Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakynda

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň Başlygynyň 2009-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda çykaran №6
BUÝRUGY

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakynda düzgünnamany tassyklamak barada

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 1995-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda №0210/02-2 bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 1995-nji ýylyň 13-nji dekabrynda №46 bilen bellige alnan, Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakynda düzgünnamany we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 1996-njy ýylyň 19-njy iýunynda №0210/02-1497 bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 1996-njy ýylyň 22-nji iýulynda №86 bilen bellige alnan, oňa girizilen Goşmaçany güýjüni ýitiren hasap etmeli.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
müdiriýetiniň başlygynyň
2009-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda
çykaran №6 buýrugy bilen
tassyklanyldy

Giňişleýin