Türkmenistanda kassa amallaryny alyp barmagyň tertibi

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň Başlygynyň 2006-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran №84
BUÝRUGY

Nagt pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak we nagt pul serişdeleriniň dolanyşygyna gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanda kassa amallaryny alyp barmagyň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 1995-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda tassyklanan we Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 1995-nji ýylyň 15-nji noýabrynda 41 san bilen bellige alnan, Türkmenistanyň halk hojalygynda kassa amallaryny alyp barmagyň Tertibini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan
2006-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran
№84 buýrugy bilen tassyklanyldy


Giňişleýin

Türkmenistanyň raýatlaryna Aşgabat şäherinde täze gurlan jaýlardan öýleri satyn almaga gozgalmaýan emläk üçin karz bermegiň tertibi

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan
2008-nji ýylyň 12-nji maýynda tassyklanyldy

(Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2008-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky buýrugy esasynda girizilen üýtgetmeler bilen Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2008-nji ýylyň 4-nji awgustynda 461 san bilen bellige alnan)

Giňişleýin

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakynda

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň Başlygynyň 2009-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda çykaran №6
BUÝRUGY

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakynda düzgünnamany tassyklamak barada

Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

1. Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 1995-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda №0210/02-2 bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 1995-nji ýylyň 13-nji dekabrynda №46 bilen bellige alnan, Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklar hakynda düzgünnamany we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 1996-njy ýylyň 19-njy iýunynda №0210/02-1497 bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 1996-njy ýylyň 22-nji iýulynda №86 bilen bellige alnan, oňa girizilen Goşmaçany güýjüni ýitiren hasap etmeli.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
müdiriýetiniň başlygynyň
2009-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda
çykaran №6 buýrugy bilen
tassyklanyldy

Giňişleýin

Bank hasaby hakynda

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň Başlygynyň 2006-njy ýylyň 25-nji aprelinde çykaran №18
BUÝRUGY

Türkmenistanyň çäklerinde hasaba alnan bank edaralary tarapyndan öz müşderilerine bank hasabyny açmagyň, gaýtadan resmileşdirmegiň we ýapmagyň tertibini düzgünleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

  1. Bank hasaby hakynda düzgünnamany hasaplamaly (goşulýar).
  2. Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 1995-nji ýylyň 22-nji martynda tassyklanan we Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji aprelinde 3 belgi bilen bellige alnan, Türkmenistanyň çäklerinde ygtyýar edilen banklar tarapyndan daşary ýurt walýutasynda hasaplary açmagyň we alyp barmagyň Tertibini güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan
2006-njy ýylyň 25-nji aprelinde
çykaran №18 buýrugy bilen
tassyklanyldy

Giňişleýin