş saparlarynyň we wekilçilik çykdajylarynyň öweziniň dolunmagy bilen - onuň iş saparynda bolýan döwrüne;
    6. eger şeýle talap daşary ýurt döwletiniň kanunçylygynda bellenilen bolsa, dahyllynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýan, dahylly tarapyndan dahylsyz-ýuridik şahsyň esaslyk maýasynyň tölegine serişdeleriň geçirilmegi bilen - dahylsyzyň-ýuridik şahsyň bellige alynýan döwrüne;
    7. dahyllylaryň dahylsyzlardan alan ssudalary, zaýomlary we bank karzlary boýunça borçlarynyň üpjün edilmegi üçin niýetlenen serişdeleriň geçirilmegi bilen - şol berginiň bar bolan döwrüne;
    8. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga amallar bilen.
    9. Dahyllylar şu bölekde görkezilen pul amallaryny, şu Kanunyň 29-njy maddasynyň üçünji we dördünji böleklerine laýyklykda bu hasaplara (goýumlara) geçirilen serişdeleriň hasabyna amala aşyrmaga haklydyrlar.

  4. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilmedik dahyllylar-eýeçiligi döwlete degişli görnüşdäki ýuridik şahslar (olaryň şahamçalary, wekilhanalary) tarapyndan daşary ýurt karz edaralarynda hasaplaryň açylmagy (ýapylmagy) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar.
  5. Dahyllylar-eýeçiligi döwlete degişli bolmadyk görnüşdäki ýuridik şahslar (olaryň şahamçalary, wekilhanalary) tarapyndan daşary ýurt karz edaralarynda hasaplaryň açylmagy (ýapylmagy) şol dahyllylaryň-ýuridik şahslaryň eýeleriniň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar.

  6. Dahyllylaryň-ýuridik şahslaryň (olaryň şahamçalarynyň, wekilhanalarynyň) daşary ýurt karz edaralarynda hasaplarynyň açylmagy şu Kanunyň 8-nji maddasynda göz öňünde tutulan talaplara laýyklykda bellige alynmaga degişlidir.
  7. Dahyllylar-ýuridik şahslar (olaryň şahamçalary, wekilhanalary) tarapyndan daşary ýurt karz edaralarynda bellige alynman açylan hasaplaryň ulanylmagyna ýol berilmeýär.

    Bellige almak hakynda talaplaryň bozulmagy bilen açylan hasap, olar boýunça serişdeleriň galyndylary hasaplaryň eýeleri tarapyndan öz ýurduna gaýtarylandan soňra özbaşdak ýa-da pula gözegçilik edýän edaranyň şu Kanunyň 36-njy maddasynyň ikinji böleginiň 2-nji bendiniň "ä'' kiçi bendinde göz öňünde tutulan puşmana töleginiň salynmagyny göz öňünde tutup bilýän namasyna laýyklykda ýapylýar.

  8. Eger Türkmenistanyň pul kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, dahyllylara-ýuridik şahsy döretmezden telekeçilere daşary ýurt karz edaralarynda hasaplary açmaga rugsat berilýär.
  9. Dahyllylar-ýuridik şahsy döretmezden telekeçiler Türkmenistana gaýdyp gelenlerinden soň, şu Kanunyň 9-njy maddasyna laýyklykda daşary ýurt karz edaralarynda hasaplarynyň açylýandygy (ýapylýandygy) barada özlerine hyzmat edýän ygtyýarly karz edaralaryny ýazmaça habarly etmäge borçludyrlar.
  10. Eger dahyllylar-ýuridik şahsy döretmezden telekeçiler tarapyndan özleriniň ygtyýarly karz edaralaryndaky hasaplaryndan daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplaryna ýa-da olaryň daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplaryndan ygtyýarly karz edaralaryndaky hasaplaryna tölegleriň we pul serişdeleriniň geçirilmegi amala aşyrylýan bolsa, hasaplar boýunça ýazmaça habarly etmek berlen diýlip hasap edilýär.

  11. Dahyllylara-fiziki şahslara (dahyllylar-ýuridik şahsy döretmezden telekeçiler muňa degişli däldir) daşary ýurt karz edaralarynda hasaplary (goýumlary) çäklendirilmesiz açmaga rugsat berilýär.
  12. Dahyllylar-ýuridik şahslar we dahyllylar-ýuridik şahsy döretmezden telekeçiler daşary ýurt karz edaralarynda hasaplary açandyklary (ýapandyklary) hakynda özleriniň salgyt boýunça hasaba alnan ýerindäki salgyt edaralaryna Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenilen möhletlerde we ýagdaýlarda ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyrlar.
  13. Şu maddanyň düzgünleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt karz edaralarynda hasaplary açýan ygtyýarly karz edaralaryna we pul biržalaryna degişli däldir.

29-njy madda. Dahyllylaryň Türkmenistanyň çäginden daşardaky tölegleri we pul serişdelerini geçirmeleri

  1. Eger Türkmenistanyň pul kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, dahyllylar Türkmenistanyň çäginden daşarda daşary ýurt karz edaralarynda açylan hasaplarynyň (goýumlarynyň) üsti bilen pul amallary boýunça tölegleri we pul serişdelerini geçirmegi çäklendirilmezden amala aşyrmaga haklydyrlar.
  2. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän Türkmenistanyň gaýry resmi wekilhanalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň hökümetara, döwletara ýa-da halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň işini üpjün etmek bilen baglanyşykly çykdajylaryň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
  3. Dahyllylar şu Kanunyň 28-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen pul amallaryny amala aşyrmak üçin, özleriniň ygtyýarly karz edaralaryndaky hasaplaryndan (goýumlaryndan) daşary ýurt karz edaralarynda açylan hasaplaryna (goýumlaryna) pul serişdelerini geçirmäge haklydyrlar.
  4. Dahyllylar-ýuridik şahslar tarapyndan özleriniň ygtyýarly karz edaralaryndaky hasaplaryndan daşary ýurt karz edaralarynda açylan hasaplaryna tölegleriň we serişdeleriň geçirilmegi şu Kanuna laýyklykda daşary ýurt karz edarasynda hasap açylan mahalynda talap edilýän bellige almakdan soň amala aşyrylyp bilner.

  5. Eger şu geleşikler boýunça pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçmeýän bolsa we şu Kanun bilen bellige alynmagy, ýazmaça habarly edilmegi, geleşigiň pasportynyň resmileşdirilmegi baradaky talaplar göz öňünde tutulmadyk bolsa, dahyllylaryň-ýuridik şahslaryň we dahyllylaryň-ýuridik şahsy döretmezden telekeçileriň daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplaryna, dahylsyzlar bilen geleşikler boýunça girdejileriň (harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bölek-satuw we lomaý söwdasyndan alnan düşewüntleri hem goşmak bilen) geçirilmegine rugsat berilýär.
  6. Eger geçirilýän amallar Türkmenistanyň çäginde emlägiň geçirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi bilen baglanyşykly bolmasa, dahyllylar-ýuridik şahslar we dahyllylar-ýuridik şahsy döretmezden telekeçiler şu Kanuna laýyklykda özleriniň daşary ýurt karz edaralaryndaky açylan hasaplaryna geçirilýän serişdeleriň ulanylmagy bilen pul amallaryny çäklendirilmezden geçirmäge haklydyrlar, şu Kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir.
  7. Dahyllylaryň-ýuridik şahslaryň we dahyllylaryň-ýuridik şahsy döretmezden telekeçileriň daşary ýurt karz edaralarynda açylan hasaplarynyň üsti bilen, şu Kanun bilen bellige almak, ýazmaça habarly etmek we (ýa-da) geleşigiň pasportyny resmileşdirmek talaplary kesgitlenen, dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän maýanyň hereketiniň pul amallarynyň geçirilmegine ýol berilmeýär.

  8. Dahyllylaryň daşary ýurt karz edaralarynda açylan hasaplaryna (goýumlaryna) şu maddanyň üçünji we dördünji böleklerine laýyklykda geçirilen pul serişdeleri şu Kanunyň 28-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen pul amallaryny amala aşyrmak üçin peýdalanylmalydyr we (ýa-da) dahylsyzlar bilen baglaşylan geleşikler boýunça çykdajylaryň öwezi dolunandan soň Türkmenistana gaýtarylmalydyr.
  9. Dahyllylaryň-ýuridik şahslaryň we dahyllylaryň-ýuridik şahsy döretmezden telekeçileriň daşary ýurt karz edaralarynda açylan hasaplaryndaky pul serişdeleriniň galyndylary boýunça, girdejileriň çykdajylardan artýan möçberleri şu Kanunyň 28-nji maddasynyň üçünji böleginde görkezilen pul amallarynyň geçirilmeli döwri tamamlanandan soň on bank gününden gijä galman Türkmenistana gaýtarylmaga degişlidir.

III bölüm. Pula gözegçilik etmek

5-nji bap. Pula gözegçilik edýän edaralar we agentler. Pula gözegçilik edýän edaralaryň we agentleriň hukuklary we borçlary

30-njy madda. Pula gözegçilik edýän edaralar we agentler

  1. Türkmenistanda pula gözegçilik etmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, pula gözegçilik edýän edaralar we agentler tarapyndan amala aşyrylýar.
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarlyk berlen merkezi ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde Türkmenistanda pula gözegçilik edýän edaralar bolup durýar.
  3. Şu aşakdakylar Türkmenistanda pula gözegçilik edýän agentler bolup durýarlar:
    1. ygtyýarly karz edaralary;
    2. gymmat bahaly kagyzlar (gazna), pul we haryt-çig mal biržalary, şol sanda olaryň gatnaşyjylary;
    3. döwlet sanawlaryny saklaýjylar, şeýle hem döwlet bellige alyjylary;
    4. Türkmenistanyň gümrük gullugy edaralary;
    5. Türkmenistanyň salgyt gullugy edaralary;
    6. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda pula gözegçilik etmegi amala aşyrmaga ygtyýarlyk berlen başga edaralar.
  4. Türkmenistanyň Merkezi banky karz edaralarynyň, şeýle hem pul biržalarynyň amala aşyrýan pul amallaryna gözegçilik edýär.

31-nji madda. Pula gözegçilik edýän edaralaryň namalary

  1. Pula gözegçilik edýän edaralar Türkmenistanyň pul kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda pula gözegçilik etmegiň meseleleri boýunça namalary çykarmaga haklydyrlar.
  2. Pula gözegçilik edýän edaralaryň namalarynda pul amallaryny kadalaşdyrmagyň meselelerine degişli düzgünler bolmaly däldir.

32-nji madda. Pula gözegçilik edýän edaralaryň we agentleriň hukuklary

  1. Pula gözegçilik edýän edaralaryň we agentleriň öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şu aşakdakylara hukuklary bardyr:
    1. dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň berjaý edilişine barlaglary geçirmäge;
    2. dahyllylaryň we dahylsyzlaryň pul amallary boýunça hasaba alşyň we hasabatlylygyň dolulygynyň we dogrulygynyň barlagyny geçirmäge;
    3. pul amallarynyň geçirilmegi, hasaplaryň (goýumlaryň) açylmagy we ýöredilmegi bilen baglanyşykly resminamalary we maglumatlary soramaga we almaga.
  2. Pula gözegçilik edýän edaralaryň öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şu aşakdakylara hukugy bardyr:
    1. Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň ýüze çykarylan bozulmalaryny aradan aýyrmak hakynda teklipnamalar bermäge;
    2. Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň bozulandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini ulanmaga;
    3. pula gözegçilik etmegi talabalaýyk amala aşyrmak maksady bilen, pula gözegçilik edýän agentlere ýerine ýetirilmegi hökmany bolan tabşyryklary bermäge;
    4. pul amallary boýunça hasabat bermegiň we Türkmenistanyň pul kanunçylygyny berjaý etmegiň meseleleri boýunça barlaglary geçirmegiň tertibini bellemäge.
  3. Pula gözegçilik edýän agentler dahyllylardan we dahylsyzlardan öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde pula gözegçiligi amala aşyranlarynda pul amallarynyň geçirilmegi, hasaplaryň (goýumlaryň) açylmagy we ýöredilmegi bilen baglanyşykly şu aşakdaky resminamalary ýa-da olaryň göçürme nusgalaryny talap etmäge we almaga hukugy bardyr:
    1. pasporty ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamany;
    2. fiziki şahsyň ýuridik şahsy döretmezden telekeçi hökmünde bellige alnandygy baradaky şahadatnamany;
    3. ýuridik şahsyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy baradaky şahadatnamany, Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäni, tertipnamany, esaslandyryş şertnamasyny, esaslandyryjylaryň umumy ýygnagynyň teswirnamalaryny we ýuridik şahsyň beýleki resminamalaryny;
    4. salgyt gullugynyň edarasynda hasaba alnandygy barada resminamany;
    5. eger dahylsyzyň şeýle resminamany almagy daşary ýurt döwletiniň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bolsa, dahylsyzyň ýaşaýan (bellige alnan) döwletiniň edaralary tarapyndan resmileşdirilýän we berilýän, dahylsyzlaryň pul amallaryny geçirmäge, hasaplary (goýumlary) açmaga hukugyny tassyklaýan resminamalary;
    6. ygtyýarnamalary, şeýle hem şu Kanunda bellenilen ýagdaýlarda bellige alyş resminamalaryny ýa-da ýazmaça habarly edilýän hatlarynyň göçürme nusgalaryny;
    7. pul şertnamalaryny;
    8. karz edaralary tarapyndan berilýän, hasaplar (goýumlar) boýunça pul amallarynyň geçirilendigini tassyklaýan güwänamalary we göçürmeleri;
    9. geleşigiň pasportyny, şol sanda geleşikler boýunça borçlaryň ýerine ýetirilendigini tassyklaýan resminamalary;
    10. ýük gümrük deklarasiýalaryny, şeýle hem pul gymmatlyklarynyň Türkmenistana getirilendigini ýa-da Türkmenistandan alnyp gidilendigini tassyklaýan gümrük deklarasiýalaryny;
    11. emläk we emläk däl hukuklary tassyklaýan resminamalary;
    12. pul amallarynyň geçirilmegi, hasaplaryň (goýumlaryň) açylmagy we ýöredilmegi bilen baglanyşykly başga resminamalary.
  4. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurt döwletiniň döwlet edarasy tarapyndan berilýän resminama bellenilen tertipde kanunlaşdyrylmalydyr.
  5. Zerur bolan ýagdaýlarda daşary ýurt dilindäki resminama Türkmenistanyň döwlet diline resmi taýdan terjimesi bilen bilelikde berilýär.

  6. Pula gözegçilik edýän agentler dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan berilýän resminamalaryň dogrulygyna jogapkärçilik çekmeýärler.
  7. Pula gözegçilik edýän agentler zerur bolan ýagdaýlarda berlen geçürme nusgalary bilen deňeşdirmek üçin ol resminamalaryň asyl nusgalaryny talap etmäge haklydyrlar.

    Dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan aýry-aýry ýagdaýlarda pula gözegçilik edýän agentler bilen ylalaşyk arkaly şol resminamalaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyk edilen göçürmeleri berlip bilner.

  8. Pula gözegçilik edýän agentler şu aşakdaky ýagdaýlarda olaryň gatnaşmaklarynda dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan amala aşyrylýan pul amallaryny geçirmekden boýun gaçyrmaga haklydyrlar:
    1. pul amalyny geçirmek üçin zerur bolan resminamalaryň doly bolmadyk sanawy berlende;
    2. berlen resminamalar Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda;
    3. berlen resminamalarda nädogry maglumatlar ýüze çykarylanda.

33-nji madda. Pula gözegçilik edýän edaralaryň we agentleriň borçlary

  1. Pula gözegçilik edýän edaralar we agentler öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde Türkmenistanda dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan amala aşyrylýan pul amallaryna gözegçiligi amala aşyrmaga borçludyrlar.
  2. Pula gözegçilik edýän edaralar we agentler dahyllylaryň şu Kanuna laýyklykda talap edilýän bellige almak we geleşikleriň pasportlaryny resmileşdirmek hakynda arzalaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletlerde seretmäge borçludyrlar.
  3. Pula gözegçilik edýän agentler şu aşakdakylara borçludyrlar:
    1. dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga;
    2. pul amallary boýunça hasaba alşyň we hasabatlylygyň dolulygyna we dogrulygyna gözegçiligi amala aşyrmaga;
    3. dahyllylar we dahylsyzlar tarapyndan ýol berlen Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň bozulmalary barada özlerine mälim bolan ýagdaýlar hakynda pula gözegçilik edýän edaralara habar bermäge;
    4. bellenilen tertipde pula gözegçilik edýän edaralara pul amallary barada maglumat bermäge;
    5. milli we daşary ýurt pulunyň öz ýurduna gaýtarylmagyna degişli talaplaryň dahyllylar tarapyndan ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga.
  4. Pula gözegçilik edýän edaralar we agentler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlylyklaryny amala aşyranlarynda özlerine mälim bolan täjirçilik, bank syryny düzýän maglumatlary we başga gizlin maglumatlary aýan etmezlige borçludyrlar.

6-njy bap. Dahyllylaryň we dahylsyzlaryň hukuklary we borçlary

34-nji madda. Dahyllylaryň we dahylsyzlaryň hukuklary

Türkmenistanda pul amallaryny amala aşyrýan dahyllylaryň we dahylsyzlaryň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

  1. pula gözegçilik edýän edaralar we agentler tarapyndan geçirilen barlaglaryň ykrarhatlary bilen tanyşmaga;
  2. pula gözegçilik edýän edaralar we (ýa-da) agentler tarapyndan geçirilen barlagyň ykrarhatynda görkezilen deliller boýunça ýazmaça görnüşde nägilelikler bildirmäge;
  3. pula gözegçilik edýän edaralaryň we agentleriň hereketlerine (hereketsizligine) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat etmäge;
  4. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga hukuklaryny amala aşyrmaga.

35-nji madda. Dahyllylaryň we dahylsyzlaryň borçlary

Türkmenistanda pul amallaryny amala aşyrýan dahyllylar we dahylsyzlar şu aşakdakylara borçludyrlar:

  1. pula gözegçilik edýän edaralara we agentlere şu Kanunda göz öňünde tutulan resminamalary we maglumatlary bermäge;
  2. geçirýän pul amallary boýunça bellenilen tertipde hasaba alşy we hasabatlylygy alyp barmaga;
  3. degişli pul amalynyň geçirilen gününden başlap azyndan bäş ýylyň dowamynda resminamalaryň we maglumatlaryň saklanyp galmagyny üpjün etmäge;
  4. pula gözegçilik edýän edaralaryň barlaglaryň barşynda ýüze çykarylan hukuk bozulmalaryny aradan aýyrmak barada görkezmelerini ýerine ýetirmäge.

IV bölüm. Jemleýji düzgünler

36-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

  1. Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
  2. Dahyllylar tarapyndan şu Kanunyň düzgünleriniň bozulmagy pula gözegçilik edýän edaralar tarapyndan dahyllylara şu aşakdaky görnüşde maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň salynmagyna getirýär:
    1. aşakdaky amalyň pul möçberiniň ýüz göterimi möçberinde bir gezeklik maliýe jerime salynmagyna:
    2. a) dahyllylaryň arasynda daşary ýurt pulunda geçirilen pul amaly üçin maliýe jerimesi daşary ýurt puluny alyja-dahylla ulanylýar, şu Kanunyň 15-nji maddasyna laýyklykda dahyllylaryň arasynda daşary ýurt pulunda amala aşyrylan pul amallary muňa degişli däldir;
      b) Türkmenistanyň çäginde dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasynda daşary ýurt pulunda geçirilen pul amaly üçin, şu Kanunyň 16-njy maddasynda göz öňünde tutulan, dahyllylaryň we dahylsyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çägindäki daşary ýurt pulundaky pul amallary muňa degişli däldir;
    3. her bir senenama güni üçin aşakdaky amalyň möçberiniň nol bitin ondan bir göterimi möçberinde puşmana töleginiň salynmagyna:
    4. a) harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) eksporty üçin dahylla tölenilmeli, emma dahylsyz bilen baglaşylan daşary söwda geleşiginde göz öňünde tutulan möhletde gelip düşmedik milli ýa-da daşary ýurt pulunyň;
      b) importy tölemek üçin dahylly tarapyndan deslapdan geçirilen, dahylsyzyň öz borçlaryny ýerine ýetirmezligi bilen baglanyşyklylykda, dahylsyz bilen baglaşylan daşary söwda geleşiginde göz öňünde tutulan möhletde yzyna gaýtarylmadyk milli ýa-da daşary ýurt pulunyň;
      ç) dahyllylaryň daşary ýurt banklarynda açan hasaplaryndaky (goýumlaryndaky), pul amallaryny geçirmegiň döwürleri tamamlanandan soň on bank gününiň dowamynda Türkmenistana gaýtarylmadyk pul serişdeleriniň galyndysynyň;
      d) pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän maýanyň hereketi bilen baglanyşykly pul amallary boýunça dahylsyzyň dahyllynyň öňündäki möhletinde üzülmedik bergisiniň, şol sanda dahylsyzyň daşary söwda işi bilen baglanyşyklylykda dahyllydan şu Kanunyň 16-njy maddasynyň on ikinji böleginde göz öňünde tutulan üpjünçiliksiz alnan we möhleti Türkmenistanyň pul kanunçylygynda bellenilen aňryçäk möhletden geçen söwda karzy boýunça bergisiniň;
      e) pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän, bellige alynmaga degişli, emma hakykatda bellige alynmazdan amala aşyrylan maýanyň hereketiniň pul amallary boýunça dahylsyzyň dahyllynyň öňündäki bergisiniň;
      ä) dahyllylaryň-ýuridik şahslaryň (olaryň şahamçalarynyň, wekilhanalarynyň) bellige alnandan soň açmaga degişli bolan, emma hakykatda bellige alynmazdan açylan daşary ýurt karz edaralaryndaky hasaplaryna gelip düşen serişdeleriniň;
      f) pul şertnamasynyň möçberi erkin aýlanýan puluň çäginden ýokary geçýän, soň ýazmaça habarly etmek bilen geçirilmäge degişli, emma pul amalynyň geçirilmeginiň başlanan senesinden soň on bank güni geçen we hakykatda ýazmaça habarly edilmedik maýanyň hereketiniň pul amallary boýunça dahylsyzyň dahyllynyň öňündäki bergisiniň;
      g) dahyllylaryň-ýuridik şahsy döretmezden telekeçileriň daşary ýurt karz edaralarynda soň ýazmaça habarly etmek bilen açylýan, pul amalynyň geçirilmeginiň başlanan senesinden soň on bank güni geçen we hakykatda ýazmaça habarly edilmedik, hasaplaryna gelip düşen serişdeleriň;
      h) düşewündiň gündelik pul hasabyna gelip düşeninden soň bäş bank güni geçip, şu Kanunyň 12-nji maddasyna laýyklykda dahylly tarapyndan pul düşewündinden öz wagtynda geçirilmedik geçirimleriniň;
      i) düşewündiň gündelik pul hasabyna gelip düşeninden soň bäş bank güni geçip, şu Kanunyň 13-nji maddasyna laýyklykda dahylly tarapyndan hökmany satylmaga degişli pul düşewündiniň öz wagtynda satylmadyk böleginiň.
  3. Dahyllynyň puşmana tölegini tölemek boýunça borjy düzgün bozmanyň ýüze çykan pursatyndan başlanýar we dahyllynyň ýüze çykarylan düzgün bozulmany doly aradan aýran pursadyna ýa-da hasaplanan puşmana tölegleriniň ýüze çykarylan düzgün bozulmanyň ýüz göterimine ýeten pursadyna çenli dowam edýär.
  4. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen dahyllylara maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň ulanylmagyna şu aşakdaky ýagdaýlarda ýol berilmeýär, eger:
    1. olara sebäp bolan ýagdaýlar pula gözegçilik edýän edaralaryň we agentleriň bikanun hereketleri (hereketsizligi) bilen baglanyşykly bolsa;
    2. agzalan ýagdaýlar ýeňip geçip bolmaýan güýjüň hereketi netijesinde bolan bolsa;
    3. hak isleýiş wagt möhletiniň geçmeginiň arasy kazyýete hak isleginiň bildirilmegi bilen üzülse ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hakykat ýüzündäki ýagdaýlar boýunça togtadylsa;
    4. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen başga ýagdaýlar bolanda.

    Şu Kanuna laýyklykda maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň ulanylmagy we (ýa-da) ulanylmazlygy dahyllylary ýüze çykarylan düzgün bozulmalary aradan aýyrmak borjundan boşatmaýar.

  5. Pula gözegçilik edýän edaralar tarapyndan ulanylan maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri pula gözegçilik edýän agentler tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jedelsiz tertipde töletdirilýär.
  6. Türkmenistanyň pul kanunçylygynyň bozulandygy üçin maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri olaryň ýüze çykarylan ýylyndan öň gelýän bäş ýyldan köp bolmadyk döwürde goýberilen düzgün bozulmalar üçin salnyp bilner.

  7. Hasaplanylyp ýazylan maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň möçberleri puluň resmi hümmeti boýunça milli pulda Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilmäge degişlidir.
  8. Şu madda 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

37-nji madda. Jedelleriň çözülişi

Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmagyň we pula gözegçilik etmegiň meseleleri boýunça ýüze çykýan jedeller kazyýet tertibinde çözülýär.

38-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

  1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär, şu Kanunyň 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýän 36-njy maddasy muňa degişli däldir.
  2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje giren gününden başlap üç aý möhletiň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.
  3. 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda kabul edilen "Walýuta operasiýalaryny düzgünleşdirmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993 ý., № 9-10, 88-nji madda), oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňraky kanunlary ýa-da olaryň degişli böleklerini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.
2011-nji ýylyň 1-nji oktýabry.
№ 230-IV.