Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin ýörite mejlisi

23.05.2018

2018-nji ýylyň 22-nji maýy. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Hökümetiň ýurdumyzda sporty ösdürmäge bagyşlanan giňişleýin ýörite mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine şu ýyl geçiriljek has möhüm ähmiýetli sport çärelerine görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler girizildi.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

23.05.2018

2018-nji ýylyň 21-nji maýy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de halkara çäreleri bilen baglanyşykly meýilleşdirilen meselelere garaldy.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti Köpetdagyň eteginden paýtagtymyzyň merkezine çenli welosipedli gezelenç etdi

21.05.2018

2018-nji ýylyň 19-njy maýy. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtynyň şaýollary boýunça welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň iş gününiň öňüsyrasynda başlan 30 kilometrlik welosipedli ýörişiniň ugry Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinden Aşgabadyň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdançasyna çenli dowam etdi.

Giňişleýin

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy

21.05.2018

2018-nji ýylyň 18-nji maýy. Şu gün Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz milli senenamamyzda şanly seneleriniň birini — Türkmenistanyň Konstitusiýanyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi belledi.

Giňişleýin

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyny berdi

21.05.2018

2018-nji ýylyň 18-nji maýy. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýörite taýýarlanan ýerde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.

Giňişleýin

«yza23456öňe»