Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

Mähriban halkym!
Berkarar döwletimiziň 
bagtyýar körpeleri!

Sizi tomus paslynyň ajaýyp günlerinde giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmunyny, aýratyn hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary döredijilik ruhuny özünde jemleýän bu halkara güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň eziz Watanymyzyň ýaş nesillerine buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

01.06.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 31-nji maýy. Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasyny we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine degişli meýilnamalary ýerine ýetirmegiň barşy, şeýle hem halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

01.06.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

2018-nji ýylyň 29-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi. Onuň dowamynda “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyna” garaldy, ählumumy ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýyny we dünýäniň energetika bazarynyň şertlerini nazara almak bilen, birnäçe möhüm ugurlar boýunça onuň görkezijileri kesgitlendi.

30.05.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Prezident maksatnamasyny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatyň möhüm wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

28.05.2018ý.

Giňişleýin