Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

19.04.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

19.04.2018ý.

Giňişleýin

Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

03.04.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 29-njy martynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda jemgyýetçilik-syýasy çäre — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň ýakynda geçirilen saýlawlarynyň jemlerine seredildi. Mundan başga-da, döwlet syýasatynyň içerki möhüm meselelerine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşyna garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.

03.04.2018ý.

Giňişleýin