Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

2019-njy ýylyň 21-nji ýanwary. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň öňde duran wezipelerini çözmäge degişli meselelere garaldy.

22.01.2019ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 18-nji ýanwary. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirip, hökümet agzalary bilen resminamalaryň taslamalaryny, wajyp meseleleriň birnäçesini, esasy pudaklary ösdürmegiň wezipelerini, olara, şol sanda döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

19.01.2019ý.

Giňişleýin

Maýa goýum — Türkmenistanyň innowasiýa ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy şerti

2019-njy ýylyň 17-nji ýanwary. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum syýasaty ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleriniň we netijeliliginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri çözmek hem-de bazar gatnaşyklaryny öňe ilerletmek, halk hojalyk toplumyny düzümleýin özgertmek, ählumumy söwda, ylmy-tehniki we ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan täzeçil usullary pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek işiniň ähmiýeti barha ýokarlanýar.

18.01.2019ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylýan maksatnamalar, şeýle hem «Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

17.01.2019ý.

Giňişleýin