Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sport-ulag merkezine bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi. Bu ýerde milli Liderimiz awtomobil sporty boýunça ýaryşlary guramak, degişli türgenleşik işlerini geçirmek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilişi bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

18.10.2020ý.

Giňişleýin

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň senagat işgärlerine

Hormatly senagat işgärleri!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilip geçilýän Senagat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

18.10.2020ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

16.10.2020ý.

Giňişleýin