Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

2018-nji ýylyň 7-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we beýleki degişli düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilip durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary bilen baglylykda işlenip taýýarlanylan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.

08.06.2018ý.

Giňişleýin

Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

2018-nji ýylyň 3-nji iýuny. Şu gün dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bel­le­nil­di, bu se­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy. Bu wa­ka ýur­du­my­zyň yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­ýän döw­let hök­mün­de hal­ka­ra de­re­je­de dö­re­di­ji­lik we pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji kuw­wa­ty­ny ýe­ne bir ge­zek äş­gär et­di.

04.06.2018ý.

Giňişleýin

We­lo­si­ped spor­tu­ny wa­gyz et­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň tej­ri­be­si Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da

2018-nji ýylyň 3-nji iýuny. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ni esas­lan­dyr­mak ha­kyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Re­zol­ýu­si­ýa­sy­nyň ka­bul edil­me­gi ne­ti­je­sin­de dün­ýä­niň sport, jem­gy­ýet­çi­lik hem-de ha­bar­lar to­par­la­ry­nyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, hu­su­san-da, we­lo­si­ped spor­tu­ny wa­gyz et­mek­de ýur­du­my­zyň tej­ri­be­si­ne we türk­men Li­de­ri­niň şun­da eýe­le­ýän or­nu­na, şeý­le hem ge­çi­ril­ýän de­giş­li çä­re­le­re gy­zyk­lan­ma­la­ry has-da art­dy. Il­kin­ji ge­zek bel­le­nil­ýän Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da, 1-nji iýun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan paý­tag­ty­myz­da­ky kö­pu­gur­ly “Aş­ga­bat” sta­dio­nyn­da we­los­port bo­ýun­ça köp­çü­lik­le­ýin tür­gen­le­şik sa­pa­gy ge­çi­ril­di, ony Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­kil­le­ri we­los­port bo­ýun­ça dün­ýä­de gu­ra­lan iň köp­çü­lik­le­ýin tälim beriş sapagy hök­mün­de ha­sa­ba al­dy­lar.

04.06.2018ý.

Giňişleýin

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! 
Eziz watandaşlar!

Sizi halkara derejede bütin dünýäde, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ilkinji gezek giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara baýramyň adamzadyň parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyryp, ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrundaky beýik işlerimizde egsilmez ruhy güýç berýän, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýan aýratyn sene hökmünde milli senenamamyzda mynasyp orun aljakdygyna berk ynanýaryn.

04.06.2018ý.

Giňişleýin