Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy

09.01.2019

2019-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy bilen paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy hem-de ony mundan beýläk-de binagärlik we düzümleýin taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Şol taslamalar maýa goýum-gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.

Giňişleýin

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany

08.01.2019

Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky ähli türkmen halkyny “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň ýetip gelmegi bilen mähirli gutlap, “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň has-da berkemegini hem-de her bir türkmen maşgalasyna egsilmez bagt, rysgal, döwlet we bereket arzuw edýär!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ösüşleriň täze sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

08.01.2019

2019-njy ýylyň 7-nji ýanwary. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze, 2019-njy ýylda ilkinji wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sözlän sözi (2018-nji ýylyň 20-nji dekabry)

21.12.2018

Hormatly Ministrler Kabinetiniň 
agzalary! 
Hormatly diplomatlar!

Häzirki döwürde biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiz sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän esasy ýurtlaryň biridir. Dünýäde güýçli hem-de ýokary depginler bilen ösýän ykdysadyýeti we daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji abraýly hem-de hormatlanýan döwletdir.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

21.12.2018

2018-nji ýylyň 20-nji dekarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomatik düzümiň wekilleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň Täze ýylyň öň ýanyndaky däp bolan giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň beýleki döwletlerdäki diplomatik hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň redaktorlary we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň möhüm meselelerine seredildi.

Giňişleýin

yza1234öňe»