Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iri gurluşyk taslamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy

2018-nji ýylyň 15-nji maýy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, şäheriň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ekologiýa ýagdaýyna aýratyn üns berdi.

16.05.2018ý.

Giňişleýin

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow rekordlary gazanmakda nusgadyr

2018-nji ýylyň 14-nji maýy. Milli sport we syýahatçylyk institutynda dabaraly maslahat boldy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralliniň ýakynda geçirilen saýlama tapgyryna badalga bermegine bagyşlandy. Döwlet Baştutanymyzyň özi hem Garagum sährasynyň ýollary boýunça bu saýlama tapgyryna gatnaşyp, ajaýyp netije görkezdi. Soňra ýaryşlar geçirilip, olaryň barşynda öňde boljak awtorallä Türkmenistandan gatnaşjak toparlar kesgitlenildi.

15.05.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 11-nji maýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine we döwletimiziň halkyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.

12.05.2018ý.

Giňişleýin

Garaşsyz, hemişelik BitarapTürkmenistanyň halkyna

Eziz halkym!
Hormatly uruş weteranlary!

Sizi dünýä taryhynda aýratyn orun tutýan şanly sene — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär, halklaryň agzybirligini hem-de jebisligini alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda hem Ýeňiş gününiň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

09.05.2018ý.

Giňişleýin