Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginleri ýanwar-fewral aýlarynda 6,2 göterime deň boldy

13.03.2018

Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berlişi ýaly, 2018-nji ýylyň iki aýynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,2 göterime, şol sanda senagat pudagynda 4,8 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 10,4 göterim, söwdada - 8,4 göterim, oba hojalygynda - 3,4 göterim we hyzmatlar ulgamynda - 10,1 göterim ýokarlandy.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

13.03.2018

2018-nji ýylyň 2-nji martynda Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da ge­çen iki aýyň do­wa­myn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri ba­ra­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň ha­sa­bat­la­ry diň­le­nil­di, şeý­le hem döw­let dur­mu­şy­nyň bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti: bir-biregi ýakynlaşdyrýan taslamalar sebitiň ýurtlarynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga giň ýol açýar

05.03.2018

Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan diwersifikasiýa ýoly bilen, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny köptaraply düzümleri döretmegiň hasabyna artdyrmak arkaly mawy ýangyjy eksport etmek boýunça tutumly işleri alyp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda aýtdy.

Giňişleýin

Täze transmilli desgalaryň gurluşygyna taryhy badalga berildi

05.03.2018

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar geçirildi. Olara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar.

Giňişleýin

TOPH taslamasynyň täze tapgyryna badalga berilmegine gabatlanyp, altyndan we kümüşden ýadygärlik şaýy pullary çykaryldy

05.03.2018

Taryhy wakanyň öňüsyrasynda--Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň öňýanynda Türkmenistanyň Merkezi banky her haýsysynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykardy. Täze şaýy pullar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy – Beýik Britaniýanyň “Royal Mint” zikgehanasynda ýasaldy.

Giňişleýin

«yza4748495051öňe»