Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

06.07.2018

2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň 2018-nji ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Mejlisde Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy, hökümetiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň işleriniň netijelerine garaldy, degişli guramaçylyk meselelerine seredildi we ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Mejlise parlamentiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

06.07.2018

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Şu ýylyň birinji ýarymynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda döwletimiziň ählumumy ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek boýunça belli bir derejede işleriň amala aşyrylandygyny aýtmak isleýärin.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

04.07.2018

2018-nji ýylyň 3-nji iýuly. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodor Meleşkanu kabul etdi.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

03.07.2018

2018-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Giňişleýin

Hormatly Prezidentimiziň Akhan atly bedewi — Ginnesiň rekordlar kitabynda!

02.07.2018

2018-nji ýylyň 29-njy iýuny. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň durmuşynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çäksiz aladasy we ünsi netijesinde döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Ine, şu gün hem ýene-de bir gyzykly waka bolup geçdi. Ol nobatdaky gezek dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni meşhur ahalteke bedewlerine çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedew 10 metr aralygy çarpaýa galyp, hemmelerden çalt geçmegi başardy. Şeýlelikde, ol 2016-njy ýylda görkezilen öňki netijäni iki esse gowulandyrdy!

Giňişleýin


«yza5354555657öňe»