Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

“Mollagara” şypahanasy

Şu günler Türkmenistanyň iň gadymy şypahanalarynyň biri — «Mollagara» şypahanasy öz täze taryhynyň nobatdaky senesini bellemäge taýýarlyk görýär. Ýedi ýyl mundan öň — 2012-nji ýylyň 21-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda palçyk bilen bejerýän meşhur künjekde döwrebap şypahana toplumy açyldy. Mollagara kölüniň ýanynda gurlan ajaýyp şäherjigiň ýokary amatlylyk derejesine bu ýerde bolup gören hem-de türkmen tebigatynyň şypasy bilen saglygyny dikelden adamlaryň müňlerçesi baha bermäge mümkinçilik aldylar.

30.07.2019ý.

Giňişleýin

«Arçman» we «Ýyly suw» şypahanalary

Sanatoriýa-şypahana ulgamy — Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm bölegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet durmuş syýasatynyň ähmiýetli ugry bolup durýar. Bu gün ýurdumyzyň her welaýatynda döwrebap şypahanalar bolup, olarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däbe öwrülen usullary, şeýle hem ýokary netijeliligini subut eden innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy we howa şertleri bilen utgaşdyrylýar.

30.07.2019ý.

Giňişleýin

«Berzeňňi» şypahanasy

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan şypahana-dynç alyş ulgamyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän hem-de Watanymyzyň gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynda aýratyn möhüm orun degişlidir.

30.07.2019ý.

Giňişleýin

«Baýramaly» şypahanasy

Häzir Türkmenistanyň şypahana-sagaldyş ulgamy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sazlaşykly ösdürilýär. Baýry şypahanalaryň durky täzelenýär. Olaryň täze binalary gurulýar, dünýä standartlary derejesi üpjün edilýär.

30.07.2019ý.

Giňişleýin

«Awaza» şypahanasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişelik üns merkezinde saklanylýan halkymyzyň we ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek babatda belent sepgitleri eýeledi.

30.07.2019ý.

Giňişleýin