Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine döwlet durmuşynyň we paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri, oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy baradaky meseleler girizildi.

17.02.2020ý.

Giňişleýin

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine

BMG-niň Baş Assambleýasy 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata gatnaşyjylaryň BMG-niň Baş sekretaryna iberen Ýüzlenmesini özüniň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul etdi.

17.02.2020ý.

Giňişleýin

Milli Liderimiziň beýik maksatlary — halkymyzyň jebisliginiň özenidir

Fewral Watanymyzyň iň täze taryhynda aýlaryň seresidir. 2007-nji ýylyň fewralynda halkymyz giň bäsdeşlik esasynda geçirilen ählihalk demokratik saýlawlaryň barşynda täze pikir garaýyşly syýasatçyny — Gurbanguly Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlady.

2012-nji ýylyň fewralynda nobatdaky saýlawlar geçirilip, ýokary raýat işjeňligi, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda halkymyz öz erk-islegini beýan etmek bilen gaýtadan saýlanan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gülläp ösüş we rowaçlyk ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmäge taýýardygyny has-da ynamly görkezdi.

17.02.2020ý.

Giňişleýin