Hazar Ykdysady Forum - Awaza 2019

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 19-njy oktýabry. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.

22.10.2018ý.

Giňişleýin

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň söwda we maýa goýumlar ministrini kabul etdi

2018-nji ýylyň 18-nji oktýabry. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid Bin Abdulla Al Kasabini kabul etdi.

19.10.2018ý.

Giňişleýin