Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2018-nji ýylyň 16-njy fewralynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise käbir welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

05.03.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösüş görkezýär

2018-nji ýylyň ýanwar aýyna bagyşlanylan Hökümetiň mejlisinde wise-premýer G.Myradowyň habar berşi ýaly, geçen degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň ösüşiniň umumy möçberi boýunça ösüş depgini 3,8 göterim artdy. Tutuşlygyna milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça ýokary netijeler gazanyldy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary bellenilen çäklerde durnukly saklandy.

03.02.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 2-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri, döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

03.02.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň geçen ýylda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi hem-de ýerine ýetirilen degişli işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.

26.01.2018ý.

Giňişleýin