Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

2019-njy ýylda ýurdumyzda iň gowy diýlip yglan edilen Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylaryna

Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Hormatly adamlar!

Men şu günki şatlykly waka — geçen 2019-njy ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady hem-de medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan we bäsleşikde ýeňiji diýlip yglan edilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligine bir million amerikan dollary möçberde pul baýragynyň gowşurylmagy bilen sizi we etrabyň ähli ilatyny tüýs ýürekden gutlaýaryn!

16.02.2020ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň geçen aýda ýerine ýetirilen işleriniň jemi jemlenildi hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.

14.02.2020ý.

Giňişleýin

Milli Liderimiziň baş şygary: «Döwlet adam üçindir!»

Şu gün, 12-nji fewralda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanylmagyna üç ýyl dolýar.

Türkmenistanlylaryň millionlarçasy ýurdumyzyň täze taryhynyň bu möhüm syýasy wakasyna gatnaşyp, geçirilen saýlawlarda milli Liderimize seslerini berdiler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň geçirýän giň gerimli özgertmelerini goldadylar. Bu çözgütde jemgyýetimiziň bir bitewi jebisligi, halkymyzyň döwlet Baştutanymyza ynamy hem-de täze üstünliklere we sepgitlere okgunlylygy öz beýanyny tapdy.

12.02.2020ý.

Giňişleýin