Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awtoulag sport merkezine bardy

2018-nji ýylyň 19-njy iýunynda irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ogly, Mejlisiň deputaty, Söweş sungatlary boýunça milli federasiýanyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow bilen awtomobil sporty merkezine baryp gördi we şol ýerde özüniň çyzgylary esasynda sport ulagyny täzeden enjamlaşdyrdy we gurnady hem-de onuň mümkinçiliklerini synap gördi.

20.06.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

2018-nji ýylyň 18-nji iýuny. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.

19.06.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirdi

2018-nji ýylyň 12-nji iýunynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň, şäher hem-de etrap gulluklarynyň edara ediş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň, şeýle hem ony talabalaýyk ulanyş ýagdaýynda saklamagyň meseleleri girizildi.

13.06.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere we käbir resminamalara garaldy.

09.06.2018ý.

Giňişleýin

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

2018-nji ýylyň 7-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we beýleki degişli düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilip durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary bilen baglylykda işlenip taýýarlanylan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.

08.06.2018ý.

Giňişleýin