Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

Türkmenistanyň Prezidenti «Mitsubishi Сorporation» we «Çalyk Holding» kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Mitsubishi Сorporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti jenap Hiroşi Sakumany hem-de «Mitsubishi Heavy Industries Engineering, Ltd.” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Şigehisa Kobaýaşini, şeýle hem “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

18.09.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti halkara ralliniň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy

2018-nji ýylyň 15-nji sentýabry. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ajaýyp taslamasy - “Amul - Hazar 2018” halkara awtorallisi üstünlikli tamamlandy. Şu gün agşam «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda awtomobil sportunyň ýyl ýazgysyna giren hem-de Türkmenistanyň geljekde hem sporty dünýä derejesinde ösdürmäge ýardam etmekde aýgytlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen awtomobil ýaryşyna gatnaşyjylaryň duşuşygynyň dabaraly çäresi geçirildi.

17.09.2018ý.

Giňişleýin