Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

2018-nji ýylyň 28-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasynyň, ýurdumyzy durmuş we ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle-de, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

28.04.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisine gatnaşdy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi geçirildi.

2010-njy ýylda döredilen, merkezi edarasy Aşgabatda bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy geçen ýyllarda dürli ýurtlaryň arassa ganly ahalteke atlaryny köpeltmäge, bu tohum atlary kämilleşdirmäge, olaryň ajaýyp nesil we sport häsiýetlerini ösdürmäge ýöriteleşen atşynaslaryň gatnaşyk etmegi üçin netijeli gurama öwrüldi. Assosiasiýanyň agzalarynyň ylalaşykly işleri halkymyzyň milli buýsanjy, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan bahasyz uly goşandy bolan ahalteke bedewlerini wagyz etmek boýunça işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.

27.04.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisinde eden çykyşy

Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary! 
Hanymlar we jenaplar! 
Gadyrly myhmanlar!

Şu gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky VIII mejlisini geçirýäris. Güneşli türkmen topragyna — şöhraty äleme dolan behişdi ahalteke bedewleriniň Watanyna hoş geldiňiz!

27.04.2018ý.

Giňişleýin

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly X halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara sergi-ýarmarka hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň açylmagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly X halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

27.04.2018ý.

Giňişleýin