Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we amala aşyrylan işlere baha berildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

13.04.2019ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti FIAS-nyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2019-njy ýylyň 7-nji aprelinde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) prezidenti Wasiliý Şestakowy kabul etdi.

08.04.2019ý.

Giňişleýin

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

07.04.2019

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän ajaýyp halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp bolşy ýaly, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda hem sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleri giňden ornaşdyrylýan güneşli Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, giňden ýaýbaňlandyrylýan medeni-köpçülikleýin sport hereketiniň eziz Watanymyza buýsanjymyzy has-da ýokarlandyryp, abadan we bagtyýar durmuşda beýik geljegimizi gurýan mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

08.04.2019ý.

Giňişleýin