Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň wise-premýer-ministrini kabul etdi

31.05.2019

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň wise-premýer-ministri Ženiş Razakowy kabul etdi.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

31.05.2019

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Sergeý Rumasy kabul etdi.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

31.05.2019

2019-njy ýylyň 30-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

30.05.2019

2019-njy ýylyň 29-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Giňişleýin

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

30.05.2019

29.05.2019

Mähriban halkym! 
Eziz watandaşlar!

Şu ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 85-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Men bu taryhy waka bilen sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu Kararnama Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Bu Çözgüdi goldap, ýurdumyz bilen bir hatarda dünýäniň 21 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi. Pursatdan peýdalanyp, bu resminamanyň kabul edilmegine goşant goşan ähli ýurtlara minnetdarlyk bildirýärin.

Garaşsyz Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Sebäbi durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir.

Giňişleýin


«yza56789öňe»