Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

21.05.2018

2018-nji ýylyň 17-nji maýy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminden umumymilli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

21.05.2018

2018-nji ýylyň 16-njy maýy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iri gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy

16.05.2018

2018-nji ýylyň 15-nji maýy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi.

Giňişleýin

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow rekordlary gazanmakda nusgadyr

15.05.2018

2018-nji ýylyň 14-nji maýy. Milli sport we syýahatçylyk institutynda dabaraly maslahat boldy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralliniň ýakynda geçirilen saýlama tapgyryna badalga bermegine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyzyň özi hem Garagum sährasynyň ýollary boýunça bu saýlama tapgyryna gatnaşyp, ajaýyp netije görkezdi. Soňra ýaryşlar geçirilip, olaryň barşynda öňde boljak awtorallä Türkmenistandan gatnaşjak toparlar kesgitlenildi.

Giňişleýin

Hormatly Prezidentimiz “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy

14.05.2018

2018-nji ýylyň 12-nji maýy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine diňe bir ak pata bermän, eýsem, özi hem onuň saýlama tapgyrlaryna gatnaşdy, onuň barşynda şol halkara ýaryşa Türkmenistandan gatnaşjak ýygyndy toparlar kesgitlenildi.

Giňişleýin

«yza4243444546öňe»